Şu gün Hazaryň kenarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda gurlan dynç alyş düzüminiň täze desgalarynyň iri toplumynyň açylmagy mynasybetli dabaralar boldy.
Ozal habar berlişi ýaly, düýn bu ýerde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Awaza etrabynda häkimligiň binasy, Saglygy goraýyş merkezi, ýaşaýyş jaýlary we Türkmenbaşy etrabynda Bekre balygyny gaýtadan işleýän kärhana dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi.
Şu gün bolsa uly dabaralar gojaman Hazaryň kenarynda nobatdaky desgalaryň açylyşy bilen dowam etdirildi. Bu ýerde gurlan, özboluşly binagärlik keşbi bilen tapawutlanýan ajaýyp ak mermerli binalar täze taryhy döwrüň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän oňyn döwlet syýasatynyň üstünlige beslenmeginiň aýdyň nyşanlarydyr. Bu syýasatyň baş maksady bolsa eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi, türkmen halkynyň abadançylygy bolup durýar.
Awazada gurlan nobatdaky täze binalaryň ulanmaga berilmegi Hazaryň ekologik taýdan arassa kenarynda halkara derejeli döwrebap deňiz dynç alyş merkezini döretmegiň ýolunda nobatdaky ädim boldy. Ony döretmek başlangyjy bolsa hormatly Prezidentimize degişlidir. Bary-ýogy birnäçe ýylyň içinde türkmen topragynyň bu gözel künjegi tanalmaz derejede özgerip, düýbünden täze durmuşa eýe boldy. Häzir bu ýerde birnäçe kaşaň myhmanhanalar, çagalar dynç alyş merkezleri, kottež şäherjikleri bolup, olar her gün dynç alýanlaryň müňlerçesini kabul edýär, tutuş degişli düzüm batly depginler bilen ösýär. Täze binalaryň açylmagy bolsa adamlaryň köpsanlysyna, türkmenistanlylara we ýurdumyzyň myhmanlaryna Awazada oňat dynç almaga we saglygy berkitmäge mümkinçilik döredýär. Bu ýerde göwnejaý dynç almak we wagtyňy gyzykly geçirmek diňe tomusky dynç alyş günlerinde däl-de, eýsem, ýylyň islendik paslynda mümkindir.
... Uly dabaranyň başlanmagyna hemme zat taýýar edildi. Ir ertirden baýramçylyk lybasyna beslenen täze binalaryň daş-töwereginde ählumumy ruhubelentlik we baýramçylyk ýagdaýy äşgär duýulýar. Şol binalaryň sanawynda ýakyn günlerde Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň geçiriljek ýeri—Kongresler merkezi birinji ýerde durýar. Bu waka Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň taryhynda möhüm pursaty alamatlandyryp, ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan, Garaşsyzlygyň gazananlaryny berkitmäge we artdyrmaga, eziz Watanymyzyň rowaçlygynyň, türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň ygtybarly esaslaryny goýmaga gönükdirilen oňyn özgertmeler ýolunda nobatdaky ädim bolup durýar.
Täze desganyň açylyşy mynasybetli bu ýere Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň , ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri ýygnandylar. Dabara gatnaşýanlaryň hatarynda jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, ähli welaýatlardan gelen hormatly ýaşulular, şeýle hem daşary ýurtly myhmanlar bar.
Hemmeler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ägirt uly joşgun bilen garşylaýarlar. Sungat ussatlarynyň döredijilik topary täze taryhy döwrüň döredijilikli ruhuny özünde jemleýän aýdym-sazly çykyşy ýerine ýetirýär.
Döwlet Baştutanymyz artistlere ajaýyp çykyşlary üçin minnetdarlyk bildirip, binanyň baş girelgesine barýar we dabaraly ýagdaýda şowhunly el çarpyşmalar astynda toý bagyny kesýär—Kongresler merkezi açylýar.
Öň ýüzünde altynsow nagyşlary bolan ak çadyr görnüşindäki, özboluşly binagärlik keşbine eýe bolan ägirt uly desganyň umumy meýdany 185 müň inedördül metre deňdir. Bu taslamany şähergurluşyk ulgamynda Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşy—belli “Polimeks Inşaat A.Ş.” türk kompaniýasy amala aşyrdy.
Merkez aşaky gaty hasaba almanyňda dokuz gatdan ybarat bolup, wekilçilikli çäreler, sammitler we ýokary derejedäki duşuşyklar, forumlar, maslahatlar we ýygnaklar üçin niýetlenen zallary öz içine alýar.
Binanyň ýanaşyk ýerleri 46 müň 490 inedördül metr meýdany eýeleýär. Merkeziň öňündäki esplanada abadanlaşdyrylyp bagy-bossanlyga bürelipdir, bu ýerde özboluşly çyralar oturdylyp, owadan çüwdürimler gurlupdyr.
