Ï Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

view-icon 750
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Singapur Respublikasynyň Prezidenti jenap Toni Tan Ken Ýama Türkmenistanyň halkynyň adyndan we hut öz adyndan Singapur Respublikasynyň birinji Premýer-ministri Li Kuan Ýunuň aradan çykmagy zerarly, gynanç hatyny iberdi.

“Li Kuan Ýu görnükli syýasatçy we döwlet işgäri bolup, Singapuryň hem-de onuň halkynyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda örän uly işleri bitirdi” diýlip, gynanç hatynda aýdylýar.

Türkmen döwletiniň Baştutany merhumyň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna, şeýle hem Singapuryň ähli halkyna ýürekden duýgudaşlyk we medet beriji sözlerini beýan etdi.