Şu gün "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onuň barşynda käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem Ýaşulularyň maslahatyny we beýleki çäreleri geçirmäge görülýän taýýarlyk bilen bagly meselelere seredildi.
Irden hormatly Prezidentimiz mejlisi geçirmek üçin “Awaza” Kongresler merkezine geldi.
Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri garşyladylar.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa söz berdi. Mejlisiň Başlygy ýurdumyzyň jemgyýetçilik – syýasy durmuşynda möhüm waka bolan Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyna görlen taýýarlyk işleri barada aýdyp, onuň gün tertibine girizilen meseleleriň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde örän ähmiýetlidigini belledi.
Ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizde bazar gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, şeýle hem beýleki birnäçe ugurlar boýunça kanunçylyk binýadyň zerurdygyna ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz bu meseleleriň Ýaşulularyň maslahatynda garaljakdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu meseleleriň degişli düzümler bilen bilelikde ara alnyp maslahatlaşylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Ýaşulularyň maslahatyna görlen taýýarlyk işleri, bu umumymilli foruma gatnaşýan wekilleriň düzümi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu gezekki maslahatda öňe sürülýän meseleler ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesine laýyklykda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegini şertlendirer.
Türkmenistanyň açyklyk we özara bähbitlilik esasda ýola goýulýan gatnaşyklara hemişe taýýardygyny belläp, hormatly Prezidentimiz bu işleriň yzygiderli ösdürilmegi babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz maslahata gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlaryň netijeli işlemegini üpjün etmek boýunça ähli çäreleriň görülmelidigini belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedow özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahatyna görlen taýýarlyk işleri bu çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek maksady bilen bank-maliýe edaralarynyň işläp taýýarlan maksatnamasy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan syýasy-jemgyýetçilik çäresiniň we şu mynasybetli geçirilen dabaralaryň ýokary derejede guralmagynda ýurdumyzyň ykdysady-maliýe ulgamyna hem möhüm ornuň degişlidigini belledi we bu babatda düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa medeniýet we sungat işgärleriniň Ýaşulularyň nobatdaky maslahatyna taýýarlyk işleri, şeýle hem ýurdumyzyň edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň, zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginiň jemleri barada hasabat berdi.
Zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagynda, öndürijilikli işleýän medeniýet we sungat işgärlerini höweslendirmekde bu bäsleşigiň möhüm ähmiýetiniň bardygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Ýaşulularyň maslahaty mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň, döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça wise-premýer M.Ýazmuhammedowa we Türkmenistanyň medeniýet ministri A.Garajaýewe tabşyryklary berdi.
Şeýle hem şu günki mejlise çagyrylan Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri B.Abaýew Ýaşulularyň maslahatyna görlen taýýarlyk, şu döwürde "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda guralýan söwda we hyzmatlar ulgamynyň işleri barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz Ýaşulularyň maslahatynyň we beýleki möhüm ähmiýetli çäreleriň geçirilýän günlerinde Awaza gelýän adamlaryň sanynyň artandygyny belläp, olara söwda we hyzmatlar ulgamynyň ýokary derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy K.Babaýew ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň Ýaşulularyň maslahatyna gören taýýarlyk işleri, ýurdumyzyň ilatynyň bu möhüm syýasy-jemgyýetçilik çäresine işjeň gatnaşmaklaryny üpjün etmek maksady bilen, amala aşyran işleri barada hasabat berdi.
Ýurdumyzda guralýan köpçülikleýin çärelerde jemgyýetçilik guramalaryna möhüm ornuň degişlidigini belläp, döwlet Baştutanymyz bu düzümleriň agzalarynyň hemişe bolşy ýaly, Ýaşulularyň maslahatynyň guramaçylykly geçirilmegine-de işjeň gatnaşmalydyklaryny belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisine çagyrylan Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň başlygy K.Durdymyradow Türkmenistanyň Ýaşulularyň maslahatyna görlen taýýarlygyň çäklerinde maslahata gatnaşjylar bilen gyzykly gezelençleri guramagyň meýilnamasy barada hasabat berdi.
