Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Derweze etrabynda täze kuwwatly gaz turbina elektrik bekediniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Bu waka ýurdumyzyň sebitlerinde geçirilýän iri möçberli durmuş özgertmeleriniň we türkmen halkynyň durmuş derejesini pugtalandyrmaga gönükdirilen we Watanymyzyň ähli künjeklerinde üstünlikli durmuşa geçirilýän milli Liderimiziň başlangyçlarynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.
Häzirki wagtda Derweze etrabynda dürli senagat we durmuş maksatly desgalaryň alnyp barylýan iri möçberli gurluşyk işleri sebitde okgunly durmuş-ykdysady ösüşini we amatly maýa goýum ýagdaýyny emele getirmäge giň mümkinçilikler döredýär. Derweze etrabynda häzirkizaman döwrebap “Täze zaman” şäherçäniň döredilmegi durmuş ulgamyndaky örän möhüm taslamalaryň biridir.
Hormatly Prezidentimiz şunuň ýaly taslamalary öňe sürmegi sebitlerde ösen önümçilik, ulag, inžener-aragatnaşyk hem-de durmuş düzümlerini kemala getirmek boýunça wezipeleri öňde goýýar. Şeýle aksatnamalaýyn düýpli çemeleşmek sebitleriň we ilatyň durmuşynyň ösüş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagy şertlendirýär.
... Ir bilen hormaly Pezidentimiziň awtoulagy Derweze etrabynyň çäklerine geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy ulanmaga berilýän desganyň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary, Ahal welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleri garşyladylar. Dabara gatnaşyjylaryň arasynda jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we missiýalaryň ýolbaşçylary, işewürler bar.
Şu günki şanly waka mynasybetli elektrik bekedine ýanaşyk çäkler baýramçylyk görnüşinde bezelipdir, dabara gatnaşyjylaryň öňünde döredijilik toparlary çykyş edýär, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Watanymyzyň gazanan belent sepgitlerini wasp edýän aýdymlar ýaňlanýar.
Baýramçylyk görnüşinde bezelen ak öýler oturdylypdyr, gazanlarda dürli tagamlar taýýarlanýar, dutaryň, halk aýdymlarynyň owazlary ýaňlanýar. Her bir ak öýüň ýanynda aýdym-saz ýaňlanýar, olaryň töwereginde goýlan tapçanlarda çeper elli zenanlar dürli el işleri bilen meşgullanýarlar, bu ýerde çagalar oýnaýarlar, at çapylýar.... Bu zatlaryň ählisi gadymy türkmen obasyny ýada salýar. Golaýda bolsa ýurdumyzyň energetika pudagynyň häzirkizaman iri desgasy – Derwezäniň elektrik bekedi ýerleşýär, onuň obalara elektrik energiýasyny berip, täzelenişi we ösüşi üpjün edýän elektrik geçiriji ulgamlary seleňläp görünýär.
Milli lybasdaky gyzlar döwlet Baştutanymyza gül desselerini gowşurýarlar. Hormatly Prezidentimiz dünýä belli kompaniýalar “Çalyk Holding” kompaniýasynyň dolandyryjylar toparynyň geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygyň (Türkiýe) we “General Elektriс Power & Water” amerikan kompaniýasynyň Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Afrika ýurtlary boýunça ýolbaşçysy Rikardo Kordobanyň ugratmagynda ulanmaga bermek üçin taýýar edilen gazturbina elektrik bekedine barýar.
Bu ýerde hormatly Prezidentimizi umumy kuwwaty 504,4 MBt bolan, “Çalyk Enerji Sanaýi ve Tijaret A.Ş.” türk kompaniýasy tarapyndan gurlan elektrik bekediniň işgärleri mähirli garşylaýarlar.
