Ï Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat döwlet ministrini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat döwlet ministrini kabul etdi

view-icon 703
Lebap welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat döwlet ministri Daýşiro Ýamagiwa bilen duşuşyk geçirdi. Ol Aşgabatda geçiriljek türkmen-ýapon işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin öz ýurdunyň uly wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana geldi.

Duşuşyk ikiçäk görnüşde başlandy. Myhman ikiçäk söhbetdeşlikde döwletara hyzmatdaşlygynyň gyzyklandyrýan käbir ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmen döwletiniň Baştutanyna Ýaponiýanyň Imperatorynyň we Premýer-ministriniň adyndan salam aýdyp, iň oňat arzuwlaryny beýan etdi hem-de milli Liderimizi Türkmenabat şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeligine gabatlanan Medeniýet we sungat işgärleriniň güni bilen gutlady.

Jenap Daýşiro Ýamagiwa baýramçylyk dabaralaryna çagyrylmagynyň we bu beýik şatlygy dostlukly türkmen halky bilen paýlaşmagyň özi onuň üçin uly hormatdygyny belledi. Türkmen halky ata-babalaryň gadymy milli däplerini we baý ruhy mirasyny hormatlamak babatda ýapon halkyna ýakyndyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýapon wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň üsti bilen Ýaponiýanyň ýokary ýolbaşçylylygyna iň oňat arzuwlaryny aýtdy hem-de Türkmenistanyň häzirki wagtda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn işjeňleşdirmäge hem-de özara bähbitlere laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykarmaga bolan gyzyklanmasyny tassyklady.

Men Ýaponiýa bolan resmi saparymy aýratyn mähir bilen ýatlaýaryn diýip, türkmen döwletiniň Baştutany belledi hem-de Tokioda ýokary derejede geçirilen netijeli gepleşikleriň soňky ýyllarda barha ösdürilýän döwletara gatnaşyklarynda täze tapgyryň başyny alamatlandyrandygyny kanagatlanma bilen nygtady.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň hem-de Ýaponiýanyň bu gün uzak geljege niýetlenen strategiki hyzmatdaşlardygyny, şoňa görä-de, Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmagyň Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň, wajyp ugry bolup durýandygyny nygtady hem-de munuň köp babatda ozaldan gelýän dostluk däpleri we ägirt uly serişde hem-de ykdysady kuwwat bilen berkidilen, bar bolan işewür bähbitler, iki ýurduň biri-biriniň üstüni ýetirýän milli ykdysadyýetleri bilen şertlenendigini belledi.

Soňra duşuşyk giňeldilen düzümde—Ýaponiýanyň uly wekiliýetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdi. Wekiliýetiň düzüminde dostlukly ýurduň döwlet we hususy ulgamynyň wekilleri bar.

Gyzyklanma bildirilip geçirilen ara alyp maslahatlaşmanyň barşynda uzakmöhletleýinlik we özara bähbitlilik ýörelgelerinde ýola goýulýan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmäge degişli meseleleriň giň toplumyna garaldy. Hususan-da, Türkmenistany mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen täze bilelikdäki taslamalary we maýa goýum maksatnamalaryny durmuşa geçirmek arkaly ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hyzmatdaşlygyň geljegi has uly ugurlarynyň hatarynda ýangyç-energetika we ulag-aragatnaşyk toplumlary, saglygy goraýyş, himiýa senagaty, senagat we beýleki ulgamlar görkezildi. Şu ugurlarda özara bähbitleri peýdalanmak has netijeli görünýär.

Garaşylyşy ýaly, bu ulgamlarda gatnaşyklary giňeltmek baradaky has jikme-jik gürrüňler işewürlik maslahatynyň hem-de ýurdumyzyň aýry-aýry ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary bilen meýilleşdirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň çäklerinde dowam eder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ве ýapon wekiliýetiniň ýolbaşçysy Daýşiro Ýamagiwa ýapon kompaniýalarynyň gaz pudagyny ösdürmäge has giňden gatnaşmagy üçin hemme mümkinçilikleriň bardygyny beýan etdiler. Iri energetika döwleti hökmünde Türkmenistan gaz pudagyny kämilleşdirmäge ileri tutulýan ähmiýet berýär.

