Ï Türkmenistanyň Prezidenti Nepal Federatiw Demokratik Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Nepal Federatiw Demokratik Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

view-icon 796
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Nepal Federatiw Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Ram Baran Ýadawa köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine hem-de weýrançylyklara getiren ýer titremesi zerarly çuňňur gynanç bildirdi.

Türkmen döwletiniň Baştutany gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna tüýs ýürekden gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini, şeýle hem ejir çekenlere tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny beýan etdi.