Ähli ýerlerde dürli reňkli baýdaklar, howa şarlary, owadan pannolar görünýär. Bina görnüşiniň kämilligi, içerki gurluşy we yşyklandyryş ulgamy bilen uly täsir döredýär. Gündogar binagärliginiň köp asyrlyk däplerini we häzirki zaman gurluşygyň soňky gazananlaryny öz içine aldy.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ähli sebitlerinden gelen ýaşulularyň wekilleri bilen bilelikde giň, ägirt uly sütünleri bolan mermerli zala girýär. Milli lybasly gyzlar hormatly Prezidentimize ajaýyp gül desselerini gowşurýarlar.
Polunda we diwarlaryň birinde ýerleşdirilen ägirt uly akwariumlar bu zalyň özboluşly aýratynlygy bolup durýar. Şol akwariumlarda täsin balyjaklar ýüzüp ýör.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilki bilen 450 orunlyk kiçi zala baryp, onuň mümkinçilikleri bilen tanyşýar. Soňra bolsa, halkara maslahatlaryny we umumymilli forumlary geçirmek üçin niýetlenen 2 müň orunlyk mejlisler zalyna barýar. Bu zal zerur bolan enjamlar bilen üpjün edilip, onda wekilçilikli çäreleri ýokary derejede guramak üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr.
Döwlet Baştutanymyz prezidium we forumlara gatnaşyjylar üçin niýetlenen ýerleri göz geçirip, bu ýerde bar bolan döwrebap tehnikalar we multimediýa enjamlary, audioulgamlar, içki bezegiň aýratynlyklary bilen tanyşýar hem-de bezegiň özboluşlylygyna we köp öwüşginliligine baha berýär. Hormatly Prezidentimiz şeýle hem bu meýdançada köpçülikleýin çäreleri guramak babatda anyk görkezmeleri berdi.
Maslahatlar zalyndan başga-da, bu ýerde 450 we 256 orunlyk banket zallarynyň ikisi, daşary ýurt döwlet Baştutanlary üçin iş otaglarynyň 5-si, ikiçäk görnüşdäki duşuşyklar üçin otag, 60 orunlyk mejlisler zaly, 40 orunlyk kinoteatr göz öňünde tutuldy. Toplumyň içki bezegi amala aşyrylanda gymmatly serişdeler – mermer, granit we agajyň gymmatly görnüşleri ulanyldy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow lifte münýär we binanyň ýokarky gatlaryna çykyp görýär. 3, 4 we 5-nji gatlarda 80, 100 we 120 orunlyk mejlisler zaly, maslahat geçirmek üçin 30 orunlyk kiçi zallaryň 3-si, ikiçäk görnüşdäki duşuşyklar üçin iş otaglarynyň 3-si, belent mertebeli myhmanlar üçin şahsy otaglar, şeýle hem habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin 100 orunlyk metbugat merkezi ýerleşdirildi. Otaglaryň hemmesi zerur bolan enjamlar bilen üpjün edildi, munuň özi täze işewürlik merkezinde netijeli we amatly işlemegi üpjün eder.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow binanyň tehniki üpjünçiligi, myhmanlar üçin hyzmatlaryň guralyşy bilen içgin gyzyklandy.
Halkara işewürlik we syýasy işjeňlik merkezine öwrülen Awaza belent mertebeli myhmanlar, şol sanda daşary ýurt döwletleriniň ýolbaşçylary yzygiderli gelip görýärler. Olary kabul etmegiň we ýaşaýyş amatlyklaryny döretmegiň derejesi duşuşyklary we gepleşikleri geçirmek üçin oňaýly şert döredýär. Şonuň üçin wekilçilikli maslahatlary we ýokary derejeli duşuşyklary geçirmek üçin niýetlenen binalar gurlanda, VIP – şahslar üçin ýokary hilli şertleri döretmek boýunça dünýä ülňülerini ugur edinmek zerurdyr.
Binanyň ýokarky gatynda syn ediş meýdançasy bolup, ondan Awazanyň gözel keşbi we Kongresler merkezini gurşap alan suw çüwdürimli, ýaşyl zolakly, köprüli we duralgaly meýdanyň görnüşi açylýar.
VIP derejeli aýratyn sport toplum üçin 12 müň inedördül metrden gowrak meýdan bölünip berlip, bu ýerde ýüzülýän howuz, köprugurly sport zal we beýlekiler ýerleşdirildi.
Milli Liderimiz Kongresler merkeziniň binasyny gözden geçirenden soň, Hormatly myhmanlar üçin kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyza ýadygärlik sowgat gowşuryldy.
Hormatly Prezidentimiziň yzysüre Kongresler merkezi boýunça Ýaşulularyň maslahatyna gatnaşmaga gelen hormatly ýaşulular, ak saçly eneler, türkmen diplomatlary tanyşlyk gezelenjini amala aşyrdylar.
