Ï Türkmenistanyň Prezidenti “Itera” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti “Itera” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

view-icon 907
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Itera” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy I.Makarowy kabul etdi. Ol özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin Aşgabada geldi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza çäksiz hoşallygyny bildirdi we pursatdan peýdalanyp, ýakynda bellenip geçilen Halkara Nowruz baýramy bilen gutlady hem-de ähli türkmen halkyna bagt, abadançylyk, ösüşiň we rowaçlygyň ýolunda ýurdumyzyň öňe tarap üstünlikli ilerlemegini tüýs ýürekden arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda giňden tanalýan “Itera” bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň özara bähbitlere doly laýyk gelýän ynamly hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýandygyny kanagatlanmak bilen belledi. Milli Liderimiz kompaniýanyň bilelikdäki möhüm taslamalary, ilkinji nobatda, nebitgaz we gurluşyk ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary üstünlikli amala aşyrmagyň hasabyna türkmen-rus gatnaşyklaryny berkitmek işine goşýan goşandyna oňyn baha bermek bilen, Türkmenistanyň soňky ýyllarda ýola goýlan, uzakmöhletleýin geljegi nazarlaýan netijeli gatnaşyklaryň dowam etmegine hemmetaraplaýyn gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Duşuşygyň barşynda “Itera” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi hem-de täze işewür tekliplerini hödürläp, kompaniýanyň geljekde hem Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine başyny başlan giň gerimli özgertmelerini hem-de maksatnamalaryny amala aşyrmaga işjeň gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady.

Myhman daşary ýurt işewürleri üçin has oňaýly şertleriň döredilen ýerinde, geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini ýene bir gezek bellemek bilen, ýolbaşçylyk edýän kompaniýalar toparynyň özüniň baý tejribesini we täze tehnologik işläp düzmelerini bermäge hemişe taýýardygyny aýtdy.

I.Makarow bildirilýän gyzyklanma we berilýän goldaw üçin hoşallyk bildirip, “Iteranyň” geljekde hem üstüne alan borçnamalaryna takyk eýerjekdigini aýdyp, özüne ynanylan işlerde ähli görkezmeleri we tabşyryklary öz wagtynda hem-de ýokary hilli ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz we myhman hoşlaşanlarynda, birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, ähli başlangyçlaryň üstünlige eýe boljakdygyna hem-de ynanyşmak we özara bähbitlilik ýörelgelerinde guralýan hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etjekdigine ynam bildirdiler.