Maslahata gatnaşyjylaryň wagtlaryny peýdaly geçirmeklerini üpjün etmek maksady bilen guralýan çäreleriň möhümdigini belläp, milli Liderimiz olaryň Awazanyň gözel ýerlerine baryp görmeklerini, Hazar deňzinde we Awaza derýasynda gämili gezelençleri guramagyň maksada laýyk boljakdygyny belledi we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň başlygy M.Aýazow özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde Ýaşulularyň maslahatyna görlen taýýarlyk işleri hem-de bu çärä gatnaşýanlaryň howa gatnawyny bökdençsiz üpjün etmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnama barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň ähli düzümleriniň, howa menzilleriniň kadaly hem-de sazlaşykly işlemegini üpjün etmek bilen bagly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny tabşyrdy.
Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministri B.Aýdogdyýew pudagyň işgärleriniň Ýaşulularyň maslahatyna taýýarlyk derejesi hem-de ýolagçy ulaglarynyň bökdençsiz hereketini üpjün etmek boýunça işlenip düzülen meýilnamanyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Ýolagçylaryň, aýratyn-da, Ýaşulularyň maslahatyna gatnaşýanlaryň ýolagçy awtobuslary bilen üpjün edilmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz pudagyň ähli düzümleriniň sazlaşykly işini ýola goýmak babatda ministre birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň işgärleriniň Ýaşulularyň nobatdaky maslahatyna gören taýýarlyk işleri, oba hojalykçylaryň häzirki döwürde gazanýan ýokary iş netijeleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamyny ösdürmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de onuň eksport kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, oba hojalykçylaryň ýurdumyzda geçirilýän şanly wakalara işjeň gatnaşmagyny üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu babatda ýörite maksatnamanyň düzülmelidigini belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyna görlen taýýarlyk işleri hem-de bu babatda düzümleriň sazlaşykly işini ýola goýmak boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahatynda öňe sürüljek meseleler boýunça ylym-bilim işgärleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň arasynda ýörite maslahatlary geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde Ýaşulularyň nobatdaky maslahatynyň çäklerinde ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň işgärleri şu döwürde ägirt uly işleri bitirdiler.
Milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy bolan nebitgaz ulgamynyň işleriniň netijeli bolmagy ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm şertleriniň biridigini belläp, döwlet Baştutanymyz pudagyň önümçilik we eksport kuwwatlyklaryny yzygiderli artdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şonuň ýaly-da, bu ulgamyň işgärleriniň ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän syýasy – jemgyýetçilik çärelerine işjeň gatnaşmagyny üpjün edilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk ulgamynda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahatyna görlen taýýarlyk işleri, maslahata gatnaşyjylary ulaglaryň dürli görnüşleri bilen üpjün etmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Ýurdumyz boýunça giň möçberli çäreleriň ýaýbaňlandyrylan günlerinde ulaglaryň sazlaşykly hereketiniň üpjün edilmeginiň has-da möhümdigini belläp, milli Liderimiz ýolagçylary we dabaraly çärelere gatnaşyjylary ulaglar bilen üpjün etmekde hiç - hili bökdençligiň bolmaly däldigine aýratyn ünsi çekdi. Degişli düzümleriň utgaşykly işiniň möhümdigini belläp, hormatly Prezidentimiz bu babatda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde Ýaşulularyň maslahatyna görlen taýýarlyk işleri, ýurdumyzyň senagat düzüminiň işini kämilleşdirmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň senagat ulgamynyň işini döwrüň talabyna laýyk derejede üýtgedip guramagyň zerurdygyny belläp, hormatly Prezidentimiz bu babatda önümçilige dünýäniň ösen tejribesiniň, kämil tehnologiýalaryň we täzeçil usullaryň ornaşdyrylmalydygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Ýaşulularyň maslahatynyň guramaçylykly geçirilmegi babatda hemmetaraplaýyn we jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini nygtady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew umumymilli forum bolan Ýaşulularyň maslahatyna görlen taýýarlyk işleri, şeýle hem ýurdumyzda giňden bellenilýän Energetika senagatynyň işgärleriniň gününi guramaçylykly geçirmek hem-de şanly sene mynasybetli Halkara sergisiniň we maslahatynyň meýilleşdirilýändigi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, her ýylyň sentýabr aýynda Energetika senagatynyň işgärleriniň gününiň döwlet derejesinde bellenilýändigini aýtdy. Berkarar Watanymyzyň tebigy baýlyklaryny, energiýa serişdelerini netijeli we tygşytly ulanmak, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirmek biziň esasy maksadymyzdyr.