Mälim bolşy ýaly, bu inžener-tehniki toplumy döretmek üçin hünärmenleriň, inženerleriň, elektrikleriň, gurluşykçylaryň, jemagat hojalygy işgärleriniň ýüzlerçesi zähmet çekdiler. Elektrik kabelleriniň, aragatnaşyk ulgamlarynyň, suw geçirijileriň we lagym ulgamlarynyň ençeme kilometrleri çekildi. Bu elektrik energiýa desgasy welaýatyň we Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň zerurlyklaryny, şeýle hem daşary ýurtlara iberiljek elektrik energiýasynyň belli möçberlerini üpjün etmäge ukyplydyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlaryň el çarpyşmagy bilen dabaraly ýagdaýda toý bagyny kesýär we gazturbina elektrik bekediniň Dolandyryş merkezine barýar.
Dolandyryş merkeziniň hünärmenleriniň habar bermeklerine görä, 32 gektar meýdanda ýerleşen täze desgaa häzirkizaman tehnologiýa enjamlarynyň tutuş toplumyndan ybaratdyr. Olaryň hatarynda her biriniň kuwwaty 126,1 megawatta golaý bolan ABŞ-nyň “General Elektriс” belli kompaniýasynyň önümi bolan GE 9E dört sany kuwwatly gazturbina desgasyny aýratyn bellemek gerek. Bu häzirkizaman desgalarynyň işe girizilmegi bir gije-gündizde 12 million kilowat/sagat elektrik energiýasyny öndürmäge mümkinçilik berer, ol elektrik energiýasyny kiçi elektrik beketlerine paýlamaga mümkinçilik berer, bu bolsa sarp edijileri elektrik energýasy bilen üpjün eder.
Elektrik bekediniň hünärmenleri milli Liderimize täze desganyň tehniki görkezijileri barada habar bermek bilen, çylşyrymly tehnologiýa işleriniň netijesinde gaz paýlaýjy beketde tebigy gazyň zerur bolan derejä ýetirilmegi bilen arassalaýjy filtlerleriň üstünden geçirilip, ýakyjy kamera geçrilýändigini we olary örän ýokary derejedäki gyzgynlyga eýe bolan garyndynyň herekete getirýändigini gürrüň berdiler. Turbinalaryň aýlanyş kuwwaty olara birikdirilen generatorlar arkaly tok elektrik energiýasyna öwrülýär. “General Elektriс” amerikan kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan işlenip taýýarlanylan gaz turbinalarynyň işleýiş tehnologiýasy häzirki wagta iň netijeli, howpsuz we ekologiýa taýdan arassa hasap edilýär. Munuň özi daşky gurşawy goramakda örän uyl ösüşdir we zyýanly galyndylarynyň möçberini azaltmak üçin peýdalanýylýan suwy hem-de tebigy gazy tygşytlamaga mümkinçilik berýär.
Elektrik bekediniň işleýiş ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, onuň ätiýaçlyk, dizel ýangyjynda işlmegi hem göz öňünde tutulandyr. Munuň üçin energiýa toplumynyň çäklerinde her biriniň kuwwaty 1263 kilowat/sagada deň bolan dizel generatorlarynyň 4-si oturdyldy, dizel ýangyjyny ýeterlik mukdarda ätiýaçlykda saklamak üçin uly göwrümli gaplar bina edildi.
Elektrik bekediniň baş binasy barada aýdylanda bolsa, bu ýerde dolandyryş işgärleriniň otaglary, şeýle hem elektrik bekedi dolandyrylýan esasy desga ýerleşýär we ol iň häzirkizaman kompýuter ulgamlary hem-de Italiýadan, Çehiýadan, Belgiýadan, Gollandiýadan, Türkiýeden we beýleki ýurtlardan dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň öndüren dürli tehniki serişdeler bilen enjamlaşdyrylandyr. Ol bekediň hünärmenlerine gazturbina enjamlarynyň we paýlaýjy gurnamalaryň sazlaşykly işine gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär, paýlaýjy abzallar dürli kuwwatlykdaky elektrik energiýasyny ibermäge, şeýle hem arassalanan we gyzdyrylan tebgy gazy gazturbina enjamlaryna bölüp berýän bekedi dolandyrmaga mümkinçilik berýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dürli tehnologiki amallaryň geçirilişi bilen içgin tanyşýar. Bu ýerde ýokary tehnologiýaly elektron enjamlarynyň işlemegi üçin aňrybaş şertler döredildi, zerur howa derejesiniň saklanmagy üpjün edilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň elektrik bekediniň tanyşlygynyň barşynda bekediň işgärleri milli Liderimize energetika pudagynyň şunuň ýaly häzirkizaman desgasynyň bina edilendigi üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler, bu ýerde işgärler üçin iň amatly şertler döredilipdir.
