Ï Ýeňiş güni mynasybetli dabaralar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýeňiş güni mynasybetli dabaralar

view-icon 944
Şu gün Türkmenistanda şanly sene – 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 70 ýyllygy giňden we dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde XX asyryň iň gazaply urşunyň söweş meýdanlarynda gaýduwsyzlyk bilen söweşip, edermenligiň we gahrymançylygyň deňsiz-taýsyz nusgasyny görkezen türkmenistanly gahrymanlar sarpalanýar.

Halklaryň umyt-arzuwlary, olaryň Beýik Ýeňşiň hatyrasynda çeken edermenlikli zähmeti öz beýanyny tapan bu nurana baýramçylyk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýan türkmen halkynyň durmuşynda aýratyn orun eýeleýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler biziň gaýduwsyz ildeşlerimize – 1941-1945-nji ýyllaryň urşunyň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlarymyza çäksiz minnetdarlygymyzyň, olara bildirilen sarpanyň aýdyň beýanydyr.


Şol gazaply uruşdan bäri köp ýyllar geçse-de, türkmen halky urşa giden gaýduwsyz ata-babalarymyzyň gahrymançylygyny, tylda galanlaryň zähmet edermenligini we maşgala ojaklaryny goran zenanlarymyzy, enelerimizi hemişe hatyralaýar. Olaryň durmuşy häzirki nesiller üçin gaýduwsyzlygyň mekdebine öwrüldi. Türkmenistanlylaryň öçmez-ýitmez zähmet edermenligi häzirki wagtda türkmen halkynyň garaşsyz hem bitarap türkmen döwletinde bagtyýar durmuşda ýaşaýandygynyň girewi boldy.

Ýurdumyzyň her bir raýatynyň mukaddes borjy mähriban topragymyzda höküm sürýän parahatçylygy we ylalaşygy gözüň göreji ýaly goramakdan, Watanymyzyň şöhratyny artdyrmakdan ybaratdyr. Wagtyň geçmegi bilen bu şöhratly baýram barha çuň many-mazmuna eýe bolup, nesilleri we halklary, biziň şu günki gazanýan üstünliklerimizi we mähriban topragymyzy basybalyjylardan goramak, onda parahatçylygy we asudalygy, özleriniň ýakynlarynyň hem-de geljekki nesilleriň parahat durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek üçin fronta giden türkmenistanly esgerleriň edermenligini baglanyşdyrýan mukaddeslik bolup hyzmat edýär.

Milli Liderimiziň baýramçylyk Gutlagynda adamzadyň taryhynda aýratyn ähmiýete eýe bolan, çäksiz guwanç we buýsanç duýgularyny döredýän Ýeňiş baýramynyň adamlaryň parahat, asuda we bagtyýar durmuşyny alamatlandyrýandygy bellenilýär. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly: “Bu ajaýyp baýram halklary ýakynlaşdyrýar, parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrýar....Arzyly maksada-şanly Ýeňşe bolan beýik ynam doganlyk halklar bilen birlikde, Türkmenistanyň halkyny hem sütemiň, zulumyň, gulçulygyň garşysyna adalatly we barlyşyksyz göreşde has-da jebisleşdirdi. Aradan onýyllyklaryň geçendigine garamazdan, gazaply uruş ýyllarynyň kalplarda yz goýan hasraty dünýä halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň kalbynda hem agyr ýatlamalar bolup ýaşaýar”.

... Ajaýyp däbe görä, ir säherden dünýäniň ähli halklarynyň häzirki we geljekki nesilleriniň ýagty geljegi üçin wepat bolanlary hatyralamak üçin “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň köp sanlysy ýygnandy. Hormat garawulynda türkmen halkynyň ajaýyp däplerini dowam etdirýän, gaýduwsyz ata-babalarymyzyň watançylyk sargytlaryny birkemsiz ýerine ýetirýän ýaş esgerler nyzama düzülipdir. Bu ýere ýygnananlaryň arasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Aşgabat şäheriniň we onuň etraplarynyň häkimleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, milli parlamentiň deputatlary, hormatly ýaşulular, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, daşary ýurtly myhmanlar bar.

