Amyderýanyň kenarynda festiwal öwüşginlerine beslenen Medeniýet hepdeligi tamamlaýjy tapgyra gadam basdy—şu gün bu ýerde Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň güni bellenildi.
Uly baýramçylyk çäresiniň dürli öwüşginleri Türkmenistanyň ägirt uly medeni mümkinçiliklerini, halkymyzyň milli mirasynyň özboluşlylygyny hem-de işjeň döredijilik gatnaşyklary we alyşmalary üçin täze mümkinçilikleri açyp görkezýän köp dürli wakalary öz içine aldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmen medeniýeti” we “Ile döwlet geler bolsa...” atly täze kitaplarynyň tanyşdyryş dabarasy şol günleriň ähmiýetli wakalarynyň biri boldy.
Hepdeligiň çäklerinde Halkara sungat sergisi ýaýbaňlandyrylyp, teatr sahnalarynyň we türkmen dokumental filmleriniň görkezilişi, şygryýet agşamy we ylmy maslahat, opera spektaklynyň ilkinji gezek görkezilmegi, ýurdumyzyň we beýleki döwletleriň tanymal aýdymçylarynyň gatnaşmagynda ýatdan çykmajak konsertler boldy.
Medeniýet hepdeliginiň çärelerine ýurdumyzyň döredijilik işgärleriniň ýüzlerçesi: ýurdymyzyň ähli welaýatlaryndan suratkeşler we amaly-haşam sungatynyň ussatlary, ýazyjylar we kinoçylar, teatr we kino artistleri, aýdymçylar, döredijilik toparlary, çeper höwesjeňler toparlary, şeýle hem daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen üçünji gezek geçirilýän giň gerimli çäre öz wezipesini ýerine ýetirdi: Türkmenistanda bolup geçýän medeni çärelere täze depgin we kuwwatly itergi bermek, döredijilik işgärleriniň hünär taýdan kämilleşmegine, sungatyň görnüşleriniň köpdürliligini ösdürmäge, bu ulgamda medeni diplomatiýany we halkara gatnaşyklaryny giňeltmäge ýardam etmek maksady bilen, şol çäreleri giňden beýan etmek wezipesini abraý bilen ýerine ýetirdi.
Her ýyl geçirilýän çäräniň derejesi we aýratyn möhümligi onuň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilmeginde we oňa gatnaşmagynda öz beýanyny tapýar. Milli Liderimiz jemgyýetiň ruhy taýdan ösmeginde, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösmeginde, ýurdumyzyň dünýä giňişliginde abraýynyň artmagynda medeniýete aýratyn ähmiýet berýär. Bu 2013-nji ýylda “Awazada”, 2014-nji ýylda Daşoguzda, ynha, indi bolsa, Medeniýet hepdeligi-2015-iň myhmansöýer meýdançasyna öwrülen Türkmenabatda hem şeýle boldy.
Şu gün, Lebap welaýatyna iş saparynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe bagyşlanan we Türkmenabat şäheriniň “Bitaraplyk” seýilgähinde geçirilen baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy.
Bu gün agşam bu ýere Medeniýet hepdeligine we Halkara sungat sergisine gatnaşyjylar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar, köpsanly ýerli ýaşaýjylar ýygnandylar. Olaryň arasynda Mejlisiň başlygy, Türkmenistanyň hökümetiniň agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem bar.
Bu ýere ýygnananlar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistany ösüşiň täze belentliklerine çykaran ägirt uly özgerişlikleriň başyny başlaýjy we ruhlandyryjysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy garşylaýarlar.
Aýdym-sazly çykyşlar başlamazdan öň, döwlet Baştutanymyz durky düýpli täzelenenden soň, düýn açylyş dabarasy bolan “Bitaraplyk” seýilgähini synlady.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz daşary ýurt saparlarynyň barşynda beýleki ýurtlaryň dynç alyş düzümi, hususan-da, seýilgäh toplumlary bilen tanyşlyga aýratyn üns berýär. Adamlara dynç alyş we ýaşaýyş şertlerini döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň şertlerinde peýdaly işläp düzmeleri ulanmak boýunça anyk maslahatlar we görkezmeler şäher giňişliginiň durmuş we ekologiýa üpjünçiligini guramakda iň gowy daşary ýurt tejribesine gyzyklanmanyň netijesi bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyz döwrebap şäherleriň we şäherlileriň durmuşynda seýilgähleriň möhüm ornuny belläp, ozaly bilen, gök zolaklaryň ekologik wezipesine aýratyn üns berýär.
Bag-seýilgäh dizaýnynyň, ösümlikler bezeginiň tärlerini başarnykly peýdalanmak şäher gurşawynyň estetiki we ekologik gözelligini döretmek üçin zerur şert bolup durýar diýip, milli Liderimiz bu ugruň paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan şähergurluşyk özgerişlikleriniň gerimini nazara almak bilen, ýurdumyzda ýokary hünär derejesinde ösüşe eýe bolmalydyr diýip belleýär.
