Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň ýedi aýynda geçiren işleriniň jemlerine garaldy.
Milli Liderimiz mejlisiň çäklerinde harby we hukuk goraýjy düzümleriň ýolbaşçylarynyň şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler hem-de olaryň ýolbaşçylyk edýän ministrlikleriniň we edaralarynyň işini netijeli guramak, maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek, şeýle hem işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabatlaryny diňledi.
Mejlisde ilkinji bolup, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew hasabat bilen çykyş edip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna MHM-nyň 2015-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda alyp baran işleri hem-de döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan harby özgertmeleri amala aşyrmagyň ýolunda gazanylan üstünlikler barada habar berdi. Şol özgertmeler milli goşunymyzy has-da berkitmäge, hünärli harby işgärleri taýýarlamaga, şeýle hem harby gullukçylaryň göwnejaý gulluk etmegi we ýaşamagy üçin amatly şertleriň döredilmegine gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň asudalygynyň goragynda duran harby we hukuk goraýjy düzümleriň takyk, sazlaşykly işini üpjün etmek, şeýle hem türkmen halkynyň wagyz edýän ynsanperwerlik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanan goranyş häsiýetli Harby doktrynanyň düzgünlerine eýermek maksadynda bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmagyň möhümdigini belledi.
Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy M.Yslamowa söz berildi. Ol mähriban Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň goralmagyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işler, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, harby tertipnama laýyklykda serhetçiler öz borçlaryny ýerine ýetirmäge uly jogapkärçilik bilen çemeleşýärler hem-de gury ýerde we deňizde döwlet serhediniň eldegrilmezligini üpjün edip, gije-gündiziň dowamynda eserdeňlik bilen gözegçilik edýärler. Şeýle hem Döwlet serhet gullugynyň başlygy häzirki döwürde milli Liderimiziň tagallasy bilen, serhet galalaryny döwrebaplaşdyrmak, olaryň täzelerini, serhetçiler üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmak işleriniň güýçli depginde alnyp barylýandygyny, serhet galalarynyň we serhetçileriň maşgalalaryna niýetlenilen döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň birnäçesiniň gurlup gutarylandygyny aýdyp, hormatly Prezidentimizi olaryň açylyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy.
Milli Liderimiz eziz Watanymyzyň goragynda duran serhetçileriň üstüne ýüklenen wezipäniň örän jogapkärlidigini belläp, serhet gullugynyň ähli bölümlerinde işleriň sazlaşykly guralmagynyň, şeýle hem harby gullukçylaryň göwnejaý gulluk etmegi we ýaşamagy üçin şertleri has-da gowulandyrmagyň, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň möhümdigini aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz gurlup ulanmaga berilýän serhet galalarynyň we ýaşaýyş jaýlarynyň açylyşy mynasybetli dabaralary guramak, olary degişli derejede geçirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra goranmak ministri B.Gündogdyýew ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa giň gerimli harby reformany we onuň çäklerinde geçirilýän düýpli özgertmeleri ilerletmegiň barşy hakynda habar berdi.
Milli Liderimiz milli goşunymyzyň goranyş kuwwatyny güýçlendirmegiň möhümdigini belläp, geçirilýän harby özgertmeleriň ähli ugurlaryna, şol sanda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goşunlarynyň ähli kysymlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge we kämilleşdirmäge, hünärli harby işgärleriň taýýarlanmagyna, şeýle hem Watan goragçylarynyň gullugyny üstünlikli alyp barmagy, göwnejaý dynç almagy üçin oňaýly şertleriň döredilmegine deň derejede üns bermegi tabşyrdy.
Milli goşunymyzyň ygtyýarlygyna gelip gowuşýan harby tehnikalary aýawly saklamak we olary netijeli peýdalanmak bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, gözegçilik edýän düzümlerinde birnäçe kemçiliklere ýol berendigi üçin, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň goranmak ministry B.Gündogdyýewe berk käýinç berdi we degişli resminama gol çekdi.
Soňra Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikowa söz berildi. Ol şu ýylyň ýedi aýynda IIM-niň alyp baran işleriniň netijeleri hem-de ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini saklamak we düzgün bozmalaryň, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak we ähli ýerlerde ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, görülýän çäreler, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň paýtagtymyzda we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ulaglaryň sazlaşykly hereketini üpjün etmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Şeýle hem I.Mulikow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ekologiýa kadalarynyň ýokary derejesini üpjün etmek maksady bilen işlenip taýýarlanylan taslamalar. Çyzgylar barada gürrüň berdi. Aýratyn-da, Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa kenarynda adamlaryň oňaýly dynç alşyny, ýaramly howa gurşawynyň saklanmagyny, üpjün etmek üçin bu ýerde ulaglaryň hereketini belli wagt aralygynda çäklendirmek, kenarýaka şäherinde ulaglary saklamak üçin 3 müň orunlyk awtoduralgany gurmak boýunça işlenip taýýarlanylýan maksatnamalar barada aýratyn durlup geçildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda durnuklylygy üpjün etmek, raýatlarymyzyň kanuny hukuklaryny we azatlyklaryny goramak işinde Içeri işler ministrligine möhüm ornuň degişlidigini belläp, IIM-niň garamagyndaky ähli düzümleriň işine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda adamlaryň ýokary derejede dynç alşyny guramaga gönükdirilen çäreleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny belläp, şypahana zolagynda köpçülikleýin pyýada we welosipedli gezelençleri guramak, bu ýerde howanyň ýaramly derejesini saklamak maksady bilen, ýörite çäreleriň amala aşyrylmalydygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde paýtagtymyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň esasy guraljak ýeri bolan Olimpiýa şäherjiginde monorels gatnawynyň gurulýandygyny belledi we geljekde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda hem şunuň ýaly monorels hereketini gurmagyň meselelerini öwrenmek boýunça minister birnäçe tabşyryklary berdi. Munuň özi Awazany ekologiýa taýdan has-da arassa zolaga öwürmäge gönükdirilendir.