Täze elektrik bekediniň taslamasynyň çäklerinde işgärler üçin umumy ýaşaýyş jaýy, ýangyna garşy göreş gullugy üçin bina, ammar we beýleki kömekçi binalar guruldy. Edara binasynda iş otaglarynyň 16-sy ýerleşdirildi, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen okuw geçmek üçin 50 orunlyk synp otagy, mejlisler zaly, naharhana bar.
Döwlet Baştutanymyz dabaraly ýagdaýda sensor düwmäni basyp, täze elektrik bekedini işe girizýär. Bu ýerde oturdylan monitorlarda turbinalaryň işleýşine, kuwwatly gazturbina elektrik bekediniň barha güýjüni artdyrýandygyna syn edip bolýar.
Döwlet Baştutanymyz tehnologiýa amallarynyň ýerine ýetirilişini üns bilen synlaýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň energetika işgärleriniň pudaklaýyn taslamalar durmuşa geçirilende esasy wezipeleriniň biriniň ýokary netijeli, ygtybarly iň täze tehnologiýalary ulanmak bolup durýandygyn nygtady.
Şeýlelikde, täze elektrik bekedinde işlenip çykarylýan elektrik energiýasy Türkmenistanyň umumy energetika ulgamyna goşulýar. Derwezedäki gazturbina elektrik bekediniň işe girizilmegi, diňe bir paýtagtymyza elektrik energiýasyny ibermegi artdyrmak, okgunly ösýän Aşgabat şäheriniň energiýa ulgamynyň bökdençsiz işlemegi üçin goşmaça kepillikleri üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, tutuş welaýaty köp ýyllaryň dowamynda elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmäge mümkinçilik berer, türkmen elektrik energiýasynyň eksport möçberlerini ep-esli artdyrar.
Bu elektrik bekedi türkmen paýtagtyny elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi has-da gowulandyrmak boýunça toplumlaýyn taslamany dumuşa geçirmek maksady bilen Aşgabadyň töwereginde döredilýän täze energetika halkasynyň möhüm bölegi bolup durýar. Paýtagtymyzyň ähli etraplarynda dürli kuwwatlykdaky onlarça kiçi elektrik beketleri, ýüzlerçe elektrik paýlaýjy enjamlar oturdylar, birnäçe ýüz kilometr uzynlykda elektrik geçirijileri çekiler. Köçeleri yşyklandyrmak üçin kiçi transformator beketleri gurlar. Ähli ýaşaýyş jaýlarynda diýen ýaly paýlaýjy enjamlar çalşylar we olaryň ýerine elektrik geçirijileri çekiler. Şeýlelikde, öz möçberleri boýunça ägirt uly bolan bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen Aşgabadyň tutuş elektrik üpjünçiligi doly täzelener.
Ýurdumyzyň häzirkizaman energetika pudagy täze kuwwata eýe boldy—giň halkara hyzmatdaşlyk syýasyny durmuşa geçirýän Türkmenistanyň ägirt uly energetika we ykdysady kuwwaty özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin barha köpsanly daşary ýurt kompaniýalarynyň uly gyzyklanmasyny döredýär. Milli ykdysadyýetimiziň strategiki häsiýetli pudagynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli çözmekde bu ugurda ornaşdyrylýan innowasiýalar, şeýle hem ýurdumyzyň ägirt uly tebigy gaz gorlary ýardam edýär, tebigy gaz bolsa häzirki wagtda elektrik beketleri üçin netijeli hem-de ekologiýa taýdan howpsuz ýangyçlaryň biridir. Türkmenistan energetika ulgamynda halkara ähmiýetli iri taslamalary yzygiderli durmuşa geçirmek bilen bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy meselelere ýokary derejede jogapkärli çemeleşmegiň nusgasyny görkezýär.
Giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek Garaşsyz Bitarap Türkmenistan BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlyga aýratyn üns bermek bilen ähli adamzady tolgundyrýan möhüm meseleleriň has amatly çözgüdini işläp taýýarlamak boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga işjeň gatnaşýar. Bu maksatlara ýetmek ugrunda biziň ýurdumyzyň energetika howpsuzlygyny ählumumy derejede üpjün etmäge, Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrmaga we häzirki döwrüň beýleki möhüm meseleleri boýunça başlangyçlary Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan BMG-niň belent tribunasyndan beýan edildi.
Döwlet Baştutanymyz mejlisler zalyna geçýär, bu ýerde pudaklaýyn edaralaryň wekilleri, elektrik stansiýalarynyň işgärleri, daşary ýurt işewürleri ýygnandylar.
Hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylar bilen duşuşykda ýurdumyzyň elektrik energiýasyna bolan zerurlyklaryny ygtybarly hem-de bökdençsiz üpjün etmek maksady bilen, 2013-nji ýylyň 12-nji iýulynda “Çalyk Enerji Sanaýi ve Tijaret A.Ş.” türk kompaniýasy tarapyndan Ahal welaýatynyň Derweze etrabynda kuwwaty 504,4 megawat bolan elektrik stansiýasyny gurluşygy baradaky Karara gol çekilendigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda elektrik energetikasy pudagyna ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna uly üns berilýändigini belledi. Bu bolsa ýangyjyň sarp edilişini azaltmaga we şol bir wagtda elektrik energiýasynyň öndürilişini artdyrmaga mümkinçilik berýär. Türkmenistan bu ugurda belli daşary ýurt kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk edýär. Olaryň hatarynda abraýly amerikan “General Elektriс” kompanýiasy bar. Bellenilişi ýaly, bu elektrik stansiýasyny enjamlaşdyrmak boýunça bilelikdäki işe dünýäniň belli elektrik enjamlaryny öndüriji kompaniýalarynyň üç müňden gowrak hünärmeni çekildi.
Elektrik stansiýasy 32 gektar meýdany eýeleýär diýip atmak bilen, türkmen Lideri, onuň gurluşygyny mundan beýläk-de giňeltmek maksady bilen ýene-de bu ýerde şonuň ýaly meýdanyň zerur bolan düzümleri hem-de elektrik geçiriji ulgamlary gurmak üçin bölünip berlendigini belledi. Bu taslamaynň durmuşa geçirilmegi netijesinde ýüzlerçe täze iş orunlary dörediler.
Derweze elektrik stansiýasyna işe girizmegi bilen ýurdumyzda hereket edýän elektrik stansiýalaryň sany 12-ä ýetiriler, olarda 47 turbina bolup, turbinalaryň 30-sy gaz bilen, 14-si bug bilen we 3-si suw bilen işleýärler hem-de şu gün açylan täze desga taslama kuwwatyna çykandan soňra ýurdumyzyň jemi energetika kuwwaty 5178,6 megawatta deňdir.
Häzirki wagtda Lebap welaýatynyň Beýik Türkmenbaşy etrabynda kuwwaty 254 megawata deň bolan elektrik stansiýasynyň gurluşygy alnyp barylýar. Ýakynda bolsa Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde utgaşykly dolandyrylýan kuwwaty 1574 megawat bolan bug-gaz elektrik stansiýasynyň düýbini tutdyk. Bu iki desganyň ulanmaga berilmegi bilen ýurdumyzyň energetika kuwwaty ýene-de 1828 megawat artar. Şeýlelikde, ýurdumyzda hereket edýän ähli elektrik stansiýalarynyň umumy kuwwaty 7006,6 megawata deň bolar. Dünýä ülňülerine deň gelýän bu desgalar ýurdumyzyň elektrik energiýasyny has-da artdyrmaga mümkinçilik berer.
