Ï Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Prezidentleriiň arasynda ikiçäk gepleşikler geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Prezidentleriiň arasynda ikiçäk gepleşikler geçirildi

view-icon 651
Bişkekde “Ala-Arça” döwlet kabulhanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýewiň arasynda ikiçäk gepleşikler başlandy.

Duşuşykdan öň iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde däp bolan resmi surata duşmek dabarasy boldy.

Özara düşünişmek we ynam ýagdaýynda geçen gepleşikleriň berşynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Almazbek Atambaýew türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň meselleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar, ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine hem-de dürli ugurlarda özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin bar bolan mümkinçiliklere aýratyn üns berdiler. Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Baştutanlary ýangyç-energetika, ulag we söwda-ykdysady ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny belläp, şeýle hem däp bolan ynsanperwerlik gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek baradaky pikiri öňe sürdüler, bu gatnaşyklaryň binýady iki doganlyk halkyň köpasyrlyk taryhy-medeni umumylygyna esaslanýar.

Ikiçäk görnüşdäki duşuşygyň çäklerinde taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Soňra gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde Uly mejlisler zalynda dowam etdi.