Ï Türkmenistanyň Prezidenti “Sifal” fransuz kompaniýasynyň baştutanyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti “Sifal” fransuz kompaniýasynyň baştutanyny kabul etdi

view-icon 726
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Sifal” meşhur fransuz kompaniýasynyň prezidenti, baş direktory jenap Žil Remini kabul etdi.

Myhman söhbetdeşlige berlen wagt üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen mähirli we tüýs ýürekden gutlady hem-de milli Liderimize berk jan saglyk, täze taryhy eýýamyň beýik maksatlaryny durmuşa geçirmekde egsilmez güýç-kuwwat arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, ähmiýetli milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaş hökmünde özüni görkezen “Sifalyň” goşandyny belledi.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we jenap Žil Remi Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary hem-de bilelikde işlemegiň toplanan tejribesi babatda köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň geljegi barada özara pikir alyşdylar. Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda ýangyç-energetika toplumy, gurluşyk düzümleri, ulag pudagy agzaldy.

Kompaniýanyň ýolbaşçysy türkmen döwletiniň Baştutanyna hyzmatdaşlygy ösdürmek, şol sanda nebitgaz pudagynda iri taslamalary durmuşa geçirmek boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişiniň barşy barada habar berdi hem-de “Sifal” kompaniýasynyň öz üstüne alan borçnamalaryny mundan beýläk-de pugta ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.

Myhman Türkmenistana dünýäniň iri we hususan-da, Ýewropa işewürleri tarapyndan bildirilýän barha artýan ägirt uly gyzyklanma barada aýdyp, munuň depginli ösýän ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady kuwwaty hem-de döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy bilen baglydygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Sifal” kompaniýasynyň Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly tejribä we mümkinçilige eýedigini belläp, iri möçberli özgertmeler maksatnamalaryny amala aşyrmaga mundan beýläk-de işjeň gatnaşjakdygyna ynam bildirdi hem-de ýurdumyzyň dünýäniň, şol sanda innowasion tehnologiýalara hem-de köp pudaklary üstünlikli ösdürmegiň baý tejribesine eýe bolan ösen bazar ykdysadyýetli ýurt – Fransiýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen hem netijeli aragatnaşyklary ýola goýmaga we pugtalandyrmaga doly gyzyklanýandygyny nygtady.

Jenap Žil Remi ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna bildirilýän ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu meşhur fransuz kompaniýasynyň ýöriteleşen birnäçe wajyp ugurlarda Türkmenistan bilen uzakmöhletleýin, özara bähbitli işewür hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge ymtylýandygyny nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we jenap Žil Remi ynanyşmak we özara bähbitlilik ýörelgelerinde netijeli gatnaşyklary dowam etmäge ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýändigine kanagatlanma bildirdiler.