Şu gün Ýaponiýada iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak atly III Bütindünýä maslahatyna gatnaşmagynyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Mun bilen duşuşdy. Duşuşyk ählumumy forumyň geçirilýän ýeri bolan Sendaý şäheriniň Halkara merkezinde boldy.
Döwlet Baştutanymyz we BMG-niň Baş sekretary birek-biregi mähirli mübärekläp, Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine barha ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Bütindünýä maslahatynyň işine hut özüniň gatnaşýandygy üçin hoşallyk bildirip, jenap Pan Gi Mun Bitarap Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlykda işjeň ornuny belledi, bu bolsa biziň ýurdumyzyň döredijilikli başlangyçlarynda we häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgüdini tapmakda biziň ýurdumyzyň dünýä bileleşiginiň tagallalaryna goşýan saldamly goşandynda öz beýanyny tapýar.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen giň hyzmatdaşlyk ugruna ygrarlydygyny tassyklap, BMG-niň iri düzümleri hem-de ýöriteleşdirilen edaralary bilen ýola goýlan gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini belledi, bu düzümler bilen geçen ýyllaryň dowamynda we häzirki wagtda dürli ulgamlarda möhüm taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçirildi we geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýyl Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Rezolýusiýasy bilen berkidilen hemişelik bitaraplyk derejesiniň 20 ýyllygynyň bellenilýändigini aýdyp, biziň ýurdumyzyň parahatsöýüjilikli syýasaty yzygiderli durmuşa geçirmek bilen geljekde hem öz üstüne alan halkara borçnamalaryna üýtgewsiz ygrarly boljakdygyny beýan etdi.
BMG-niň Baş sekretary türkmen bitaraplygynyň sebitde parahatçylygy pugtalandyrmakda, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmekde özara ynamy berkitmekde örän möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu şanly sena gabatlanyp geçirilýän çärelere we dabaralara halkara derejesiniň berilmegi bellenilmeli ýagdaýdyr. Munuň özi şeýle hem Bitarap Türkmenistanyň dünýä derejesindäki belent abraýyna, türkmen Lideriniň alyp barýan oňyn daşary syýasat ugrunyň giň ykrarnama eýe bolandygyny şaýatlyk edýär, bu ugur bolsa ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilendir.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda häzirki döwrüň ýagdaýlaryny hem-de geljegi nazarda tutup, özara hyzmatdaşlyk etmegiň ileri tutulýan ugurlary barada gyzyklanma bildirilip, pikir alyşmalar boldy. Türkmen döwletiniň Baştutany we BMG-niň Baş sekretary Bütindünýä maslahatynyň gün tertibine ünsi çekip, onuň jemleriniň, ilkinji nobatda bolsa 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin täze Çarçuwaly maksatnamasynyň ählumumy durnukly ösüşiň we abadançylygyň maksatlaryna ýetmek üçin halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň ýurdumyzyň BMG-niň çäklerinde dünýä bileleşiginiň ählumumy wehimleri çözmek boýunça netijeli gurallary işläp taýýarlamaga çemeleşmelerinde tagallalary jebisleşdirmäge mundan beýläk-de işjeň gatnaşjakdygyny belledi.
Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz Bitarap Türkmenistan halkara derejesinde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde işjeň orny eýelemek bilen, oňyn başlangyçlaryň birnäçesini öňe sürdi, ol başlangyçlar Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň belent münberinden, şeýle hem beýleki möhüm forumlarda beýan edildi. Olaryň hatarynda ýer ýüzünde ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegine hem-de durnukly durmuş-ykdysady ösüşi ösdürmek üçin oňyn şertleri döretmäge gönükdirilen başlangyçlary görkezmek bolar. Bu babatda Türkmenistan BMG-niň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň, sebitde we ählumumy derejede hyzmatdaşlyk etmegiň, şol sanda tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak we olar barada öz wagtynda duýdurmak, olaryň ýetirýän zyýanynyň öňüni almak, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly täze dörän ýagdaýlara uýgunlaşmak maksadynda täsirli gurallary kemala getirmegiň tarapdary bolup çykyş edýär.
Hususan-da, biziň ýurdumyz tarapyndan BMG-niň howandarlygy astynda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça ýöriteleşdirilen düzümi – Sebit merkezini döretmek baradaky başlangyç öňe sürüldi, onuň üçin türkmen tarapy Aşgabat şäherinde zerur bolan düzümi bermäge taýýardygyny beýan etdi. Türkmenistan tarapyndan işlenip taýýarlanylan möhüm resminamanyň taslamasyny – Hazar deňzinide adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olary aradan aýyrmak boýunça hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşygy ýene bir mysal hökmünde getirmek bolar, geçen ýylyň sentýabr aýynda Astrahanda geçirilen Hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň IV sammitiniň jemleri boýunça beýleki resminamalar bilen bir hatarda bu ylalaşyga gol çekildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Sendaý şäherinde geçirilen şu gezekki Bütindünýä maslahatynda eden çykyşy ýokarda görkezilen meseleler toplumy boýunça Türkmenistanyň üýtgewsiz işjeň ornunyň tassyknamasy boldy. Ählumumy forumynyň gün tertibiniň möhümdigini bellemek bilen, milli Liderimiz tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçilikleriniň öňüni almakda, şeýle hem olaryň ýetiren zyýanyny ýok etmekde durnukly ösüş ulgamynda dünýä bileleşiginiň öňünde durýan umumy wezipeleri çözmek babatynda bilelikdäki işleri we tagallalary jebisleşdirmegiň maksada laýyk boljakdygyny aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen döwletiniň Baştutany we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary strategiki hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde ýola goýlan däp bolan Türkmenistan-BMG hyzmatdaşlygynyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.