Döwlet Baştutanymyz binadan çykyp, täze gurlan nobatdaky desganyň ýanyna – Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň buýurmasy boýunça gurlan bäş ýyldyzly “Merdana” myhmanhanasynyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine ugraýar.
Şu gün “Awazanyň” hemme ýerinde bolşy ýaly, myhmanhananyň ýerleşen Arkadag şaýolunyň ugrunda hem hakyky baýramçylyk ýagdaýy äşgär duýulyp, joşgunly aýdymlardyr-sazlar ýaňlanýar. Dabara gatnaşyjylar türkmen halkynyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmäge gönükdirilen öňdengörüjilikli syýasatyň awtoryny - döwlet Baştutanymyzy mähirli mübärekleýärler. Hazar deňziniň gözel künjeginde ýerleşen "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy şol syýasatyň yzygiderli amala aşyrylmagynyň netijesi bolup durýar.
Bu ýerde milli Liderimizi Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri garşylaýarlar.
“Merdana” myhmanhanasynyň öňündäki meýdançada döwlet Baştutanymyzy döredijilik toparlary joşgunly çykyşlary bilen garşylaýarlar. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň birleşen aýdym-saz we tans toparlarynyň ýerine ýetirmeginde türkmen halkyna bagtly, abadan we asuda durmuşy peşgeş beren milli Liderimize çuňňur hoşallygy wasp edýän aýdymlar ýaňlanýar.
Dabaraly pursat gelip ýetýär—çärä gatnaşýanlaryň şowhunly el çarpyşmagynda döwlet Baştutanymyz toý bagyny kesip, täze myhmanhanany ulanmaga berýär.
“Merdana” myhmanhanasynyň girelgesinde harby lybasly gyzlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ajaýyp gül desselerini gowşurýarlar. Ýaş esgerler we harby talyplar geljekde hem güýç-gaýratlaryny we janlaryny gaýgyrman, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik gazananlarynyň goragynda sak durup, mukaddes topragymyzyň ygtybarly goralmagyny üpjün etjekdiklerini beýan etdiler.
Milli binagärligiň, nusgawy hem-de häzirkizaman binagärlik ugurlarynyň iň gowy däpleriniň sazlaşmagy 12 gatly “Merdana” myhmanhanasynyň keşbine özboluşly öwüşgin çaýýar. Onuň umumy meýdany ýanaşyk ýerleri bilen bilelikde 23 müň inedördül metre barabardyr. Myhmanhanada otaglaryň 153-si, şol sanda bir we iki orunlyk otaglaryň 121-si, maşgala otaglarynyň 21-si we lýuks otaglarynyň 10-sy bar. Myhmanhananyň kaşaň otaglary oňaýly mebeller we döwrebap durmuş hem-de hyzmat ediş ulgamlary bilen üpjün edildi. Bu ýerde ýokary derejedäki myhmanhana hyzmaty amala aşyrylar. Myhmanhananyň içki otaglarynyň bezeginde dürli reňkler ulanylypdyr, olar bu ýerde dynç alýanlara rahatlyk paýlaýar.
Binanyň eýwanynda milli Liderimiziň öňünde türkmen esgerleriniň şöhratly däplerini dowam etdirjek ýaşlar—Berdimuhamet Annaýew adyndaky harby mekdebiň okuwçylary watançylyk edebi--aýdym-saz kompozisiýasy bilen çykyş etdiler. Döwlet Baştutanymyz olar bilen ýadygärlik üçin surata düşdi. Hormatly Prezidentimiz myhmanhananyň sagaldyş merkezine barýar we fitobaryň öňünde aýak çekýär. Bu ýerde dynç alýanlara aýratyn usulda dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan içgiler hödürlenilýär. Şol ýerdäki tekçelerde döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitaplaryny görmek bolýar.
Milli Liderimiz egindeşleri bilen hoşboý ysly çaýdan içip görýär we ol ýa-da beýleku ösümlikden taýýarlanan içginiň peýdasy barada gürrüň berýär. Wise-premýerler bilen gysgajyk söhbetdeşlikde döwle Baştutanymyz Awazanyň syýahatçylyk we durmuş ulgamyny, şeýle hem hyzmat ediş we myhmanhana hojalygy ulgamyndaky telekeçilik işiniň dürli görnüşlerini ösdürmäge degişli käbir meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, “Awazany” döretmegiň esasy maksady ýurdumyzyň täsin tebigy dürdänesi bolan deňiz ýakasynyň ägirt uly dynç alyş kwwatyndan netijeli peýdalanmakdan, türkmenistanlylar üçin dnyç alşyň has oňaýly şertlerini üpjün etmekden ybaratdyr, çünki adamlaryň abadançylygy we saglygy baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Şol bir wagtyň özünde türkmen topragynyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşen "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy dünýä derejesindäki şypahana hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň merkezi bolmalydyr. Munuň özi bu giň möçberli taslamada öz aýdyň beýanyny tapdy.
