Ï Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy

view-icon 794
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy, onuň barşynda milli Liderimiz ýurdumyzyň Awtomobil sporty merkezine bardy we Aşgabadyň täze gurulýan binalarynyň birnäçesindäki işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Irden döwlet Baştutanymyz dikuçarda Aşgabadyň demirgazyk böleginde ýerleşýän ýurdumyzyň awtomobil sporty boýunça desgalar toplumyna geldi. Bu ýerde milli Liderimizi Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary garşyladylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Awtomobil sporty merkezindäki awtoulaglaryň görnüşleri, olaryň häsiýetnamalary, şeýle hem Merkeze gelip gowşan sport awtomobilleri bilen tanyşdy. Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň ýadawsyz tagallasy netijesinde ýurdumyzda sportyň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda awtomobil sporty hem uly ösüşe eýe boldy. Şonuň bilen birlikde welosiped sporty uly meşhurlyga eýe bolýar. Bu ugurda alnyp barylýan işler özüniň oňat netijesine berýär, muňa sportuň meşhur hem gyzykly görnüşleri bilen meşgullanmaga isleg bildirýän ýaşlaryň sanynyň barha artýandygy hem şaýatlyk edýär.

Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbie-sport hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmäge, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmaga, ilaty, ilkinji nobatda ýaşlary sport bilen yzygiderli meşgullanmaga çekmek meselelerine hemişe üns bermek bilen, döwlet Baştutanymyz watandaşlarymyza şahsy görelde görkezýär.

Milli Liderimiziň ýadawsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda sporty höweslendirmek we ösdürmek boýunça netijeli çäreler durmuşa geçirilýär. Degişli düzümleri döwrebaplaşdyrmak, sportuň täze görnüşlerini giňden wagyz etmek we ösdürmek boýunça iri möçberli maksatnamalara amala aşyrylýar.

Muňa häzirki wagtda Türkmenistanda bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň görlüp-eşidilmedik giň gerime eýe bolmagy, her ýyl aprel aýynda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” ady bilen umumymilli çäräniň geçirilmegi munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär, oňa türkmenistanlylaryň müňlerçesi – dürli ýaşdaky we hünärli adamlar uly ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar, sentýabr aýynda köpçülikleýin welosipedli ýörüşiň, şeýle hem ýol hereketiniň howpsuzlygynyň bir aýlygynyň guralmagy ilat arasynda uly ruhubelentlik bilen kabul edildi.

Bularyň ählisi Türkmenistanyň sport döwleti hökümindäki derejesiniň berkidilmegine, Watanymyzyň sport babatda dünýädäki abraýynyň ýokarlanmagyna ýardam berýär.

Merkeze baryp görmeginiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sport welosipedinde aýlanyp, ajaýyp taýýarlygyny we ussatlygy görkezdi. Döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ählisi Awtomobil sporty merkeziniň ýodajyklary bilen welosipetde aýlandylar.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna ýüzlenmek bilen, milli Liderimiz harby gullukçylaryň arasynda sportyu dürli görnüşlerini ösdürmegiň, şahsy düzümiň arasynda yzygiderli sport ýaryşlaryny geçirmegiň we ähli degişli meseleleri berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belledi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe raýatlarymyzyň saglygyny goramagyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz her bir bölümde sportuň dürli görnüşleri boýunça toparlary döretmegiň, bu işlere harby gullukçylaryň we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň işjeň gatnaşmaklarynyň möhümdigini aýtdy. Soňky ýyllarda welosiped sporty bilen meşgullanýan ýaşlaryň sanynyň barha artýandygyny kanagatlanmak bilen belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda netijeli işleri dowam etmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda aprel aýynda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we jemgyýetçilik – medeni çäreleriň biraýlygynyň geçirilmeginiň ähmiýeti barada aýtmak bilen, milli Liderimiz welosiped sporty bilen meşgullanýan ýaş türkmenistanlylaryň, harby gullukçylaryň we türgenleriň öz ussatlyklaryny yzygiderli kämilleşdirmegi we ýokarlandyrmagy üçin ähli zerur şertleriň döredilmeginiň zerurdygyny belledi.

Awtomobil sporty barada aýdylanda bolsa ýrdumyzyň ähli sebitlerinde, şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzüminiň arasynda ony ösdürmek üçin degişli çäreleriň geçirilmeginiň möhümdigini belledi.

Soňra milli Liderimiz bu ýerde görkezilýän sport ulaglaryny synlady. Bellenilişi ýaly, Awtomobil sporty merkezi üçin yzygiderli ýagdaýda täze ulaglar satyn alynýar, bu bolsa awtomobil sporty bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň sanynyň artmagyny şertlendirýär.

Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde Türkmenistanyň Sport-ulag merkezini awtomobil sporty boýunça halkara derejesinde guralýan ýaryşlaryň merkezine öwürmekde alnyp barylýan netijeli çäreleri bellemek gerek. Mälim bolşy ýaly, 2013-nji ýylyň sentýabr aýynda bu desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna köpsanly daşary ýurtly myhmanlar, hususan-da, Halkara awtomobil federasiýasynyň, iri awtomobil sporty kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, awtosport guramalarynyň hem-de Halkara awtoulag birleşiginiň wekilleri gatnaşdylar.

Şol gün hormatly Prezidentimiz ýedi belgili “Alfa Romeo” sport ulagynda bu ýerde guralan ýaryşlara gatnaşyp, ýokary netije görkezdi. Şondan ozal bolsa döwlet Baştutanymyzyň Volkicar sport awtoulagynda çykyş edip, ussatlyk görkezendigini ýatlamak ýerliklidir.

Bu gün bu ýerde sport ulaglarynda türgenleşik geçirildi.

Görkezilýän häzirkizaman ulaglaryň arasynda daşary ýurtly belli öndürijileriň elektrik energiýasynda işlemäge ukyply elektrokarlary bar. Awtomobilleriň esasy aýratynlygy – olaryň oňyn ekologiýa görkezijileridir.

Bu awtomobiliň esasy tehniki häsiýetnamalary we artykmaçlyklary bilen gyzyklanyp, döwlet Baştutanymyz Awtomobil sporty merkeziniň ýollary boýunça elektrokary sürüp aýlaw etdi. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary iş ýüzünde giňden ornaşdyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça Türkmenistanda daşky gurşawy goramaga, howanyň arassalygyny, adamlaryň durmuşy üçin aňyrbaş amatly şertleri üpjün etmäge gönükdirilen iri möçberli çäreleriň toplumy durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sport ulagyny sürmegi tamamlandan soň, ýurdumyzyň içeri işler ministri I.Mulikowa ekologiýa taýdan arassa bu ulagy ýurdumyza getirmek, mahabatlandyrmak we köpçülikleýin ulanmak bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmegi tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnanan ýolbaşçylara gözegçilik edýän düzümlerinde köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşmeklerini tabşyrdy hem-de olara alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz boýunça dikuçarda uçuşyny dowam edip, şäherimiziň dürli künjeklerinde alnyp barylýan işleri synlady. Häzirki wagtda Aşgabadyň çäklerinde dürli maksatly desgalaryň birnäçesiniň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň dikuçary paýtgatymyzyň demirgazyk künjeginden öwrüm etdi. Täze iri gurluşyk binalarynyň hatarynda Halkara howa menzilini görkezmek bolar. Mälim bolşy ýaly, bu desgalar toplumynyň birinji nobatdakysy eýýäm ulanmaga berildi. Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň häzirkizaman enjamlary bilen üpjün edilýän täze howa menzilinde önümçilik-dolandyryş gullugy, işgärler we ýolagçylar üçin ähli zerur şertler dörediler. Bu möhüm düzümleýin desgada gurluşyk işleri bellenilen möhletlerde we bildirilýän talaplara laýyk derejede dowam edýär.

Sagatda 1600 ýolagça hyzmat etmäge ukyply howa menzili bir wagtda islendik görnüşdäki we ýük göterijiligi bolan uçarlary kabul edip, olara halkara derejesinde hyzmaty ýola goýup biler.

Howa menziliniň taslamasyna laýyklykda, bu ýerde ýolagçy terminallarynyň üçüsi, 3800 metr uzynlygy bolan täze uçuş-gonuş zolagy, ugrukdyryjy ýodalary, howa gämilerini goýmak üçin niýetlenen ýerleri, howa hereketini dolandyryjy gullugyň binasyny gurmak göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyz guş uçar belentlikden şeýle hem Aşgabatda gurulýan we ulanmaga tabşyrylan köçeleri, estadaka awtomobil köprülerini synlady. Dünýäniň iň ösen şäherleriniň biri hökmündäki öz derejesini ynamly berkidýän Paýtagtymyzyň binagärlik keşbi gün-günden gözelleşýär.

Aşgabadyň etraplarynda gurluşyk we abadanlaşdyryş işlerine, gök zolaklaryň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Milli Liderimiz dikuçardan paýtagtymyzy ösdürmegiň 13-nji tapgyrynda gurluşygy dowam edýän desgalarda işleriň alnyp barlyşy bilen tanyşdy, şunda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine möhüm orun degişlidir.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň işewür düzümleri toplumlaýyn özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar we Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlandyrylmagyna mynasyp goşant goşýarlar. Aşgabadyň bu künjeginde dürli maksatly desgalar, aýratyn-da, ýokary amatly ýaşaýyş jaýlary, söwda we hyzmatlar ulgamyna degişli binalar gurulýar, köçeler, seýilgäh zolaklary abadanlaşdyrylýar.

