Ï “Türkmentel-2015”: ýokary tehnologiýalar ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Türkmentel-2015”: ýokary tehnologiýalar ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlyk

view-icon 690
Şu gün türkmen paýtagtynda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlaryň we teleýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel-2015” IX halkara sergisiniň we onuň çäklerindäki ylmy maslahatyň açylyş dabarasy boldy. Ony Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen Söwda-senagat edarasy bilelikde guradylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça her ýylda geçirilýän we ýurdumyzyň sazlaşykly ösýän maglumat tehnologiýalary, telearagatnaşyk we teleýaýradyş enjamlary senagatynyň ösen derejesini giňden beýan etmäge gönükdirilen iri pudaklaýyn çäre bolup durýar. Halkara sergisi we maslahat oňa gatnaşyjylara tejribe alyşmaga, ulgamda dünýäniň täze işläp taýýarlamalaryny peýdalanmak, pudagara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak we berkitmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.


Bu iri foruma gatnaşmaga gyzyklanma bildirýänleriň sany yzygiderli artýar. Munuň özi dünýä ykdysady giňişligine işjeň goşulýan we özara peýdaly hyzmatdaşlygyň uly geljegine eýe bolan ýurdumyza bildirilýän gyzyklanmalaryň yzygiderli ösýändigini alamatlandyrýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan döwlet durmuşynyň ähli ulgamlaryna, telearagatnaşyk we ýokary tizlikli maglumat tehnologiýalaryna ösüşiň täzeçil usullarynyň ornaşdyrylmagynyň işjeň tarapdary bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz milli bähbitleri, ösüşiň durmuş-ykdysady we ruhy-medeni wezipelerini nazara almak bilen, dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri we ähli ýurtlar bilen netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdyr. Bu gezekki foruma dünýäniň 15 ýurdundan aragatnaşyk, teleýaýradyş ulgamynda işleýän düzümleriň, öňdebaryjy önüm öndüriji we ýokary tehnologiýaly enjamlary getirýän kompaniýalaryň wekiliýetleriniň, kämil tehnologiýalary we hyzmatlary işläp taýýarlaýjylaryň, iri halkara guramalary, aragatnaşyk we programma üpjünçiliginiň operatorlarynyň gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Şeýle hem dabara gatnaşýanlaryň hatarynda ýurdumyzyň öňden gelýän hyzmatdaşlary, aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary bazarynda dünýäde öňdebaryjylar bolan “THALES AleniýaSpace” “Nokia”, “Rohte&Schwarz”, “HUAWEI Technolgoiýes”, “SonyElektronik”, “Eastwind”, “MTS Telekom”, “Gazprom Kosmiçeskiýe sistemy”, “Coriant”, “Kingston Technology”, “Softline Trade”, “Panasonic” ýaly kompaniýalar we beýlekiler bar. Bu gezekki foruma diňe bir işewür toparlary däl, eýsem, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Şweýsariýanyň, Russiýanyň, Ýaponiýanyň, Hytaýyň, Ukrainanyň, Belarusiýanyň, Täjigistanyň, Gazagystanyň we beýleki ýurtlaryň bu ulgamda işleýän hünärmenleri, öňdebaryjy alymlary, bilermenleri gatnaşýarlar.

Paýtagtymyzdaky sergi köşgünde däp boýunça her ýylda geçirilýän “Türkmentel-2015” halkara forumynyň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary, jemgyýetçilik guramalaryň, ýokary okuw mekdepleriň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.


Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara we myhmanlara iberen Gutlagyny ruhubelentlik bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamyna täze tehnologiýalarynyň we ylmy-tehniki ösüşiň iň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna, milli telearagatnaşyk ulgamyny halkara ülňülerine laýyk derejede ösdürmek boýunça ýola goýulýan halkara hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Ýurdumyzyň telearagatnaşyk pudagynyň ählumumy ulgama goşulmagy boýunça her ýylda Aşgabatda geçirilýän pudaklaýyn forumda ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirilen möhüm wezipeleriň netijeli çözgüdini tapmakda oňa gatnaşyjylara uly üstünlikleri arzuw edip, milli Liderimiz Türkmenistan 2015-nji ýylda özüniň milli “TürkmenÄlem52oE” emeli hemrasyny kosmos giňişligine çykarmak bilen bu ugurda netijeli iş alyp barýan ýurtlaryň hataryna goşulandygyny aýratyn belledi.

