Ï Gadymy türkmen şäheri Merw – türki dünýäsiniň medeni merkezi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gadymy türkmen şäheri Merw – türki dünýäsiniň medeni merkezi

view-icon 1423
Şu gün Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynda “Gadymy Merw – türki dünýäsiniň medeni merkezi” atly halkara ylmy maslahatyň açylyş dabarasy boldy. Bu maslahat Mary şäheriniň 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegine bagyşlanan çäreleriň çäklerinde gpeçirilýär.

Foruma gatnaşmak üçin bu ýere Türkiýäniň, Russiýa Federasiýasynyň (Tatarystan, Başkortostan), Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň, Makedoniýanyň we beýleki ýurtlaryň edebiýatçylary, medeniýeti we sungaty öwrenijileri, taryhçylary, arhitektorlary, arheologlary we medeni-gumanitar ulgamynyň beýleki wekilleri geldiler.

Drama teatrynyň öňündäki baýramçylyk lybasyna beslenen meýdançada myhmanlary onuň artistleri garşylap, türkmen halkynyň meşhur taryhy şahsyýetleriniň şekilinde edebi – sahna kompozisiýasy bilen çykyş etdiler. Teatryň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergide foruma gatnaşyjylara amaly-haşam sungatynyň eserleri, kümüşden ýasalan şaý-sepler, häzirkizaman türkmen suratkeşleriniň suratlary görkezildi. Serginiň kitap bölümi bu ýere gelenlerde uly gyzyklanma döretdi. Bu bölümde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Beridmuhamedowyň eserleri – milli baýlygymyz bolan ahalteke bedewleri, halylar barada gürrüň berýän kitaplary, “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ensikloppediýasy, şeýle hem gadymy döwürlerden bäri biziň günlerimize çenli Mary welaýatynyň durmuşy barada gürrüň berýän ylmy-köpçülikleýin edebiýat goýlupdyr.


Maslahatyň açylyş dabarasynda çykyş eden alymlar türkmen topragynda şeýle iri halkara forumynyň geçirilmeginiň türkmen halkynyň medeniýeti, däp-dessurlary, sungaty baradaky bilimleri has-da giňeltmäge mümkinçilik berjekdigini nygtadylar. Munuň özi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda örän gysga döwrüň içinde ähli ulgamlarda okgunly ösüş gazanyp, uly halkara abraýyna eýe bolmagy başaran döwlet hökmünde Türkmenistana dünýä bileleşiginiň gyzyklanmasynyň artýandygy bilen şertlendirilendir.

Myhmanlar türki halklaryň medeni mirasyny aýawly saklamakda tejribe alyşmak babatda döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, dürli ýurtlarda ýaşaýan we dürli taryha eýe bolan bu halklaryň bitewi kökleri bilen birleşendigini we gatnaşyklaryň mundan beýläk-de dowam etdirilmeginiň möhümdigini, çünki munuň medeniýetleriň özara baýlaşmagyna ýardam edýändigini bellediler. Türkmenistan halklaryň arasyndaky dostluga, doganlyga aýratyn gymmatlyk hökmünde garaýar. Medeni-gumanitar ulgamdaky netijeli gatnaşyklar şu gymmatlyklaryň möhüm bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda Mary şol gatnaşyklaryň özboluşly nyşany bolup hyzmat edýär.

Soňra maslahata gatnaşyjylar mowzuklaýyn bölümlerde işlemegi dowam etdiler. Bu maslahatlar Mary welaýatynyň kitaphanasynda hem-de taryhy-ülkäni öwreniş muzeýinde geçirildi. Bu muzeýiň täsin gymmatlyklaryň saklanýan ýeridigini bellemelidiris. Şol gymmatlyklaryň arasynda köpsanly arheologiki tapyndylar hem bar. Olaryň aglabasy gadymy Marguş ýurdunyň gymmatlyklarydyr. Bu zatlaryň köpüsiniň ýaşy dört müň ýyldan hem geçýär. Häzirki wagtda muzeýiň gaznalarynda gymmatlyklaryň 40 müňden gowragy – türkmen halkynyň taryhynyň, medeniýetiniň we sungatynyň ýadygärlikleri saklanýar. Muzeýiň bölümlerinde gadymy milli lybaslar, ajaýyp halylar, senetçileriň kümüşden ýasan şaý-sepleri, birmahallar gülläp ösen siwilizasiýalaryň ýerinde arheologlar tarapyndan ýüze çykarylan gadymy medeniýetiň genji-hazynalary, öý goşlary, ülkäniň taryhy baradaky resminamalar we beýleki zatlar hem bar.

Bölümleriň mejlislerinde Gadymy Merwiň taryhyna degişli çykyşlar edildi. Şäher gurluşygynyň özboluşly keşbi we milli öwüşgünlere eýe bolan döwründäki binagärlige uly üns berildi. Şol döwürde bu ýerdäki binalaryň käbiri Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän beýleki ýurtlardaky desgalaryň umumy keşbine meňzeş bolupdyr. Munuň özi Marguşyň Hindistan, Hytaý, Mesopotamiýa, Müsür we beýleki döwletler bilen işjeň hem-de medeni gatnaşyklarynyň ösendigine şaýatlyk edýär.

Çykyş edenler golýazma çeşmeleri, esasan hem arap we pars golýazmalary barada gyzykly maglumatlary getirdiler. Olarda Maryda ýaşap geçen, Gündogaryň köp ýurtlarynda meşhur bolan beýik alymlaryň – astronomlaryň, matematikleriň, fizikleriň, dilçileriň we edebiýatçylaryň, taryhçylaryň atlary ýatlanylýar.

Agşam teatryň sahnasynda türki ýurtlaryň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti boldy. Sahnada Türkiýeden gelen aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde Ýunus Emräniň eserleri boýunça gündogar aýdymlary, şeýle hem türkmen milli sazlary ýaňlandy. Olary türkmen halkynyň geçmişini häzirki güni bilen baglanyşdyrýan saz tarlarynyň kümüş sapaklary bilen deňeşdirmek bolýar.

Ertir, forumyň işiniň jemleýji gününde maslahata gatnaşyjylar “Gadymy Merw” döwlet taryhy medeni goraghanasyna baryp görerler. Bu goraghananyň täsin ýadygärlikleri UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi we bütin dünýäniň alymlarynyň, jahankeşdeleriniň we syýahatçylarynyň üns merkezinde durýar.