Uruş weteranlary, şeýle hem tylda edermenlikli zähmet çeken adamlar bu çäräniň hormatly myhmanlary boldular. Ýadygärligiň öňündäki meýdançada weteranlar bilen bir hatarda mähriban topragymyzy, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we parahatçylygy goramak ynanylan türkmen esgerleri nyzama dur.

Mälim bolşy ýaly, her bir türkmen raýaty eziz Watanymyzy we mähriban topragymyzy goramagy özüniň mukaddes borjy hasaplaýar. Olar bu borjy birkemsiz ýerine ýetirmek üçin şirin janyny gurban etmäge taýýardyr. Adamzadyň parahat durmuşyna we ösüşine uly zyýan ýetiren XX asyryň gazaply uruş ýyllary bütin dünýäniň halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň kalbynda ýatlama bolup ýaşaýar. Urşuň başlanandygy baradaky habary eşidip, türkmenistanlylaryň müňlerçesi meýletinlik bilen urşa gitdiler. Olar geljekki nesilleriň parahat we bagtyýar durmuşy, adamzadyň azatlygy üçin beýleki doganlyk halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip söweşdiler.

Biziň watandaşlarymyzyň 1941-1945-nji ýyllaryň urşy döwründe görkezen söweş edermenligi, gahrymançylykly zähmeti watansöýüjişligiň we gaýduwsyzlygyň nusgalyk mekdebine öwrüldi. Bu urşuň ähli frontlarynda ildeşlerimiz gaýduwsyzlygyň, harby borjuna, ata Watana wepalylygyň ýokary belent nusgasyny görkezdiler. Olaryň arasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhammet Annaýew hem bar. Onuň durmuş ýoly türkmenistanlylaryň häzirki nesli üçin hakyky watançylygyň, gaýduwsyzlygyň, ruhubelentligiň, eziz Watanymyza hormat-sarpanyň we söýginiň beýik nusgasy bolup hyzmat edýär.


Parahatçylykly durmuşyň we tutuş adamzadyň azatlygynyň goragyna aýaga galan halklarynyň edermenligini, häzirki we geljekki nesilleriň ýagty geljeginiň hatyrasyna wepat bolanlary hatyralamak üçin şu gün ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen ugrady. Döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 70 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilen dabaraly çärelere gatnaşdy. Dabara tamamlandan soň, milli Liderimiz Aşgabada dolanyp geldi.

Adamzat taryhynda iň gazaply we rehimsiz uruşlaryň biriniň söweş meýdanlarynda görkezen gaýduwsyzlygy we edermenligi üçin biziň ildeşlerimiziň müňlerçesi söweşjeň ordenler we medallar bilen sylaglandy. Türkmenistanly esgerleriň köpüsi Gahryman diýen belent ada mynasyp boldy. Watanymyzyň azatlygyny we garaşsyzlygyny goran edermen we gaýduwsyz ata-babalarymyzyň şan-şöhraty mähriban halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy we “Hatyra” hem-de “Şöhrat” neşirlerinde ebedileşdirildi.

Häzirki wagtda Türkmenistanda 1941-1945-nji ýyllaryň uruş weteranlary döwletimiziň aýratyn aladasy bilen gurşalandyr. Muny gadymdan bäri özüniň gahrymanlaryna, mähriban topragymyzy gaýduwsyzlyk bilen goraýanlara uly hormat-sarpa goýan türkmenleriň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan däpleri talap edýär. Uruş weteranlarynyň hem-de şol gazaply kyrkynjy ýyllaryň kynçylyklaryny başdan geçiren raýatlarymyzyň oňat ýaşamagyny üpjün etmek Türkmenistanyň durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça uruş weteranlary, tylda zähmet çekenler we uruşda wepat bolanlaryň ýanýoldaşlary üçin berilýän köpsanly ýeňillikleriň netijesinde olaryň ähli amatlyklaryň hözirini görüp, bolýelin durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler döredildi. Her ýyl Beýik Ýeňiş mynasybetli uruş weteranlaryna we söweş meýdanlarynda wepat bolanlaryň ýanýoldaşlaryna dabaraly ýagdaýda gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar.