Döwlet Baştutanymyz bu dynç alyş merkeziniň sport ulgamy bilen tanyşlygyny dowam edip, suwda ýüzülýän üsti ýapyk howzy synlady. Onuň golaýynda gidromassaž üçin uly bolmadyk spa-howuz ýerleşýär. Bu howzuň uzynlygy... metre we ini ... metre barabardyr.
Sagaldyş merkeziniň otaglarynyň ählisi öňdebaryjy ýöriteleşdirilen enjamlar bilen üpjün edilipdir. Bu ýerde ilkinji lukmançylyk kömegini bermek üçin niýetlenen otag, döwrebap tehnologiýalaryň esasynda keselleri anyklamak we dürli bejeriş-dikeldiş hem-de öňüni alyş çärelerini geçirmek üçin niýetlenen iň täze enjamlar bolan fizioterapiýa otagy bar. Şeýle hem bu ýerde bedeni owkalaýyş otagy ýerleşýär. Onda saglygy goraýyş ulgamynda giňden ulanylýan döwrebap owkalaýyş kürsüleri ornaşdyrylypdyr.
Hormatly Prezidentimiz tanyşlygy dowam edip, 320 orunlyk restrorana bardy. Döwlet Baştutanymyz onuň döwrebap bezegine hem-de hyzmat edilişiniň ýokary derejesine baha berip, restoranda dürli tagamlary taýýarlamagyň mümkinçilikleri bilen gyzyklandy we sagdyn iýmitlenmek boýunça maslahatlary berdi.
Işjeň dynç alýanlara sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga niýetlenen sport meýdançalary, bouling üçin zal we beýleki desgalar hyzmat edýär. Myhmanhananyň çäginde özboluşly telärler gurnalypdyr, olarda arassa howada wagtyňy göwnejaý geçirmek üçin ähli şertler döredilipdir. Körpe dynç alýanlar üçin çagalar oýun meýdançalary, suwa düşülýän howuzlar döredilipdir.
Soňra hormatly Prezidentimiz liftde “Merdana” myhmanhanasynyň 12-nji gatyna galýar we otaglarda adamlaryň dynç almagy üçin döredilen şertler bilen tanyşýar. Derejesine garamazdan, otaglaryň ählisi şypahana hyzmatynyň dünýä ülňülerine laýyk gelýär. Olarda aýratyn myhmanhana otagy, ýatylýan we wanna otaglary bar. Şol otaglar bolsa umumy peýdaly meýdanynyň göwrümi boýunça tapawutlanýar. Otaglarda döredilen amatlyklar häzirkizaman myhmanhana hojalygynyň iň belent derejesine laýyk gelýär. Otaglar, geçelgeler we lift hollary dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň enjamlary bilen üpjün edilipdir. Bu ýerde ulanylýan bezegli parket, kowrolin, diwar bezegleri we beýleki timar beriş serişdeleri hem belli önüm öndürijilerden getirildi.
Milli Lideriimz Gurbanguly Berdimuhamedow syn ediş meýdançasyndan myhmanhananyň kenarýaka tarapyndaky açyk howly toplumynda döredilen şertler bilen tanyşýar. Bu ýerde şol wagt çagalar şadyýan aýdymlary we tanslary ýerine ýetirip, wagtlaryny şatlykly geçirýärdiler. Döwlet Baştutanymyz oglanjyklaryň we gyzjagazlaryň ýanyna baryp, olar bilen el tutuşyp, çagalaryň “Aýterek-günterek” oýnuna syn edýär.
Hormatly Prezidentimiz myhmanhanany synlap bolandan soň, Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgysyny galdyrýar. Döwlet Baştutanymyz myhmanhananyň myhmanlaryny ilkinji bolup garşylaýan ýaş işgärler bilen söhbetdeş boldy. Syýahatçylyk hyzmatynyň ösmegi we ýokary derejeli myhmanhanalaryň işgärlerine bildirilýän beýleki talaplaryň ýokarlanmagy bilen baglylykda, işgärleriň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň wajypdygy barada gürrüň edildi.
Milli Liderimiz degişli wise-premýerlere syýahatçylyk pudagy üçin hünärmenleri taýýarlamak ulgamyny kämilleşdirmek, bu ulgamda daşary ýurtlaryň iň gowy tejribesini öwrenmek we ornaşdyrmak babatda anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz ähli işgärlere üstünlikli işlemegi arzuw edip, myhmanhananyň ýolbaşçylaryna awtoulag serişdeleriniň açarlaryny gowşurdy. Şol awtoulaglar myhmanlara hyzmat etmek we hojalyk işleri üçin ulanylar.
...Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy nobatdaky täze desganyň açyljak ýerine—Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň buýurmasy boýunça gurlan bäşýyldyzdy “Bagtyýar” myhmanhananyň ýanyna gelýär.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy myhmanhananyň girelgesiniň öňünde medeniýet we sungat ussatlary köpöwüşginli çykyşlar bilen garşylaýarlar.
