Ï Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýanyň Federal Kanslerine gynanç bildirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýanyň Federal Kanslerine gynanç bildirdi

view-icon 723
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Angela Merkele “A320” raýat uçarynyň heläkçilige uçramagy we bu heläkçiligiň ýurduň köpsanly raýatynyň pida bolmagyna getirendigi zerarly, gynanç hatyny iberdi.

Türkmen döwletiniň Baştutany şu agyr pursatda, Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ispaniýanyň Patyşasy Felipe VI “A320” raýat uçarynyň heläkçilige uçramagy we bu heläkçiligiň ýurduň köpsanly raýatynyň pida bolmagyna getirendigi zerarly, gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini aýtdy.