Öz nobatynda, uruş we zähmet weteranlary Watana wepaly gulluk etmegiň nusgasyny görkezýärler, jemgyýetimiziň mundan beýläk-de agzybir we jebis bolmagyna saldamly goşant goşýarlar, ýaş nesle parasatly sargytlar we öwüt-ündewleri berýärler, ýaş nesilde watançylyk, gahrymançylyk, gaýduwsyzlyk we edermenlik ýaly belent duýgulary terbiýelemek boýunça asylly işleri alyp barýarlar. Milli Liderimiziň türkmen halkyna iberen Gutlagynda bellenilişi ýaly: “Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy söýmegi, ynsan mertebesini belent tutmagy, ene-ata sarpa goýmagy ündeýän, ak ýürekli, lebzihalal, zähmetsöýer, belent ahlakly bolmagy wagyz edýän, hakyky watançylary terbiýelemekde görelde bolýan ýaşuly nesillerimiz biziň buýsanjymyzdyr”.

... Dabaraly çäräniň başlanýandygyny alamatlandyryp, Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Soňra halkymyzyň Watan üçin şirin janyny gurban eden gerçeklerimiz baradaky hakydasyny özünde jemleýän matam sazy ýaňlanýar.

“Baky şöhrat” ýadygärliginiň etegine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ajaýyp gül dessesi goýulýar. Soňra uruş weteranlary, Mejlisiň başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, minitsrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtly diplomatlar, şeýle hem edara-kärhanalaryň, guramalaryň köpsanly wekilleri, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda wepat bolan gahrymanlara çuňňur hormat-sarpanyň nyşany hökmünde ýadygärlige gül desselerini goýdular. Ýygnananlar bir minut dymmak bilen, Beýik Ýeňiş üçin şirin janyny gurban eden türkmen topragynyň şöhratly ogullaryny hatyraladylar.

Sanlyja minutyň içinde ýadygärligiň etegi ajaýyp gül desselerinden doldy. Hormat garawuly rotasynyň esgerleri ýadygärligiň öňünden dabaraly ýöräp geçýärler.


Häzirki döwürde Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny yzygiderli durmuşy geçirýär. 1995-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan türkmen döwletine berlen hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan döredijilikli daşary syýasat ugry türkmen halkynyň giň goldawyna mynasyp bolýar, şeýle hem ähli halkara jemgyýetçiliginiň ykrarnamasyna mynasyp boldy. Çünki, Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi türkmenistanlylaryň parahat we bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň kepili bolup durýar.

Ýurdumyzyň sebitdäki parahatçylyk döredijilik merkezi hökmünde ykrar edilmegi türkmen halkynyň iň gowy däpleriniň dowamatlylygynyň aýdyň beýanyna hem-de ata-babalarymyzyň edermenligine hormat-sarpanyň nyşanyna öwrüldi. Türkmen Lideriniň yzygiderli öňe sürýän başlangyçlary parahatçylygy pugtalandyrmaga, ählumumy howpsuzlygy üpjün etmäge, dünýäniň ýurtlarynyň we halklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga gönükdirilendir.

Beýik Ýeňşiň 70 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralary şu gün ýurdumyzyň ähli ýerlerinde giňden bellenilip geçilýär. Sabyrsyzlyk bilen garaşylan Ýeňiş gününi ýakynlaşdyrmak üçin wepat bolan gerçeklerimiz baradaky hakydany geljekki nesillere geçirmek türkmenistanlylaryň her biriniň mukaddes borjudyr. Biziň ählimiz türkmen halkynyň şöhratly ogullarynyň öňünde bergidardyrys. Şoňa görä-de, olaryň söweş meýdanlarynda, faşizme garşy görkezen edermenligi we gahrymançylygy baradaky ýatlamalary aýawly saklamak biziň borjumyzdyr.

Şanly senäniň baýramçylygy mynasybetli mähriban Diýarymyzyň ähli künjeklerinde şäherleriň we obalaryň ýaşaýjylary edermen Watan goragçylaryna hormat-sarpanyň nyşany hökmünde 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gaýduwsyz söweşip, wepat bolan Milli Gahrymanlarymyzyň hormatyna bina edilen ýadygärliklere gül desselerini goýdular. Welaýatlaryň we etraplaryň merkezlerindäki konsert meýdançalarynyň ählisinde döredijilik toparlarynyň çykyşlary guraldy.