Soňra Türkmenistanyň Baş prokurory A.Hallyýew geçen ýedi aýyň dowamynda geçirilen işler dogrusynda hasabat bilen çykyş etdi. Hormatly Prezidentimize, hususan-da, döwletde we jemgyýetde kanunçylygyň gyşarnyksyz berjaý edilmegine berk gözegçiligi amala aşyrmak maksadynda prokuratura edaralary tarapyndan görülýän çäreler hakynda habar berildi.
Milli Liderimiz alnyp barylýan işleriň möhümdigi barada aýdyp, hukuk goraýjy edaralarynyň işi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryna we wezipelerine, adam hakynda aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan hataryna çykarylan ýurduň – Türkmenistanyň belent ynsanperwer syýasatyna laýyk gelmelidir diýip belledi.
Soňra Ýokary kazyýetiň başlygy B.Çaryýew ýurdumyzyň kazyýet ulgamyny kämilleşdirmek, döwletimizi we jemgyýetimizi ösüşiň täze derejesine çykarmaga gönükdirilen dünýä ülňülerine laýyklykda geçirilýän işler dogrusynda habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adyl kazyýetiň üstüne ýüklenen jogapkärçiligiň örän uludygyny belläp, kazyýet işlerine we arz-şikaýatlaryna garalanda kanunyň ileri tutulmagyny üpjün etmeli kazylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak ýaly möhüm meselä aýratyn üns bermegiň zerurdygyny aýtdy.
Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goramak gullugynyň başlygy A.Osmanow öz nobatynda ýolbaşçylyk edýän düzüminiň şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda geçiren işleri dogrusynda hasabat berdi. Neşe serişdeleriniň bikanun ýaýradylmagyna we sarp edilmegine garşy barlyşyksyz göreş şol işleriň möhüm ugry bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, saglyk üçin ýaramaz we zyýanly endiklere, ilkinji nobatda, neşeleriň sarp edilmegine garşy göreşi güýçlendirmegiň möhümdigini belläp, neşe maddalaryny sarp etmegiň ýaramaz netijeleri hakynda ilat arasynda düşündiriş işlerini yzygiderli geçirmegi tabşyrdy.
Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy D.Baýramow hasabat döwründe geçirilen işler hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ugruny—halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek babatda ýolbaşçylyk edýän düzüminiň netijeli işlemegini üpjün etmek boýunça görülýän anyk çäreler barada habar berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Migrasiýa gullugyň öňünde durýan wezipeleriň, şolardan gelip çykýan gös-göni borçlaryň we ygtyýarlyklaryň birnäçesine ünsi çekdi. Olaryň hatarynda gullugyň dolandyryş edarasynyň hem-de onuň düzümine girýän bölümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, ýaşaýyş we gulluk şertlerini gowulandyrmak wezipeleri bar.
Soňra Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Hojamgulyýew ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna şu ýylyň ýedi aýynyň dowamynda ýolbaşçylyk edýän düzüminiň geçiren işleriniň netijeleri hakynda hasabat berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralarynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanyp geçirilen mejlisiniň barşynda birnäçe guramaçylyk meselelerine seretdi.
Döwlet Baştutanymyz başga işe geçýändigi sebäpli Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy B.Hojamgulyýewi eýeleýän wezipesinden boşatdy. Milli Liderimiz bu wezipä Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy bolup işlän D.Baýramowy belledi. D.Baýramow öňde goýlan wezipelere abraý bilen hötde gelmek ugrunda ähli tagallasyny gaýgyrmajakdygyna döwlet Baştutanymyzy ynandyrdy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy wezipesine Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasary wezipesinde işlän M.Nobatowy belledi hem-de oňa polkownik harby adyny dakmak hakyndaky Permana gol çekdi. M.Nobatow Döwlet migrasiýa gullugynyň ähli düzümleriniň sazlaşykly we netijeli işini ýola goýmak ugrunda zerur tagallalary etjekdigine döwlet Baştutanymyzy ynandyrdy.
Soňra adalat ministri B.Muhammedow ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek we hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça 2015-nji ýylyň başyndan bäri geçirilen işler barada hasabat berdi. Bu kanunçylyk binýady täze taryhy döwrüň wezipelerini we belent maksatlaryny üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ygtybarly esas bolmalydyr.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda geçirilýän hukuk özgertmeleriniň möhümdigini belläp, mitlli kanunçylygymyzyň üstüni täze, döwrüň ruhuna laýyk gelýän kanunlar bilen ýetirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Olar Türkmenistanyň Mejlisi hem-de beýleki degişli düzümler bilen hyzmatdaşlykda jikme-jik işlenip taýýarlanmalydyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň hasabatlaryny jemläp, ozal beren tabşyryklaryny takyk ýerine ýetirmegiň hem-de harby we hukuk goraýjy düzümleriniň işini kämilleşdirmäge gönükdirilen harby we hukuk özgertmeleri geçirmäge toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, bu ýere ýygnananlara berk jan saglyk, ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň, türkmenistanlylaryň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.