Şu gün bu ýerde, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak atly III Bütindünýä maslahatynyň geçýän ýerinde, Sendaý şäheriniň Halkara merkezinde Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe bilen duşuşygy boldy. Ozal habar berlişi ýaly, düýn türkmen döwletiniň Baştutany bu ýurda iş sapary bilen geldi.
Premýer-ministr Sindzo Abe türkmen Liderini mähirili mübärekläp, bagyşlanan ählumumy foruma gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edendigi hem-de Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň möhüm meselelerini çözülmekde işjeň ornuna we täzeçe çemeleşmegine şaýatlyk edýän çuň mazmunly çykyşy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi. Şunda Ýaponiýanyň hökümetiniň baştytany öz ýurdunyň Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mündan beýläk-de ösdürmäge ýokary gyzyklanma bildirýändigini tassyklady, Ýaponiýa Türkmenistany möhüm hyzmatdaş hökmünde kabul edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüne bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden minnetdarlygyny beýan edip, Türkmenistanyň hem Ýaponiýa bilen däp bolan dostlukly, netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge, emele gelen netijeli gatnaşyklary ikitaraplaýyn görnüşde hem, iri halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa BMG-niň çäklerinde köptaraplaýyn görnüşde ösdürmäge ygrarlydygyny belledi.
Söhbetdeşligiň barşynda, türkmen Lideri we ýapon hökümetiniň baştutany Bütindünýä maslahatynyň gün tertibine degip geçmek bilen, Sendaýda geçirilýän şu gezekki forumyň halkara bileleşigini tolgundyrýan möhüm wezipeleriň çözgüdini işläp taýýarlamakda hem-de 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin bilelikdäki hereketiň täze maksatnamasyny kabul etmekde halkara tagallalaryny bileleşdirmekde uly ähmiýetini bellediler.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti we Ýaponiýanyň Premýer-ministri türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň gelejegi barada pikir alyşdylar we maýa goýumlaryny höweslendirmek, işewürlik düzümleriniň ugry boýunça netijeli gatnaşyklary diwesifikasiýa etmek ýoly bilen söwda-ykdysady gatnaşyklarynda köpugurly meýilnamalary durmuşa geçirmek üçin amatly şertleriň emele gelendigini bellediler. Bu babatda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetlerine, şeýle hem bilelikdäki işewürlik maslahatlaryna uly orun degişlidir, olar hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşlerini we ugurlaryny kesgitlemek üçin oňyn mümkinçilikleri döredýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan innowasiýa ösüşiň strategiýasyny durmuşa geçirmek bilen, milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak ýoluny ugur edinip, ýokary tehnologiýalar ulgamynda baý tejribä eýe bolan Ýaponiýa bilen gatnaşyklary giňeltmäge uly gizyklanma bildirýär, biziň ýurdumyz innowasiýa tehnologiýalaryny işjeň ornaşdyrmagy aýratyn ugur edinýär.
Şunuň bilen bagylykda, Ýaponiýanyň işewürler toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda öz orunlaryny giňeltmäge we dürli pudaklarda täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanýandyklary bellenildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň 13-nji martda Tokioda Ýaponiýanyň iri işewürlik toparlarynyň wekilleri bilen ertirlik nahary görnüşinde geçirilen duşuşygy hem şaýatlyk edýär. Türkmen Lideri ýokary tehnologiýaly, ylmy ugurly önümçilik ulgamynda dünýäde öňdäki orunlary eýeleýän belli kompaniýalaryň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň öňünde çykyş edip, hyzmatdaşlygyň bar bolan uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek boýunça ileri tutulýan ugurlary kesgitledi. Netijeli özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň mümkinçiliklerini içgin ara alyp maslahatlaşmaga öwrülen duşuşygyň barşynda ýapon hyzmatdaşlary bu gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça öz tekliplerini aýtdylar.
Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň giň uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň, şol sanda türkmen döwletiniň Baştutanynyň bu ýurda 2012-nji ýylda amala aşyran saparynyň barşynda baglaşylan şertnamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegi hem şaýatlyk edýär, şol saparyň jemleri boýunça Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda täze hyzmatdaşlyk baradaky Bilelikdäki Beýannama we beýleki resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Bilelikdäki Beýannamada şeýle hem taraplaryň tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak hem-de adamyň howpsuzlygy ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklarynyň beýan edilendigi aýratyn bellemeli ýagdaýdyr.
Söhbetdeşligiň çäklerinde türkmen Lideri we ýapon hökümetiniň Baştutany däp bolan medeni-gumanitar gatnaşyklaryna, döwletara hyzmatdaşlygynyň, iki ýurduň halklarynyň ýakynlaşmagyna ýardam berýän esasy şerti hökmünde möhüm orny degişlidigini bellediler. Häzirki wagtda bu ulgamda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy toplanylan baý tejribä daýanýar hem-de bilim, ylym we medeniýet, şeýle hem sport hem-de syýahatçylyk ulgamlary boýunça netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin iň amatly şertlere eýedir.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Premýer-ministr Sindzo Abe Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň özara ynama esaslanýan dostluk hem-de doly möçberli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny ýene bir gezek tassykladylar.