Şunuň bilen baglylykda, Hazar deňziniň kenarynda ýerleşen Gyýanly şäherçesinde gazhimiýa toplumynyň gurluşygynyň taslamasynyň eksport-karz agentlikleri tarapyndan maliýeleşdirilýän Ýewropanyň we Ýewraziýanyň 2014-nji ýylyň iň gowy taslamalaryň biri hökmünde ýakynda “TXF” /Beýik Britaniýa/ guramasynyň ýörite baýragyna mynasyp bolandygy bellenildi. Iň döwrebap ýokary tehnologiýaly bu ägirt uly senagat desgasynyň gurluşygyny maliýeleşdirmäge Ýaponiýanyň maliýe-bank düzümleri hem gatnaşýar.

Ýokary tehnologiýaly ýapon enjamlaryny ornaşdarmagy nazarda tutup, oba hojalygynda özara gatnaşyk etmegiň geljegi hem aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy.

Sebitiň ýurtlarynyň Ýaponiýa bilen hut oba hojalyk ulgamynda has ýygjam hyzmatdaşlygyny ýola goýmagynyň Türkmenistanyň esasy başlangyçlarynyň birine öwrülendigini bellemek gerek. Türkmenistan 2015-2016-njy ýyllar döwür üçin “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” Gatnaşyklarynda başlyklyk ediji döwlet hökmünde saýlanyldy.

Myhmanlar türkmen Lideriniň döwrüň wajyp meselelerini çözmegiň has oňaýly ýollaryny tapmaga gönükdirip, öňe sürýän netijeli başlangyçlarynyň ählisini goldaýandyklaryny aýdyp, Ýaponiýanyň Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek üçin Türkmenistan bilen mundan beýläk-de bilelikde tagalla etmäge hemmetaraplaýyn taýýardygyny nygtadylar.

Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat döwlet ministri dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň milli Liderimiz tarapyndan alnyp barylýan döwlet ösüşiniň täzeçillik maksatnamalaryna we iri möçberli özgertmelerine ýokary baha berýändiklerini hem-de Türkmenistan bilen köpýyllyk netijeli gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge gyzyklanýandyklaryny aýtdy. Ony ösdürmek üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan “açyk gapylar” syýasaty hem-de ýurtda döredilen, geljegi uly türkmen bazaryna daşary ýurtly hyzmatdaşlary barha köp özüne çekýän amatly maýa goýum ýagdaýy oňat şert döredýär.

Türkmenistan tarapyndan görülýän çäreler milli ykdysadyýetiň ýokary ösüş depginlerini diňe bir saklamaga mümkinçilik bermän, eýsem, ýurdy daşary ýurtly, şol sanda ýaponiýaly maýadarlar üçin has-da özüne çekiji edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýapon işewurliginiň elektroenergetika we ulag pudaklarynda täze maýa goýum taslamalaryna, hususan-da, Lebapda täze döwrebap elektrobekedini gurmak hem-de Aşgabat-Awaza ugry boýunça ýokary tizlikli demir ýoluny çekmek boýunça taslamalara gatnaşmaga taýýardygy barada aýdyldy. Munuň özi Türkmenistan tarapyndan başy başlanan we ýaýbaňlandyrylan ulag ulgamlarynyň toruny döretmek başlangyjyny göz öňünde tutanyňda örän wajypdyr. Ol diňe ýurdumyz we sebit üçin däl, eýsem, umuman, yklym üçin uly ähmiýete eýedir.