Täze 12 gatly myhmanhana 300 orunlyk döwrebap toplumdan ybaratdyr. Bu ýerde bir orunlyk otaglaryň 60-sy, iki orunlyk otaglaryň 57-si, lýuks otaglarynyň 20-si we has oňaýly lýuks otaglarynyň 12-si, şeýle hem VIP myhmanlar üçin niýetlenen otaglaryň ikisi bar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow haly düşelen ýodajyk boýunça myhmanhananyň esasy girelgesine tarap ugraýar. Dabaraly pursat gelip ýetýär—döwlet Baştutanymyz toý bagyny kesýär we dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda myhmanhananyň eýwanyna barýar hem-de bina bilen tanşyp başlaýar. Milli lybasdaky gyzlar hormatly Prezidentimize gül desselerini gowşurýarlar.
Milli Liderimizi myhmanhananyň myhmanlary kabul edýän ýerinde ýaş işgärler garşylaýarlar, olaryň biri ýurdumyzda aragatnaşyk ulgamynyň ösüşi barada gürrüň berdi we özüniň düzen goşgusyny okap berdi. Milli Liderimiz bu işgäriň döredijilik ukybyna mynasyp baha berdi. Soňra bu işgär ýigit küştdepdiniň äheňinde öz düzen aýdymyny ýerine ýetirdi. Döwlet Baştutanymyz onuň bilen gürrüňdeş bolup, ýaş ýigidiň geljekki meýilnamalary barada sorady we onuň syýahatçylyk ulgamynda işlemäge isleg bildirýändigini eşidip, bu işgäre geljekde ýokary hünärli hünärmen bolup ýetişmek üçin degişli ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge maslahat berdi.
Türkmenistanyň syýahatçylyk toplumyny ösdürmegiň geljegi uludyr, şoňa görä-de, bu pudagy ýokary hünärli işgärler bilen üpjün etmek örän wajyp mesele bolup durýar diýip, milli Liderimiz aýtdy we ýaş işgärlere bu hünäri doly ele almaklaryny arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyz kaşaň myhmanhananyň milli bezegiň usullaryny ulanmak arkaly nusgawy görnüşde ýerine ýetirilen içki bezegini synlap, ýurdumyzyň aragatnaşyk pudagynyň ösüşiniň taryhy barada gürrüň berýän diwar şekillerine ünsi çekdi. Bu şekillerde poçta kepderilerinden we at üstündäki çaparlardan başlap, ýerüsti we howa gatnawlarynyň häzirki ösüşine hem-de Türkmenistanyň ilkinji milli aragatnaşyk hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagyna çenli pudagyň taryhynyň esasy tapgyrlary barada gürrüň berilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle çeperçilik—bezeg çözgüdiniň ulanylmagyny makullady. Bu çözgüt diňe bir içki bezege özboluşly öwüşgin çaýmak bilen çäklenmän, eýsem onuň belli bir maglumat babatda many-mazmuna eýe bolmagyny üpjün etdi. Döwlet Baştutanymyz jemgyýetçilik binalarynda boş giňişlikleri bezemegiň şeýle şowly usullaryny işjeň ulanmagy maslahat berdi.
Döwlet Baştutanymyz myhmanhana bilen tanyşlygyň barşynda birinji gatda ýerleşýän 300 orunlyk restorana barýar. Milli Liderimiz bu ýere gelýänlere hyzmatyň guralyşy bilen gyzyklanyp, myhmanlara edilýän hyzmatyň ýokary derejä laýyk gelmelidigini belledi.
Bu ýerde, birinji gatda maslahatlar zaly, ýygnaklary gepleşikleri geçirmek üçin 10 orunlyk otag, howuz, sauna, tranžýor zaly, 2 dükan we alyş- çalyş nokady ýerleşýär. Myhmanhana toplumynda durmuş üpjünçiligi ulgamlarynyň ählisi göz öňünde tutulypdyr. “Bagtyýar” myhmanhanasyna öz awtoulaglarynda gelýänler üçin 50 orunlyk awtoduralga guruldy.
Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow liftde ikinji gata galyp, oýun oýnamak üçin enjamlar bilen üpjün edilen çagalaryň oýun meýdançasyna barýar. Şol oýunlaryň hatarynda bouling hem bar. Döwlet Baştutanymyzy körpe dynç alýanlar şadyýan aýdymlar we joşgunly tanslar bilen garşylaýarlar. Milli Liderimiz şu duşuşykdan ýadygärlik hökmünde çagalara sowgatlary gowşurýar we olara okuwda uly üstünlikler arzuw edýär.