Ýurdumyzyň elektrik energetikasynyň ägirt uly mümkinçilikleri barada aýtmak bilen, milli Liderimiz Türkmenistanyň energiýa serişdelerine iň baý döwletleriň biri bolup durýandygyny, mälim bolşy ýaly, elektrik energiýasynyň önümçiliginiň dünýäde iň girdejili önümçilikleri biri hasap edilýändigini belledi. Şundan ugura alnyp, bu pudaga goýberilýän maýa serişdeleriniň möçberleri yzygiderli artdyrylýar. Netijede, häzirki wagtda türkmen energetika senagaty birsydyrgyn ýokary ösüş depginlerini saklaýar we eksport edilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini ep-esli artdyrmaga ukuplydyr. Şunda doganlyk Owganystana aýratyn ähmiýet berilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Soňra “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjlar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk we “General Elektriс Rower & Water” amerikan kompaniýasynyň Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Afrika ýurtlary boýunça ýolbaşçysy Rikardo Kordoba döwlet Baştutanymyzy Derweze etrabynda milli ykdysadyýetimiz üçin strategiki ähmiýet eýe bolan desganyň – kuwwaty 504,4 megawatlyk gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň üstünlikli işe girizilmegi bilen gutladylar.
Türkiýäniň we ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekilleri halkara derejesinde özüni örän ygtybarly işewür hyzmatdaş hökmünde görkezen Türkmenistan bilen köpýyllyk hyzmatdaşlyga buýsanýandyklaryny nygtadylar. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan iri möçberli özgertmeler maksatnamalaryna haýran galýandyklaryny beýan edip, işewürler Türkmenistanyň energetika pudagyny ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda gysga döwrüň içinde iri möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilendigi, täze kuwwatly elektrik stansiýalarynyň gurlandygyny we ulanmaga berlendigini bellediler. Şunlukda, elektrik energiýasy bilen içerki zerurlyklary ygtybarly we böwdençsiz üpjün etmegiň binýady döredildi we daşary ýurtlara iberilýän energiýanyň möçberleri yzygiderli artdyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa kompaniýalara uly ynam bildirilendigi üçin hoşallyklaryny beýan edip, işewürler döwlet Baştutanymyzy geljekde hem öz ähli hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar we türkmen Liderine hem-de türkmen halkyna mundan beýläk-de gülläp ösüş we abadançylyk arzuw etdiler.
Şanly waka mynasybetli döwlet Baştutanymyz Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgysyny galdyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow elektrik stansiýasyndan çykyp, ýolugra şu günki dabara gatnaşýan syýasatşynaslar bilen gürrüňdeş boldy, olar dürli ugurlarda-- žurnalistika ugrunda, ylymda, dürli edaralarda, döwlet gullugynda we beýleki ýerlerde zähmet çekýärler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň energetika pudagyna ýylyň-ýylyna ägirt uly maýa goýumlaryny gönükdirýändigini hem-de milli energiýa ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleriň aýratyn möhümdigini belledi. Olaryň üstünlikli durmuşa getirilmegi diňe bir ilatymyzy we ýurdumyzyň senagat desgalaryny elektrik energiýasy bilen durnukly hem-de ygtybarly üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, türkmen elektrik energiýasyny dürli ugurlar boýunça, ilkinji nobatda bolsa Türkmenistanyň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklaýan hem-de geljekde hem şeýle gatnaşyklary saklamagy maksat edinýän döwletlerine eksport möçberlerini ep-esli köpeltmäge mümkinçilik berer. Döwlet Baştutanymyz şunda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan iri möçberli özgertmeleriň ähmiýeti barada raýatlara köpçüligiň öňünde çykyş etmek hem-de düşündiriş bermek arkaly beýan etmegiň syýasatşynaslaryň ilkinji derejeli wezipeleri bolup durýandygyna ünsi çekdi.
Öz nobatynda, syýasatşynaslar hormatly Prezidentimize özlerine bildirilen ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, geljekde hem öz öňlerinde goýlan wezipeleri mynasyp ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.
Ýurdumyzyň energetika pudagynyň işgärleri döwlet Baştutanymyzy şowhunly el çarpyşmalar bilen ugratdylar. Milli Liderimiz elektrik bekediniň işgärleri toparyna üstünlikler arzuw edip, olara täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy we bu ýerden ugrady.