Energetika senagaty ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýar diýip bellemek bilen, milli Liderimiz häzirki döwürde ýurdumyzyň elektrik energetikasy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilýändigini nygtady. Pudaga täze tehnologiýalary we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns berilýär.
Soňky ýyllarda ýurdumyzyň elektrik energetikasy pudagynda iri taslamalar üstünlikli amala aşyryldy. Täze, kuwwatly elektrik stansiýalary gurlup, ulanmaga berildi. Müňlerçe kilometre uzap gidýän elektrik geçirijileriň durky täzelendi. Bu bolsa, ýurdumyzyň ilatyny we edara – kärhanalaryny elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Elektrik energiýasyny daşary ýurtlara ibermäge hem amatly şertleri döredýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe elektrik energetikasy pudagynyň işgärleriniň öňünde uly wezipeler durýar diýip, milli Liderimiz türkmen energetikleriniň öz öňlerinde duran jogapkärli wezipeleri üstünlikli amala aşyrjakdyklaryna berk ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlary Energetika senagatynyň işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, pudagyň işgärlerine bolsa, ýurdumyzyň energetika senagatyny mundan beýläk-de ösdürmek, pudagyň önümçilik kuwwatyny has-da artdyrmak ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýüzlenip, geçirilmegi meýilleşdirýän energetika babatda halkara sergisiniň we maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň Iş dolandyryjysy P.Taganow ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Ýaşulular maslahatyna taýýarlygyň çäklerinde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahatynyň maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli berjaý etmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada habar berdi.
Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, ýurdumyzyň dolandyryş ulgamynda Ýaşulular maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça zerur çäreleleriň geçirilmelildini belläp, hormatly Prezidentimiz bu ugurda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek meseleleriniň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisiniň barşynda oňa çagyrylan ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleri Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahatyna ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleri barada hasabat berdiler.
Hasabatlaryň çäklerinde Türkmenistanyň ähli sebitleriniň we Aşgabat şäheriniň hemme düzümlerinde bu möhüm syýasy-jemgyýetçilik çäresiniň guramaçylykly geçirilmegine mynasyp goşant goşmak maksady bilen işlenip düzülen maksatnamanyň ýerine ýetirilişi hem-de oňa ilat köpçüligini işjeň çekmek boýunça görlen çäreler barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, ýurdumyzyň ilatynyň köpçülik çärelerine işjeň gatnaşýandygyny kanagatlanma bilen belläp, maslahata gatnaşyjylaryň durmuş üpjünçiligine, olary äkitmek-getirmek meselelerine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi.
Maslahata gatnaşýan hormatly ýaşulular we ak gyňaçly eneler üçin oňaýly şertleriň üpjün edilmelidigini belläp, milli Liderimiz bu babatda häkimlere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew taryhy ähmiýetli wakalaryň ýaýbaňlandyrylan we Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahatynyň geçirilýän günlerinde asudalygy, tertip-düzgüni üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler hem-de ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda Ýaşulular maslahatyna görlen taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz Awazada guralýan çärelerde tertip-düzgüniň üpjün edilmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda degişli gulluklaryň sazlaşykly işiniň ýola goýulmalydygyny belledi.
Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähibidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.