Soňra milli Liderimiz liftde binanyň 11-nji gatyna galýar, şol ýerde myhmanhana otaglary ýerleşýär. Hormatly Prezidentimiz “Bagtyýar” merkeziniň abadanlaşdyrylyşy hem-de içki bezegi bilen tanşyp, dynç alýanlara hyzmatyň guralyşy bilen gyzyklandy we halkara ülňülerine laýyk gelýän hyzmat edişiň ýokary derejesiniň "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň özboluşly “ýüzi” bolup durýandygyny kanagatlanmak bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda syýahatçylyk ulgamyna, şypahana işine hem-de myhmanhana işewürligine dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmagyň möhümdigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz binanyň birinji gatyna düşüp, Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgysyny galdyrdy. Milli Liderimiz binanyň birinji gatyna düşüp, hormatly myhmanlara Kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy we myhmanhananyň işgärlerine toparyna myhmanhana üçin üç dürli awtoulagyň açarlaryny gowşurdy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bäş ýyldyzly “Bagtyýar” myhmanhanasy bilen tanyşlygyny tamamlap, indiki açyljak desga – 12 gatly bäş ýyldyzly “Şamekan” myhmanhanasyna tarap pyýada ugrady. Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy boýunça bina edilen bu ýokary derejeli myhmanhanada 112 otag, şol sanda bir orunlyk, iki orunlyk, maşgala üçin niýetlenen we naýbaşy otaglar bar. “Awazanyň” beýleki myhmanhanalar toplumlarynda bolşy ýaly, bu ýerde dynç alýanlara iň aňrybaşy hyzmatlar hödürlenilýär.
Bu myhmanhananyň açylyş dabarasyna aýdym-sazly çykyşlar özboluşly öwüşgin çaýdy, onda ýurdumyzyň baş şäherine bagyşlanan aýdymlar ýaňlanyp, baýramçylygyň umumy ruhy derejesini belende göterdi.
Milli Liderimiz myhmanhananyň daşky çäklerinden geçip, onuň bezelişiniň derejesine oňat baha berip, binagärlik-bezeg meýilleriniň-özboluşly çüwdürimleriň, sütünleriň we beýlekileriň sazlaşykly utgaşdyrylandygyny belledi.
Tolgyndyryjy pursat gelýär: Türkmenistanyň Prezidenti baş girelgä tarap ugraýar we dabaraly ýagdaýda toý bagyny kesýär.
Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmanhananyň birinji gatynda ýerleşýän 300 orunlyk restorana barýar. Bu ýerde köpugurly mejlisler zaly, dükanlar, kino zal we edara işgärleri üçin otaglar bar.
Döwlet Baştutanymyz onuň enjamlaşdyrylyşy, myhmanlar we işgärler üçin döredilen şertler, şeýle hem hödürlenilýän naharlaryň sanawy we nyrhlary bilen tanyşdy. Milli Liderimiz käbir tagamlaryň taýýarlanylyş usullarynyň ýazgylary hem-de tagam berijiler, önümleriň hili bilen gyzyklanyp, göwnejaý, her dürli tagamlar we sagdyn iýmitlenmegiň, aşpezlik önümlerini taýýarlamagyň bellenilen kadalaryny berjaý etmek bilen, diňe bir olaryň tagamlylygyny däl-de, eýsem saglyk üçin peýdalylygyny hem göz öňünde tutmagyň möhümdigini nygtady. Oňat taýarlanylan tagamlardan başga-da restorana gelýänleriň sanyny artdyrmaga “diri” aýdym-sazly dynç alyş maksatnamalary, şeýle hem zalyň telewizion monitorlar bilen enjamlaşdyrylmagy, onuň oýlanyşykly bezegi we hyzmat ulgamy oňat ýardam eder diýi, bellemek bilen döwlet Baştutanymyz hyzmat ediş işgärlerini saýlap almak boýunça maslahatlar berdi.
Hormatly Prezidentimiz halkara ülňülerine laýyk gelýän myhmanhana düzüminiň kemala gelmegi barada aýtmak bilen, onuň binýadyny myhmansöýerligiň iň gowy ýörelgeleri düzýär, türkmen halky gadymlardan bäri myhmansöýerligi bilen şöhratlanýar.
Hormatly Prezidentimiz eýwana çykyp, myhmanhanynyň deňze bakyp duran daşky çäkleriniň abadanlaşdyrylyşyny synlady we degişli ýolbaşçylara landşaft boýunça bezeg babatynda birnäçe tabşyryklar berip, myhmanhana toplumynyň hyzmat gullugynyň işini bilen tanyşlygyny dowam etdi, onuň düzümine şeýle hem köpugurly mejlisler zaly, dükanlar, kino zal, dellekhanalar girýär. Döwlet Baştutanymyz alyş-çalyş nokadyna baryp daşary ýurt pullarynyň ýeterlikdigi hem-de olaryň häzirki wagtdaky hümmeti bilen gyzyklandy. Sowgatlar dükanynyda dürli sowgatlyk önümleriniň her dürli milli lybaslaryň, halk senetkärliginiň özboluşly işleriniň we amaly-haşam sungatynyň önümleriniň arasynyda Aziada-2017-niň nyşanlary şekillendirilen bezegli hem amatly torbalary milli Liderimiziň aýratyn ünsüni çekdi.