Soňra döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň günorta böleginde bina edilýän desgalarda işleriň barşy, olaryň aýratynlyklary bilen gyzyklanyp, bu ýerde gurulýan Mejlisler merkezine geldi. Gurluşygyň ýanynda döwlet Baştutanymyzy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanşyp, binanyň bezeg aýratynlyklaryna ünsi çekdi. Şunda milli Liderimiz öňdebaryjy binagärlik we bezeg işleriniň iň oňat tejribesiniň ulanylmagyny, gurluşyk işleriniň ýokary hiliniň we bellenilen möhletinde tamamlanylmagyny üpjün etmäge berk gözegçiligiň zerurdygyny belledi.

Paýtagtymyzyň bu böleginde arassaçylygyň berjaý edilmegine ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz binalaryň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmalydygyny, gök zolaklaryň döredilmelidigini, häzirkizaman yşyklandyryş ulgamynyň oturdylmalydygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz şäheri abadanlaşdyrmak baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, paýtagtymyzyň etraplarynda degişli işleriň pes derejede alnyp barylýandygy üçin Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedowa nägileligini bildirip, bu ugurda amala aşyrylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak barada birnäçe tabşyryk berdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti gurluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam basan “Abadançylyk” binasynyň ýanyna geldi. Bu özboluşly desga paýtagytmyzyň bu künjeginiň gözelligini has-da artdyrdy. Şunuň bilen baglylykda, hususy kärhanalaryň milli ykdysadyýetimiziň ähli beýleki pudaklary bilen bir hatarda gurluşyk ulgamynyň ösdürilmegine hem barha uly goşant goşýandyklaryny bellemek gerek. Bu bina gönüden-göni milli Liderimiziň tabşyrygy esasynda ýerli gurluşykçylaryň gatnaşmagynda gurlan döwrebap desgadyr.

Bellenilişi ýaly, “Abadançylyk” binasy Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllyk baýramyna mynasyp sowgadyň özboluşly nyşanydyr. Onuň umumy beýikligi 47 metrdir. Desganyň ýokarsynda kepderiler bilen Ýer şarynyň şekili oturdylypdyr.

Bu çeper - binagärlik toplumy Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesinden gelip çykýan parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny alamatlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, Türkmenistanda durmuşa geçirilýän parahatçylyk söýüjilikli döredijilikli syýasaty alamatlandyrýan zeýtun şahajyklary binanyň keşbine özboluşly bezeg berýär.

Bu desganyň keşbinde milli binagärlik ýörelgeleri we öňdebaryjy binagärlik pikiri sazlaşýar. “Abadançylyk” binasynyň gurluşygynyň ýokary hilini üpjün etmegiň, şeýle hem onuň bezeginde milli öwüşgünleri giňden ulanmagyň möhümdigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz bu ugurdaky işleri göwnejaý derejede dowam etdirmek barada tabşyryk berdi.

Şeýle hem milli Liderimiz paýtagtymyzyň dürli künjeklerinde gurlan şunuň ýaly köpsanly binalar bilen birlikde, “Abadançylyk” binasynyň açylyş dabarasyny Aşgabat şäheriniň gününiň bellenilýän senesinde, 25-nji maýda guramagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Milli Liderimiz degişli ýolbaşçylara täze binalaryň açylmagy mynasybetli dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça çäreleri geçirmegi tabşyrdy, olar ýurdumyzyň baş şäheriniň iň ajaýyp künjeklerine öwrüler. Milli Liderimiz bu binanyň ýanynda dürli medeni çäreleriň geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz bu ýerde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň barşy, ýol işleri bilen tanşyp, ýerasty geçelgäniň bezeg aýratynlyklary bilen gyzyklandy.

Döwlet Baştutanymyz ýerasty geçelgeden geçip barşyna, şunuň ýaly desgalaryň bezeg aýratynlyklaryna, olarda ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň hiline we ýolagçylar üçin ähli şertleriň döredilmegine aýratyn ähmiýet bermek babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzy ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine, ýurdumyzyň baş şäherinde geçirilýän işleriň amala aşyrylmagyna döwrüň talaplaryna laýyklykda ýokary jogapkärçilikli çemeleşmegiň möhümdigini belläp, hemmelere öňde goýlan wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.