Ï Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

view-icon 749
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Ohot deňzinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna getiren balykçylyk gämisiniň heläkçilige uçramagy zerarly gynanç hatyny iberdi.

Türkmen döwletiniň Baştutany gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini aýtdy.