Döwlet Baştutanymyz bu önümleri görkezýän ussat zenandan şeýle torbalary we beýleki sowgatlyk önümleri köpçülikleýin öndürmegiň mümkinçiligi bilen gyzyklanyp, geljekki Aziýa oýunlarynyň geçiriljek döwründe şeýle harytlara uly isleg bildiriljekdigini belledi. Milli Liderimiz halk däplerini aýawly saklaýan zenan bilen gürrüňdeş bolup, onuň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasydygyny, ozal saglygy goraýyş ulgamynda işländigini, ýöne döredijilik bilen meşgullanmaga bolan höwesiniň ulydygyny, döwletimiziň telekeçilik başlangyçlaryna hemmetaraplaýyn goldaw bermegi netijesinde onuň bu höwesiniň iş ýüzünde amala aşandygyny bildi. Milli Liderimiz telekeçi bilen ýadygärlik surata düşdi.
Täze myhmanhana toplumy bilen tanşandan soň, döwlet Baştutanymyz şu günki wakadan ýadygärlik hökmünde Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýazgy galdyrdy we myhmanhananyň ygtyýaryna birnäçe awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.
Hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, indiki açyljak desga—häzirki zaman bäş ýyldyzly “Hazar” myhmanhanasyna tarap ugraýar, ol Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş bankynyň buýurmasy boýunça bina edilip, 300 myhman üçin niýetlenendir. Milli lybasdaky gyzlar döwlet Baştutanymyza gül desselerini gowşurýarlar.
Şanly waka mynasybetli tans we döredijilik toparlary, şeýle hem belli estrada aýdymçylary aýdym-sazly sowgat taýýarladylar, olaryň ýerine ýetirmeginde meşhur aýdym-sazlar ýaňlanyp, bu ýerde höküm sürýän baýramçylyk ýagdaýyna bezeg berdi.
Dabara gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz toý bagyny kesýär we myhmanhananyň içine girýär. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy myhmanhananyň işgäri garşylaýar. Ol milli Liderimize myhmanhana toplumynyň düzümi barada gysgaça gürrüň berip, hormatly Prezidentimizi restorandan başlap, myhmanhana bilen tanyşlygy geçirmäge çagyrýar.
Hormatly Prezidentimiz tagamlaryň seçilip alnyşy we bezegi bilen işgärleriň işlemegi, hem-de myhmanlaryň öz wagtlaryny göwnejaý geçirmegi üçin döredilen şertler bilen tanyşdy.
Soňra milli Liderimiz maslahatlar zalyna bardy, bu ýerde onuň enjamlaşdyrylyşy bilen içgin tanyşdy. Onuň enjamlaşdyrylyşy bolsa dürli işewür çäreleri, maslahatlary, forumlary, okuw maslahatlaryny geçirmjge mümkinçilik berýär. Soňra hormatly Prezidentimiz restoranyň özüne şwed stollar zolagyny hem-de däp bolan nahar stollaryny birleşdirýän bölegine bardy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde ýaş aşpez bilen söhbetdeş boldy. Ýaş aşpeziň esasy hünärinden başga-da, döredijilik ukyplary hem bar eken. Ol küştdepdiniň bir gazalyny ýerine ýetirdi. Aşpez ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň hatarlarynda gulluk eden döwründe “Serhet owazy” atly aýdym-saz toparynyň düzüminde çykyş edendigini, häzirki döwürde hem esasy hünärinden başga-da, aýdym aýtmak bilen meşgullanýandygyny aýtdy.
... “Hazar” myhmanhanasynda 134 otag bolup, olaryň 105-si bir otagly iki orunlyk otaglardyr, 10-sy bir otagly 3 orunlyk, 8-si iki otagly 2 orunlyk naýbaşy otaglardyr, 10-sy iki otagly 4 orunlyk we 1-si dört orunlyk VIP otagdyr.
Mundan başga-da, myhmanhananyň çäklerinde restoran, dukan, mejlisler zaly, awtoulaglar üçin duralga bar. Şeýle hem myhmanhananyň töwereginde akwapark, körpe myhmanlar üçin ýüzüş howzy, açyk asmanyň astynda amfiteatr we kafe ýerleşýär. Deňiz kenarynda kiçeňräk gämi duralgasy we suwa düşülýän kabinalar gurnalandyr. Dynç alýanlaryň howpsuzlygy üçin syn ediş dinleri oturdylandyr. Bu ýerde türgenleşik zaly, tennis meýdançasy, sport we çagalar üçin golf, woleýbol, basketbol hem-de sportuň kenarýaka görnüşleri üçin meýdançalar bar. Myhmanhanada dynç alýanlaryň wagtlaryny gyzykly geçirmekleri üçin bouling, bilýard oýnamak üçin hyzmatlar we 5D kinoteatryna tomaşa etmek üçin hyzmatlar hödürlenilýär. Mundan başga-da, dynç alýanlar dellekhana, owkalaýyş otaglarynyň, sauna hammamynyň we VIP-SPA-nyň hyzmatlaryndan peýdalanyp bilerler.
