Ýurdumyzyň dünýä ýüzündäki abraýynyň has-da belende galmagy, onuň ähli babatlarda ösüşlere beslenmegi ugrunda tagallasyny gaýgyrmaýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň her bir güni, her bir pursatlary beýik rowaçlyklara beslenýär. Döwlet Baştutanymyzyň dürli ugurlar boýunça giň göwrümli eserleri döredýändigi hemmelere mälimdir. Milli Liderimiziň paýhasyndan kemal tapan düýpli çeper we ylmy kitaplar dünýäniň dürli dillerine terjime edilip, giň okyjylar köpçüligine elýeterli boldy. Täze eserleri döretmek arkaly hormatly Prezidentimiz milli gymmatlyklaryň giňden wagyz edilmegine ajaýyp mümkinçilikleri döredýär.
Ine, bu günem döwlet Baştutanymyz täze kitaplaryň üstünde işlemegini dowam etdi.
Milli Liderimiziň täze eserleriň üstünde işlemeginde aýratyn many bar.
Häzirki döwürde ýurdumyzda gönüden-göni hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ähli ugurlar bilen bir hatarda medeniýet we sungat ulgamlarynyň yzygiderli ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda giň möçberli maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär, täze eserler döredilýär.
Hormatly Prezidentimiziň agtygynyň tomusky dynç alyş möwsüminde atasynyň ýanynda bolup, peder nesihatlaryny diňlemegi, ondan köp zatlary öwrenmegi agtyk üçin has ähmiýetli boldy. Şeýle hem Kerimguly atasyna dutarda täze öwrenen sazlaryndan çalyp berdi.
Hormatly Prezidentimiz medeniýet ulgamyna degişli täze kitaplaryny tamamlan pursatlarynda agtygynyň çalan sazlaryny diňläp, onuň dutara erk edişine, milli saz dünýäsine aralaşýandygyna buýsandy.
Döwlet Baştutanymyzyň bu gün “Türkmen medeniýeti” we “Ile döwlet geler bolsa” atly täze kitaplaryny ýazyp tamamlady. Bu kitaplar Lebap welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeligine we ýurdumyzda 27-nji iýunda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe mynasyp sowgat bolar. Bu şanly senä gabatlanylyp hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milletimiziň köp müňýyllyk medeni mirasyna, döwletimiziň medeniýet babatdaky syýasatynyň möhüm ugurlaryna bagyşlanan ajaýyp eserleri bu ugurda amala aşyrylan işleriň üstüni ýetirer.
Hormatly Prezidentimiz asyrlaryň dowamynda türkmen medeniýetinde bagşylaryň ornuny, halypaçylyk däpleriniň dowamatlylygyny we dürli döredijilik mekdepleriniň döremegini şöhlelendirýär.
Mälim bolşy ýaly, Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilen 2015-nji ýylda ýurdumyzda we dünýäniň birnäçe döwletlerinde türkmen Bitaraplygynyň 20 ýyllygy giňden dabaralandyrylýar.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Rezolýusiýasy bilen berkidilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna we onuň türkmen halky üçin ähmiýetine bagyşlanan eser döredýär.
Ýeri gelende aýtsak, şu ýyl gönüden-göni milli Liderimiziň tagallasy bilen işlenip taýýarlanan “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň kabul edilen senesine 20 ýyl dolýar. Şu mynasybetli ýurdumyzda giň möçberli halkara derejesindäki dabaraly çärelere giň gerim berler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz şu günler türkmen tebigatynyň ösümlik dünýäsiniň melhemlik güýjüne bagyşlanan “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ägirt uly ylmy işiniň nobatdaky 7-nji kitabyny tamamlamak ugrunda netijeli işleri alyp barýar.
Bu düýpli ylmy işiň ozal neşir edilen 6 kitaby daşary ýurtlarda, ilkinji nobatda, ylmy toparlarda giň meşhurlyga hem-de ýokary ykrarnama eýe boldy. Biziň ýurdumyzda bolsa ol diňe bir giň okyjylar köpçüliginiň arasynda däl, eýsem, dürli lukmançylyk ugurlarynyň hünärmenleri, ilkinji nobatda, derman senagatynyň işgärleri üçin gymmatly gollanma öwrüldi.
Bu neşiriň 7-nji kitabynyň çap edilmegi Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe hem-de “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň 20 ýyllygyna bahasyna ýetip bolmajak sowgat bolar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we ýolbaşçylygy esasynda işlenip taýýarlanylan “Saglyk” Döwlet maksatnamasy ata-babalarymyzyň bu ugra degişli kämil usullaryny hem-de häzirki zamanyň ösen tejribesini özünde jemleýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda öngdürilýän derman serişdeleriniň onlarça görnüşiniň bolsa ilatyň arasynda uly islegden peýdalanýan ýerli dermanlyk otlardan, melhemlik ösümlikleriň köklerinden we miwelerinden taýýarlanandygyny aýratyn bellemeli.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe millli Liderimiziň döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli ugurlaryny öz içine alýan düýpli eserleri döretmegi ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän şanly wakalaryň dabaralanmagyna, döwlet ösüşiniň geljekki ugurlarynyň kesgitlenmegine, şeýle hem milli gymmatlyklarymyzyň rowaçlanmagyna gönükdirilen asylly işleriniň üstünliklere beslenýändigini alamatlandyrýar. Dürli ugurlar boýunça düýpli ylmy işleri we çeper eserleri döretmegi özüniň durmuş kadasyna öwren hormatly Prezidentimiziň galamynyň astyndan çykýan ilhalar eserleriniň höwri köp bolsun.