Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň öňüsyrasynda paýtagtyň “Watan” we “Türkmenistan” kinokonsert merkezlerinde Aşgabat şäheriniň medeniýet müdirligi tarapyndan guralan çagalar sungat mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň çykyşlary bolup geçdi. Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň okuwçylarynyň uly hasabat konserti özüniň repertuarynyň baýlygy bilen tapawutlandy.
Baýramçylyk agşamynda geljekki saz ussatlary halk sazlaryny, Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen aýdymlary, häzirki zaman türkmen kompozitorlarynyň hor eserlerini ýerine ýetirdiler. Çary Nurymowyň, Aşyr Kulyýewiň, Sergeý Rahmaninowyň, Petr Çaýkowskiniň milli we daşary ýurt nusgary eserleri diňleýjileriň ünsüni çekdi. Orkestr tarapyndan uly hyjuw bilen ýerine ýetirlen Nury Halmämmedowyň “Aşgabat” eseri ak mermerli paýtagtyň senasy bolup ýaňlandy.
Hor toparlarynyň çykyşlary we K.Korçmarýowyň “Aldar Köse” baletinden Jahan Begnazarowanyň “Ýazgül” tansy konsertiň bezegine öwrüldi. Kamera orkestriniň ýerine ýetiren Karl Jenkensiň “Palladio” eseri, akkordeonçylaryň “Şasenem we Garyp” kinofilminden ýerine ýetiren sazlary tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.
* * *
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanyp geçirilýän döredijilik bäsleşiginiň jemini jemlemek dowam edýär. Ony Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Aşgabat şäheriniň Medeniýet müdirligi guraýarlar. Düzüminde Türkmenistanyň milli konserwatoriýasynyň we D.Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymlary bolan eminler topary pianinoçylaryň we çagalar sungat mekdepleriniň arasyndan iň gowularyny kesgitledi.
Hor toparlaryndan “Biz bagtyýar çagalar” (5-nji sungat mekdebi), “Saýrak bilbiller” (4-nji mekdep), horyň solistleri Göwher Annamyradowa (2-nji mekdep) we Hemra Hudaýberdiýew (4-nji mekdep) ýeňijiler diýlip yglan edildi. Solo eserlerini ýerine ýetiren pianiçolardan Aýgül Garryýewa we Erjel Ýazmyradow (1-nji mekdep), Liliýa Milihina (2-nji mekdep), duetlerde – Sülgün Esenowna we Kirill Lebedew (1-nji mekdep) bäsleşigiň ýeňijileri boldular.
Öňde ýaş skripkaçylaryň we dutarçylaryň bäsleşigi bar. Bäsleşigiň jemleýji tapgyry “Maslahat köşgünde” geçiriljek 21-nji maýda gala konsertde jemlener.