Bu ýerde açylan her bir myhmanhana toplumynyň daşky durky meňzeş ýaly görünse-de, olaryň her biri özboluşly bezegi bilen tapawutlanýar. Myhmanhanalaryň daşky we içki bezegi nusgawy we häzirki zaman meýilleriň sazlaşygyny özünde jemleýär. “Naýbaşy” we adaty otaglarda hem amatly mebeller goýlyp, olaryň bezeginde dürli reňkleriň sazlaşygy emele getirilendir. Mundan başga-da, milli we ýewropa aşpezliginiň dürli tagamlaryny hödürleýän restoranlar we kafeler, işewür duşuşyklary geçirmek üçin meýjlisler zallary, türgenleşik enjamlary oturdylan fitnes mekrezleri, ýüzülýän howuzlar, saunalar, owkalaýyş otaglary myhmanlaryň ygtyýarynda bolar. Şypahalaryň iň täze lukmançylyk enjamlary, fizioterapiýa abzallary oturdylan bejeriş bölümlerinde ýokary derejeli hünärmenleriň – terapewtiň, kardiologyň, stamotologyň we beýlekileriň maslahatlaryny belläp, bejeriş-öňüni alyş tapgyrlaryny, şol sanda bejeriş palçygyny ýod-brom suwuny ulanmak arkaly bejergi alyp bolar. Myhmanhanalaryň ýanynda internet-kafeler bolup, olarda simsiz WI-FI ulgamyna girip bolýar, bu ýerde şeýle hem pul çalyşmak we pul geçirmeleri üçin banklaryň we Western Union ulgamynyň bölümleri işleýär.
Sagaldyş merkezleriniň abadanlaşdyrylan çäklerinde tomusky suw howdanlary şol sanda iň körpe myhmanlar üçin amfiteatrlar, çagalar üçin oýnalýan we sport meýdançalary, tennis meýdançalary, şeýle hem awtoduralgalar göz öňünde tutulypdyr. Her bir syýahatçylyk merkeziniň ýanynda diýen ýaly göçme gämi duralgasy gurnalandyr, olarda deňizde gezelenç etmegi halaýanlar üçin kiçeňräk gaýyklar we suw welosipedleri hödürlener, deňiz menzillerinde ýeňil gaýyklar ýüzüş edýärler, olar islendik wagtda deňizde gezelenç etmek isleýänleri kabul etmäge taýýardyrlar. Deňiz giňişliginde bolsa “Awazanyň”- dünýäniň täze syýahatçylyk merjeniniň keşbi şöhlelenýär.
Soňra hormatly Prezidentimiz “Hazar” myhmanhanasyndan çykyp, Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş bankynyň şahamçasyna bardy.
Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy bankyň iki işgär zenany garşylady. Olar uly diwar monitorynda bankyň şahamçasynyň işiniň ugurlaryny, onuň hyzmatlaryň nähili görnüşlerini amala aşyrýandyklaryny görkezdiler.
Olaryň hyzmatlaryň hatarynda resminamalary we gymmat zatlary saklamak üçin bank gutujyklaryny (jemi 374 sany) kärendesine almak, dürli kassa hyzmatlary, walýutalary satyn almak—satmak, karz bermek, hasaplaşyk amallaryny ýerine ýetirmek, pul geçirimlerini amala aşyrmak we beýlekiler bar. Şahamçada şeýle hem VISA we MasterСard we MILLIKART plastiki kartlar çykarylýar hem-de hyzmat edilýär.
Milli Liderimize 1-nji belgili “MasterСard Gold” karty gowşuryldy, şondan soňra döwlet Baştutanymyz terminala geçip, bu kart bilen degişli amaly ýerine ýetirdi.
Bankyň şahamçasy pullaryň hümmetini görkezýän tablo hem-de elektron nobat ulgamy bilen üpjün edilipdir. Milli Liderimize bu ulgamyň işleýşi görkezildi. Soňra döwlet Baştutanymyz kassa ulgamynyň, hususan-da, girdeji we çykdajy kassalaryň, hasaplaşyk amallar bölüminiň işi bilen tanyşdyryldy.
Hormatly Prezidentimiz täze myhmanhanany we bankyň şahamçasyny gözden geçirmegini tamamlap, myhmanhana toplumynyň ýolbaşçysyna awtoulaglaryň – awtobusyň, kiçi awtobusyň we refrižeratoryň açarlaryny gowşurdy hem-de onuň işgärlerine üstünlik arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, hemmeleri "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda täze ajaýyp desgalaryň açylmagy bilen gutlady we bu ýerden ugrady.