Ï Türkmenistanyň Prezidenti Uçarmansyz uçýan enjamlar merkeziniň işine ak pata berdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Uçarmansyz uçýan enjamlar merkeziniň işine ak pata berdi

view-icon 923
Şu gün ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Içeri işler ministrligine degişli täze bina edilen Uçarmansyz uçýan enjamlar merkezine geldi. Merkeziň ýanyndaky meýdançada ýurdumyzyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew döwlet Baştutanymyza hasabat berdi.

Ýurdumyzyň içeri işler ministri I.Mulikow Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa Uçarmansyz uçýan enjamlar merkeziniň işe başlamaga taýýar edilendigi barada hasabat berdi.

Soňra milli Liderimiz bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmasy astynda toý bagyny kesiip, merkeziň baş binasyna girdi.

Bu ýerde hünärmen binanyň eýwanynda oturdylan monitor arkaly merkezde alnyp barylýan işler bilen tanyşmak mümkinçilginiň bardygyny aýtdy. Görnüşi ýaly, merkeziň çäginde ýerine ýetirilýän işler, uçarmansyz uçýan enjamlary ýasamak, olary uçurmak, enjamlara degişli serişdeleri taýýarlamak bilen baglanyşykly işler toplumlaýyn esasda alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz merkez bilen tanyşlygyň barşynda uçarmansyz uçýan enjamlar, olaryň görnüşleri hem-de enjamlary taýýarlamagyň aýratynlyklary, olaryň çyzgylary bilen içgin gyzyklanýar. Bu ýerde işleýän hünärmen merkezde uçarmansyz uçýan enjamlar, olaryň görnüşleri hem-de bu enjamlaryň häsiýetli aýratynlyklary barada ýörite çyzgylaryň, suratlaryň we beýleki serişdeleriň üsti bilen gürrüň berdi. Hünärmen gürrüňini tamamlap, netijeli işlemek we başarnygyňy açyp görkezmek babatda merkezde ähli zerur şertleriň döredilendigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sag bolsun aýtdy we Merkeziň şahsy düzüminiň öz öňünde goýlan wezipelere abraý bilen hötde gelmek ugrunda ähli tagallalaryny, tejribelerini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Milli Liderimiz merkeziň tikinçilik bölümine bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz bölümiň enjamlaşdyrylyşy, merkezde işleýän harby gullukçylar üçin taýýarlanýan lybaslar, olaryň görnüşleri bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyz bu ýerde taýýarlanýan harby lybaslaryň we beýleki serişdeleriň harby gullukçylar üçin ykjam bolmalydygyny, olaryň ýerli howa şertlerine laýyk gelmelidigini hem-de döwrüň talabyna laýyk biçüwiniň bolmalydygyny tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow merkeziň radioelektron bölümi bilen tanyşlygyň barşynda uçarmansyz uçýan enjamyň her bir şaýlary, olaryň häsiýetli aýratynlyklary we döwrüň ösen talabyna laýyk gelýändigi bilen içgin gyzyklandy. Hünärmen bu ýerde ýasalýan enjamlaryň halkara ülňülerine we ýokary hil derejesine laýyk gelýändigi, olaryň dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň radioelektron ulgamlary bilen enjamlaşdyrylýandygy barada giňişleýin gürrüň berdi.

Şeýle hem hünärmen hormatly Prezidentimizi uçarmansyz uçýan enjamlaryň görnüşleri, olaryň her bir şaýlarynyň ýasalyş aýratynlygy, enjamlary taýýarlamakda ulanylýan gurallar hem-de olary taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilýän çyzgylar bilen tanyşdyrdy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde görkezilen serişdeler, çyzgylar, olaryň şaýlary bilen içgin gyzyklanyp, bu enjamlaryň ýokary hilli bolmagy we uzak wagtlap hyzmat etmegi ugurnda ähli tagallalaryň görülmelidigini tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow binadan çykyp, Uçarmansyz uçýan enjamlar merkeziniň ýörite meýdançasynda Içeri işler ministrliginiň düzümlerinde işjeň ulanylýan tehnikalaryň birnäçe täze görnüşleri bilen tanyşdy. Olaryň hatarynda ministrligiň dürli düzümlerinde ulanylýan awtoulaglar, ýangyn söndürijiler, harby gullukçylaryň meýdan şertlerinde bolmagyny üpjün edýän ýöriteleşdirilen tehnikalar we beýlekiler bar.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ähli düzümlerinde bolşy ýaly, Içeri işler ministrliginiň gulluklarynyň iş netijeliligini ýokarlandyrmak, düzümiň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we bu ugra dünýäniň ösen tehnologiýalaryny we kämil tehnikalaryny ornaşdyrmak babatda döwletimiziň yzygiderli alada etjekdigini aýtdy.

Soňra Merkeziň serkerdesi Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowdan uçarmansyz uçýan enjamlaryň bu ýerde taýýarlanan ilkinji nusgalarynyň synag uçuşyny amala aşyrmaga ak pata bermegi haýyş etdi. Döwlet Baştutanymyzyň ak patasy bilen merkezde taýýarlanylýan enjam asmana göterildi.

Hünärmen uçarmansyz enjama birikdirilen wideokameranyň düşürýän şekillerini bu ýerde oturdylan monitorda görup bolýandygyny habar berdi. Milli Liderimiz uçarmansyz uçýan enjamyň düşürýän şekillerini synlady we enjamyň haýsy belentlikden uçýandygy, onuň uçuşynyň dowamlylygy bilen gyzyklandy.

Hünärmen uçarmansyz uçýan enjamyň dürli belentlikde hereket edip bilýändigini, onuň kömegi bilen zerur maglumatlary we şekilleri alyp bolýandygyny, iň esasy bolsa, enjamy islendik ýerde oňa berkidilen ýörite abzal arkaly gonduryp bolýandygyny habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz uçarmansyz uçýan enjamyň uçuş belentligini, onuň maglumat beriş netijeliligini synlap, bu mümkinçilikleriň hatarynda ýol hereketiniň, ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçiligi mysal getirdi, şeýle hem bu işleri yzygiderli ösdürmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz merkeziň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak, uçarmansyz uçýan enjamlary Içeri işler ministrliginiň we beýleki harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümlerinde bolşy ýaly, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda netijeli peýdalanmak bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz geljekde bu enjamyň maglumatlaryny Türkmenistanyň “TürkmenÄlem 520 E” milli emeli hemrasynyň işi bilen utgaşdyrmak boýunça meseleleri öwrenmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak, hususan-da, ýokary netijeliligi bolan GPS ulgamyny peýdalanmak babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Paýtagtymyzda Uçarmansyz uçýan enjamlar merkeziniň işläp başlamagy hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 27-nji iýunynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisinde elektron senagatyny döretmek babatda öňde goýan wezipeleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändigini alamatlandyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň tutuş halk hojalyk toplumyny has-da ösdürmek üçin milli elektron senagatyny döretmek babatda öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Häzir ykdysadyýetiň pudaklaryny elektron tehnikalaryny we ýokary tehnologiýalary peýdalanmazdan ösdürmek mümkin däldir diýip, milli Liderimiz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz bu merkezde işlemek üçin ýurdumyzyň degişli ýokary okuw mekdeplerinde täze radioelektron ugur boýunça hünärleriň açylmagy babatda degişli tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz bu ýerde “Asuda asman” atly uçarmansyz uçýan enjamyň ilkinji nusgasyna gol çekdi we belent mertebeli myhmanlar üçin nietlenen Kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.