“Bu örän guwandyryjy wakalaryň biridir. Indi ýurdumyz dürli görnüşli hemra aragatnaşyk hyzmatlaryndan peýdalanmaga we Ýer ýüzüniň beýleki onlarça döwletlerine bu ugurda hyzmatlary etmek mümkinçiligine eýe boldy. Bu bolsa, ýurdumyzyň telekommunikasiýa ulgamyny kämilleşdirmäge, hususan-da, ýokary tizlikli internet ulgamynyň elýeterliligini, ýokary hilli telegepleşikleri, hemra arkaly aragatnaşyk hyzmatlaryny üpjün etmek bilen birlikde, ýurdumyzyň innowasion ösüşine, milli ykdysadyýetiň ösdürilmegine, halk hojalygynyň pudaklarynyň maglumat-aň-bilim mümkinçilikleriniň artmagyna, täze ylmy taslamalaryň durmuşa geçirilmegine ýardam berer. Geljekde älem giňişligini öwrenmek, bu ugurda ylmy-barlag işlerini alyp barmak, howa şertlerini we ýer serişdelerini öwrenmek boýunça hem netijeli çäreler durmuşa geçiriler” diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ösüşi boýunça uzakmöhletleýin maksatnamany ýerine ýetirmek üçin öňdebaryjy kosmiki tehnologiýalary peýdalanmak baradaky başlangyjy amala aşyrylýan döwlet özgertmelerine kuwwatly itergi berer. Milli emeli hemra we aragatnaşygyň telekommunikasiýa ulgamy ýokary halkara ülňülerine laýyk gelmek bilen, döwletimiziň häzirki döwürde diňe sebitiň ýurtlary üçin däl, eýsem Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda möhüm maglumat-aragatnaşyk merkezi hökmündäki geljekki ösüşiniň baş ugruny kesgitleýär.


Sergide ýurdumyzyň aragatnaşyk bölümleriniň, şeýle hem olaryň daşary ýurtly hyzmatdaşlarynyň 100-e golaý bölümleri ýaýbaňlandyryldy. Olar aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamynda geljegi uly möhüm döwlet maksatnamalaryny we taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýärler. Şeýle hem bu ýerde daşary ýurt kompaniýalary we firmalary bilen ýygjam gatnaşyklary ýola goýan türkmen telekeçileriniň önümi görkezilýär.

Häzirki zaman wideoenjamlary, uly monitorlary bolan diwarlyklary, yşyklandyryş pannolary arkaly olar sanly alnyp eşitdirilişiň we alnyp görkezilişiň, hemra, ykjam we elektron aragatnaşygyň täzeçil önümleriniň köpsanly nusgalary, ses we wideoýazgylaryň, howany çaklaýan ulgamyň serişdeleri görkezildi.

Aragatnaşyk ministrliginiň, “Türkmentelekom” döwlet elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň we onuň welaýatlardaky bölümleriniň, “Altyn Asyr” ykjam aragatnaşyk kärhanasynyň, şeýle hem “Türkmenpoçta” bölümleriniň diwarlyklarynda myhmanlara we sergä gatnaşyjylara ulgamlaýyn we ykjam aragatnaşyk serişdeleriniň, telearagatnaşyk ulgamynyň binýadynda maglumatlary elektron usulda ibermegiň, milli teleradioýaýlymlaryň ýokary hilli alnyp görkezilmegini üpjün etmegiň, şeýle hem ýurdumyzda we daşary ýurtlarda gyssagly poçta ugratmalarynyň dürli görnüşleri giňden beýan edildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiň sergi bölümi köp adamly boldy. Bu ýerde degişli gulluklaryň işiniň hilini kämilleşdirmäge gönükdirilen täze enjamlar görkezildi. Türkmen Döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň bölüminde myhmanlara talyplaryň işläp taýýarlamalarynyň we barlaglarynyň netijeleri hödürlenilýär.

Mälim bolşy ýaly, diňe bir täze enjamlaryň, aragatnaşyk, kärhanalar we pudaklaýyn düzümleriň edaralary üçin wideogözegçilik serişdelerini getirmek bilen çäklenmän, eýsem, ýokary tehnologiýalary bazarynda öz ornuny pugtalandyrýan türkmen telekeçileri hyzmatlaryň giň görnüşlerini hödürleýärler. Şeýle hem olar bu ulgamda gurluşyk, gurnama we enjamlary oturtmak işlerini alyp barýarlar. Olaryň hatarynda “Adwis”, “Diýarkom”, “Habardar”, “Kepil pikir”, “Täzedünýä”, “Tehniki hyzmat”, “Nokat kompýuter”, “Türkmen tranzit”, “Dostluk” ýaly ýurdumyzyň hususy düzümleri bar.


Günüň ikinji ýarymynda sergi köşgüniň maslahatlar zalynda pudagyň ösüşiniň möhüm meselelerine we gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna bagyşlanan ylmy maslahat öz işine başlady. Oňa milli döwlet aragatnaşyk düzüminiň hünärmenleri, bilermenleri, daşary ýurtlaryň belli alym-işläp taýýarlaýjylary, programmaçylary, işewür düzümleriň wekilleri gatnaşdylar.

Ylmy forumyň maksatnamasyna halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak Türkmenistanyň aragatnaşyk ulgamyna daşary ýurt maýalaryny, täzeçil tehnologiýalaryny çekmek, bu ugurda ygtybarly we ýokary hilli hyzmatlary üpjün etmek maksady bilen maglumat-telekommunikasiýa ulgamyny ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Plenar mejlisiň barşynda ýurdumyzda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary pudagyny ösdürmegiň, ählumumy gatnaşyklary döretmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Ulgama hemra agaratnaşygyny ornaşdyrmak we Türkmenistanyň halkara maglumat giňişligine aralaşmagy bilen baglanyşykly meseleler maslahatyň işiniň özenini düzdi.

Halkara sergi öz işini 18-nji sentýabra çenli dowam eder.