Jenap Daýşiro Ýamagiwa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerine hem-de ony işjeňleşdirmegiň netijeli gurallaryny tapmaga, şol sanda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon toparyny döretmek başlangyjynyň, şeýle hem dürli derejedäki yzygiderli duşuşyklary we işewürlik maslahatlaryny geçirmegiň hasabyna netijeli gurallary tapmaga berýän aýratyn ünsi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi. Şol duşuşyklarda we işewürlik maslahatlarynda türkmen Lideriniň başyny başlan öňdebaryjy tehnologiýalara we innowasion işläp düzmelere ähmiýet berilýän iri möçberli maksatnamalaryna we taslamalaryna ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Şunuň bilen baglylykda, myhman birnäçe esasy ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça özara bähbitli teklipleri ara alyp maslahatlaşmaga bildirilen gyzyklanma kanagatlanma bildirdi.

Ara alyp maslahatlaşmanyň çäklerinde ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn senagatlaşdyrylmaga alnan ugruny hem-de şunuň bilen baglylykda, ýapon hyzmatdaşlarynyň innowasion işläp taýýarlamalaryny we tehnologiýalaryny çekmek üçin döreýän mümkinçilikleri nazarda tutup, Türkmenistanda köppudaklaýyn we köpugurly ykdysadyýeti döretmek meselelerine aýratyn üns berildi. Ýapon hyzmatdaşlarynyň ýokary hilli önümlerine ösen ýurtlaryň ençemesinde köpden bäri uly isleg bildirilýär.

Döwlet Baştutanymyz ýapon tarapynyň wajyp taslamalary, şol sanda halkara ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmek hem-de maliýeleşdirmek arkaly Türkmenistanyň depginli durmuş-ykdysady ösüşine goşýan uly goşandyny nygtap, ýurdumyzyň iki dostlukly halkyň ýakynlaşmagyna hyzmat edýän ykdysady we medeni aragatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlarynyň arasynda Ýaponiýanyň Türkmenistanyň esasy söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridigini belläp hem-de soňky ýyllarda bilelikde işlemegiň toplanan baý tejribesini göz öňünde tutanyňda döreýän mümkinçiliklere oňyn baha berip, giň halkara hyzmatdaşlyga ygrarly Türkmenistanyň hyzmatdaşlyk etmek hakynda, şol sanda esasy dünýä bazarlary tarapyndan bar bolan islegleri içgin öwrenmegiň hem-de ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyply önümlerini döretmegiň zerurlygy bilen baglylykda, has köp talap bildirilýän ýokary hünär derejeli menejment babatda gelip gowuşýan ähli gyzykly täze tekliplere garamaga we olary düýpli öwrenmäge hemişe taýýardygyny nygtady.

Milli Liderimiz hem-de ýapon wekiliýetiniň agzalary iki ýurduň döwletara haryt dolanyşygynyň möçberlerini yzygiderli ýokarlandyrmaga wajyp ähmiýet berýändigini belläp, ozal ýokary derejede gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň, Türkmenistanyň hem-de Ýaponiýanyň hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn diwersifikasiýalaşdyrmaga bolan özara goldawyň we gyzyklanmalaryň milli ykdysadyýetleri pugtalandyrmagyň, dünýäniň maliýe-ykdysady çökgünliginiň ýaramaz netijelerine bilelikde garşy durmagyň iň oňat usuly boljakdygyna ynam bildirdiler.

Milli Liderimiz gepleşikler tamamlanandan soň, Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe şu ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesini kabul etmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli şanly dabaralaryň çäklerinde geçiriljek halkara maslahatyna gatnaşmaga çakylygy gowşurdy, şeýle hem hyzmatdaş ýurtlaryň milli bähbitlerine laýyk gelýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň has netijeli görnüşlerini işläp taýýarlamaga gönükdirilen bilelikdäki işewürlik maslahatynyň çäklerinde geçiriljek işewür gepleşiklerde üstünlik arzuw etdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de myhmanlar birek-birege ýagşy arzuwlaryny aýdyp, iki ýurduň we olaryň dostlukly halklarynyň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklarynyň hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.