Ï Türkmenistanyň Prezidenti Marokko Patyşalygynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Marokko Patyşalygynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

view-icon 667
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynda geçirilýän VII Bütindünýä suw forumyna gatnaşmagynyň barşynda Marokko Patyşalygynyň Premýer-ministri Abdelila Benkiran bilen duşuşdy.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirip, Türkmenistanyň Prezidenti we Marokko Patyşalygynyň Hökümmetiniň Baştutany bar bolan tejribeleri we köpugurly mümkinçilikleri nazara almak bilen, özara peýdaly hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň barşynda Abdelila Benkiran Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna ýokary baha berip, onuň Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygyň möhüm şertidigini belledi. Marokko Patyşalygynyň Hökümetiniň Baştutany döwlet Baştutanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden yzygiderli öňe sürýän we ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň üpjün edilmegine, ykdysady, durmuş we ekologiýa meseleleriniň çözgüdiniň çäklerindäki tagallalaryň utgaşdyrylmagyna gönükdirilen döredijilikli halkara başlangyçlaryny doly goldaýandygyny nygtady.

Gürrüňdeşligiň barşynda tutuş dünýäde ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmeginde möhüm şert bolup durýan bu wajyp ugurda dünýä bileleşiginiň tagallalaryny mundan beýläk-de utgaşdyrmagyň ýolunda wajyp ädimi alamatlandyrýan Bütindünýä suw forumynyň gün tertibine girizilen meseleler boýunça pikir alşyldy.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň doly möçberli döwletara gatnaşyklaryny ýola goýmaga bolan gyzyklanmalary aýan edildi we özara peýdaly hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary kesgitlendi. Maýa goýum, söwda-ykdysady, dynç alyş we syýahatçylyk ulgamlary hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary hökmünde görkezildi.

Gumanitar gatnaşyklary işjeňleşdirmek barada aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Premýer-ministri Abdelila Benkiran Türkmenistan bilen Marokko Patyşalygynyň arasynda medeni, ylym-bilim hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak we giňeltmek barada aýtdylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar türkmen-marokko gatnaşyklarynyň iki dostlukly ýurduň halklarynyň hoşniýetli erki we döwletara hyzmatdaşlygynyň bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri esasynda üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.