Şu gün, dynç gününde boş wagtlaryny at üstünde gezim etmegi, şol sanda sport bilen meşgullanmagy, täze kitabyň üstünde işlemegi özi üçin endige öwren milli Liderimiz agtygy bilen Köpetdagyň eteginde ýerleşýän atçylyk toplumyna geldi.
Ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan döwlet Baştutanymyzyň sportuň dürli görnüşleri, esasan-da, at münmek bilen meşgullanmagy adaty endige öwrüldi. Atçylyk toplumynda döwlet Baştutanymyz türkmen halkynyň dünýä beren milli gymmatlygy, ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty bilen içgin gyzyklandy. Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz ahalteke bedewlerine bagyşlanan eserleri döretdi. Bu gün hem hormatly Prezidentimiz türkmen atşynaslarynyň, gadymy seýisleriň bitiren hyzmatlary, ahalteke bedewleriniň ajaýyplygy bilen baglanyşykly maglumatlara ýüzlenip, “behişdi bedewler” hakyndaky eserini dowam etmäge meşgul boldy.
Bu ýerde hormatly Prezidentimiziň agtygy Kerim Berdimuhamedow atasynyň ýanynda bolup, ahalteke bedewleriniň şöhraty, türkmen atşynaslarynyň dünýä beren gymmatlygy barada gürrüň berýän kitaplar, dürli maglumatlar bilen gyzyklandy. Hormatly Prezidentimiz agtygy bilen ahalteke bedewleri, türkmen atşynaslarynyň we zehinli seýisleriniň dünýä beren milli gymmatlygy barada söhbet etdi.
Soňra Türkmenistanyň at gazanan уссат çapyksuwary, “behişdi bedewleriň” hakyky hossary we olara belent sarpa goýýan hem-de edim-gylymlaryna, hüý-häsiýetlerine belet hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agtygy bilen bedewleriň ýanyna bardy.
Milli Liderimiz baharyň joş alýan pursatlarynda Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Ahalteke atçylyk toplumynda agtygy bilen, ajaýyp ahalteke bedewini athanadan çykardy.
Döwlet Baştutanymyz agtygyna at çapmagyň inçe tilsimleri, eýerde ykjam oturmalydygy, jylawy tutmagyň usullary, çapyksuwaryň bedew bilen bir hörpden gopmalydygy, dem alşyň hem bedewiňki bilen sazlaşmalydygy barada öwüt-ündewleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz Garahan atly bedewe atlanyp, çapuw ýodasyna çykdy. Gözýetime çenli gözel görnüşe eýe bolan giňişlikde at çapyp barýan atasyny synlaýan agtygyň bu asylly käre bolan höwesini, buýsanjyny duýmak kyn däl.
Döwlet Baştutanymyz türkmen atlaryna aýratyn mähirli garamak bilen, asylly ýörelgäniň üstünlikli dowam etdirilmeginiň möhümdigini tekrarlaýar. Milli Liderimiz agtygy bilen bolan söhbetdeşlikde geçmişde türkmen bedewleriniň gazanan şöhraty, halkymyzyň durmuşynda eýeleýän orny barada gyzykly rowaýatlaryň üsti bilen gürrüň berdi. Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, ahalteke bedewleri ata – babalarymyzyň dünýä beren gymmatlyklarynyň has möhümleriniň biridir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň guwanjyna öwrülen ahalteke atlarynyň şöhratynyň dünýä dolmagy babatda yzygiderli işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda atçylygy ösdürmek boýunça uly işleriň geçirilmegi netijesinde, milli we dünýä medeniýetiniň gudraty hasaplanýan ahalteke bedewleriniň dünýä derejesindäki at-abraýy barha belende galýar. Ahalteke bedewiniň tebigy gözelligi we syratlylygy, wepalylygy, ösen aňy we täsin zehini şahyrlar hem-de suratkeşler üçin asyrlarboýy ylham çeşmesi bolup hyzmat edýär.
Milli Liderimiz çapuw ýodasyndan gaýdyp gelende, hormatly Prezidentimiziň agtygy atasynyň asylly ýörelgesine eýerip, Gerçek atly bedewe atlanyp, çapuw ýodasyna çykdy we ony öz erkine goýberdi. Bu görnüş agtygyň at çapmak ýaly örän çylşyrymly we jogapkärli hünäre bolan höwesiniň hem-de yhlasynyň netijesidir.
Mälim bolşy ýaly, gönüden-göni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda ýörite at çapyşyklarynyň guralmagy ýola goýuldy. Munuň özi ýaş ýetginjekleriň bedew münmäge, at çapmaga bolan gyzyklanmalaryny artdyrmak bilen bir hatarda, milli çapyksuwarlyk däpleriniň üstünlikli dowam etdirilmegini şertlendirýär.
At çapmaga uly höwesi bolan agtygynyň hereketine syn etmek ata üçin örän buýsançlydyr. Hormatly Prezidentimiz agtygynyň bedewe erk edişini, ony çapyşyny synlap, onuň erjelligine, yhlasyna guwandy. Bu duýgular ençeme asyrlaryň we müňýyllyklaryň dowamynda nesilleriň arabaglanyşygyny alamatlandyryp, bedewe bolan söýginiň hem-de sarpanyň nesilden-nesle geçip, olar üçin durmuş mekdebiniň möhüm sapaklarynyň birine öwrülýändigini aňladýar.
Onuň uçganaklap duran bedewe erjellik bilen erk edişi, aty öz erkine goýbermegi türkmen ilinde ähmiýetli hasaplanýan çapyksuwarlyk ýörelgeleriniň kämil derejede dowam edýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Şu ýerde döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy bilen behişdi bedewleriň halkymyzyň ileri tutýan milli ugurlarynyň düzüminde aýratyn orny eýeleýändigini nygtamaly. Häzirki wagtda Türkmenistanda atçylygyň milli medeniýetini täzeden dikeltmek we ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän ähli işler özgertmelere gönükdirilen bitewi syýasatdan gelip çykýar, şunda türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň öwrenilmegine hem-de aýawly saklanylmagyna uly ähmiýet berilýär.