Soňky döwürde türkmen şäherleriniň we obalarynyň keşbi çalt depginlerde özgerýär. Täze desgalaryň taslamasy işlenip taýýarlananda olaryň ýanaşyk ýerlerini bagy-bossanlyga büremek, seýilgähleri gurmak bildirilýän talaplaryň biri bolup durýar.
Türkmenabadyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň eýýäm göz ýetirişi ýaly, tanalmaz derejede özgeren seýilgäh zolagynda göwnejaý dynç almak we ilkinji nobatda, çagalaryň wagtyny gyzykly geçirmegi üçin ähli şertler döredildi. “Dinozawrlaryň seýilbagy” we milli taryhymyzyň meşhur binagärlik ýadygärlikleriniň maketleri ýerleşdirilen meýdança çagalary dürli döwürlere syýahat etmäge çagyrýar.
Dürli attraksionlaryň arasynda boýy 40 metr bolan “synlaýyş halkasy” aýratyn tapawutlanýar. Onuň kejebelerinden ösýän we gözelleşýän şäheriň keşbini synlap bolýar. Agşam seýilgäh has-da gözel görnüşe eýe bolýar.
Iki gektara ýaýylyp gidýän emeli köl seýilgähiň tebigy gözelligi bolup durýar. Onuň gujagynda katamaranlarda gezelenç edip bolýar. Kölüň ýanynda saýha meýdançasy ör boýuna galýar, ol şu gün belli türkmen artistleriniň—ussat we ýaş estrada aýdymçylarynyň, ýurdumyzyň sahnasynyň parlak ýyldyzlarynyň—milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň, belli tans toparlarynyň hem-de Diýarymyzyň ähli welaýatlaryndan gelen döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda ajaýyp baýramçylyk şowhunynyň merkezine öwrüldi.
Döwlet Baştutanymyzyň konserte tomaşa etmegi aýdymçylary has-da ruhlandyryp, olara ähli zehinlerini, kalbyny öz sungatlaryna siňdirmäge ýardam etdi.
Bu ýerde halk aýdymlary, häzirki zaman owazlary, belent buýsanç duýgusyny döredýän söýgi, watançylyk, aýdymlary ýaňlandy. “Näzli” we “Meňli”, “Serpaý”, “Dokmaçylar”, “Dehistan”, “Galkynyş”, “Miras” belli tans toparlarynyň ýerine ýetirmeginde görkezen ajaýyp çykyşlar dabara öwüşgin çaýdy.
Joşgunly küşt depdi tansy umumy şowhuna öwrülip, onuň jadylaýjy owazynda öz bagtly ykbalyny gurýan türkmen halkynyň jebisliginiň ajaýyp nyşanyny duýmak bolýar.
“Dünýäň beýik Lideri siz Arkadag” diýen jemleýji aýdymyň setirleri hut şolar barada, biziň şatlykly baýramçylyklarymyz we ýurdumyzdaky ähli özgerişlikleriň başyny başlaýjy milli Liderimiz barada bolup, ol köp sanly tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmagynda konserte gatnaşyjylar tarapyndan bilelikde ýerine ýetirildi.
Aýdymyň sazy türkmenistanlylaryň kalbynda orun tutup, biziň öz ýurdumyza, onuň döredijilik we ösüşiň belentliklere tarap batly gadamlaryna bolan buýsanjymyzy has-da artdyrdy.
Dürli öwüşginli, baýramçylyk konsert maksatnamasy halkymyzy birleşdirýän we ruhlandyrýan, kalplara röwşen maksatlary ornaşdyrýan sungatyň beýik güýjüniň hormatyna atylan dabaraly salýut bolup ýaňlandy.
Medeniýet—bu her bir adama öz halkynyň, öz beýik ýurdymyzyň bir bölegi bolup durýandygyny duýmaga mümkinçilik berýän ylham joşguny bolup durýar. Ol nesilleri birleşdirip, ýaşlary halkymyzyň asyrlar boýy sünnälän we däp-dessurlarynda, mirasynda aýawly saklan öçmejek gymmatlyklarynda terbiýeleýär.
Milli medeni baýlygymyzy aýawly saklamagyň zerurlygy barada aýtmak bilen milli Liderimiz bu işiň geçmişi däl-de, geljegi nazarlaýandygyny belleýär. Biziň mirasymyz diňe ylmy, taryhy-medeni, etnografik işleriň maksady bolman, eýsem, her bir nesliň egsilmejek ruhy çeşmesi bolup durmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, Medeniýet hepdeligi ýaly halkara derejesindäki iri çäreleriň yzygiderli guralmagyna aýratyn orun degişlidir. Geljek ýyl bu çäre Mary welaýatynda geçiriler. Hormatly Prezidentimiz şu gün geçiren Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde bu baradaky Karara gol çekdi.
...Agşam Türkmenabadyň asmanyny dürli öwüşginlere beslän ajaýyp feýerwerk dabarany jemläp, şäheriň üstüne dürli reňkli uçgunjyklary ýaýratdy.
Konsert tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden Türkmenabat şäheriniň howa menziline bardy we uçaryna münüp, paýtagtymyz Aşgabada tarap ugur aldy.