Ï Parahatçylygyň we döredijiligiň bähbidine doganlyk gatnaşyklarynyň däplerine eýerip
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Parahatçylygyň we döredijiligiň bähbidine doganlyk gatnaşyklarynyň däplerine eýerip

view-icon 632
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň çakylygy boýunça 24-nji aprelde Türkiýe Respublikasynda bir günlük iş saparynda bolar. Şu gün bu ýerde Birinji jahan urşunyň barşynda 100 ýyl mundan ozal bolup geçen Çanakgala (Dardanel bogazy) söweşiniň gahrymanlarynyň ýadygärliginiň hormatyna dünýäniň döwletleriniň we hökümetleriniň köpüsiniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda çäreler geçiriler.

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda okgunly ösýän türkmen-türk gatnaşyklarynyň netijeliligi köp babatda iki halkyň taryhy-medeni gatnaşyklary we ruhy umumylygy bilen berk baglaşan dostlukly halklaryň özara düşünişmeginiň we ynanyşmagynyň ýokary derejesi bilen şertlendirilendir. Türkmenistan we Türkiýe köp asyrlyk doganlyk däplerine ygrarlydyklaryny görkezip, bilelikdäki işiň baý tejribesini, milli ykdysadyýetleriň ägirt uly kuwwatyny we üstünliklerini nazara almak bilen, döwletara hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga özara gyzyklanma bildirýändiklerini äşgär edýärler.

Umumy taryha we däp-dessurlara eýe bolmak bilen, ýurtlaryň ikisi hem täze taryhy eýýamda medeniýet, bilim we ylym ýaly möhüm ulgamlarda täze many-mazmuna eýe bolan gumanitar hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hem aýratyn ähmiýet berýärler. Iki ýurduň ylym we medeniýet işgärleri Türkmenistanda hem-de Türkiýede geçirilýän ylmy maslahatlara işjeň gatnaşýarlar, Medeniýet günleri we türkmen we türk halklarynyň

amaly-haşam sungatynyň sergileri yzygiderli geçirilýär, meşhur döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda konsertler guralýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Rejep Taýyp Ärdoganyň pikirine görä, Türkmenistanyň we Türkiýäniň syýasy we ykdysady ösüşiň esasy meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakynlygy

ýa-da laýyk gelýänligi Merkezi Aziýada, Orta we Ýakyn Gündogar sebitlerinde parahatçylygy we özara düşünişmek ýagdaýyny üpjün etmekde, olaryň halkara bileleşiginiň bu ugurda edýän köptaraplaýyn tagallalaryna oňyn täsirini ýetirmekde uly ähmiýete eýedir.

Türkmenistan we Türkiýe abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýlekileriň çäklerinde ylalaşykly hereket edip, syýasy, ykdysady, energetika, ulag-üstaşyr we beýleki meseleler boýunça birek-biregiň halkara başlangyçlaryny hemişe goldaýarlar.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň

Türkiýe Respublikasyna şu sapary taraplaryň ikisiniň hem häzirki döwürde diňe bir özara bähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmäge däl, eýsem, tutuş sebitde parahatçylygy we hoşniýetli goňşuçylygy pugtalandyrmaga ýardam edýän köp asyrlyk dostluk we doganlyk däplerine ygrarlydygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüler.