Ï Türkmenistanyň Prezidenti “Petronas” kompaniýalar toparynyň baştutanyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti “Petronas” kompaniýalar toparynyň baştutanyny kabul etdi

view-icon 977
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky Kongresler merkezinde “Petronas” kompaniýalar toparynyň prezidenti we ýolbaşçysy jenap Datuk Wan Zulkifli Wan Ariffini kabul etdi

Myhman wagt tapyp kabul edilendigi üçin hoşallygyny beýan etdi we pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyzy şanly waka – “Gündogar-Günbatar” gazgeçirijisiniň işe girizilmegi bilen gutlady, bu turbageçiriji ýurdumyzyň gaz känlerini bitewi ulgama birleşdirer. Işewür Türkmenistanyň öz güýji bilen we gysga wagtyň dowamynda amala aşyran döwrüň talap edýän bu taslamasynyň möçberlerine tüýs ýürekden haýran galýandygyny beýan edip, ýurduň içinde kemala gelen energetika üpjünçiliginiň bitewi ulgamynyň energiýa serişdelerini dürli ugurlar boýunça bökdençsiz ibermegiň özboluşly kepili bolup hyzmat edýändigini we munuň öz nobatynda Türkmenistanyň öz “mawy ýangyjyny” täze geljegi uly bazarlara ibermegiň ugurlaryny diwersifiksasiýa etmek boýunça Türkmenistanyň ägirt uly meýilnamalaryny hasaba almak bilen hakara hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny belledi.

Milli Liderimiz gutlaglar üçin minnеtdarlyk bildirip, şu günki wakanyň aýratyn ähmiýetini nygtady, täze gazgeçirijisiniň gurluşygy “Türkmenistany 2011-2030-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmeginiň Milli maksatnamasynyň” çäklerinde amala aşyrylýan ägirt uly taslamalaryň biridir, munuň özi ählumumy energetika howpsuzlygynyň esaslaryny pugtalandyrmaga uly goşant goşýýan türkmen döwletiniň energetika startegiýasyny durmuşa geçirmegiň ýolunda möhüm ädimdir.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti we myhman şu ýyllaryň dowamynda özara ynama, uzakmöhletleýin geljege hem-de iki tarapyň hem bähbidine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. “Petronas” kompaniýasy Hazar deňziniň türkmen ýalpaklygyny özleşdirmäge girişen ilkinji daşary ýurt kompaniýasydygyny bellemek gerek.

Türkmen Lideriniň başlangyjy bilen milli we halkara ähmiýetli iri möçberli ykdysady taslamalary durmuşa geçirmäge öz ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň işjeň gatnaşmaga hem-de netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge uly gyzyklanma bildirýändigini beýan edip, jenap Datuk Wan Zulkifli Wan Ariffin soňky wagtlarda amala aşyrylan işler barada hasabat berdi hem-de döwlet Baştutanymyzyň garamagyna ýangyç-energetika ulgamda hyzmatdaşlyk baradaky täze teklipleri hödürledi, Türkmenistan ykrar edilen energetiki döwlet hökmünde bu ulgamy ösdürmäge ilkinji derejeli üns berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan “açyk gapylar” we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine üýtgewsiz eýermek bilen, baý tejribä we innowasiýa tehnologiýalaryna eýe bolan daşary ýurtly hyzmatdaşlary ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny toplumlaýyn ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça iri möçberli strategiýany amala aşyrmagyň çäklerinde durmuşa geçirilýän möhüm maýa goýum taslamalaryna işe çekmäge hemmetaraplaýyn gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Kompaniýanyň geljegi uly türkmen bazarynda öz ornuny giňeltmäge islegini hasaba almak bilen, nebitgaz pudagy üçin orta tehniki işgärlerden ýokary hünärli inžener we ýolbaşçy düzümiň hünärmenlerini taýýarlamaga çenli möhüm ugurda hyzmatdaşlyk etmek ileri tutlýan ugurlaryň biri hökmünde görkezildi. “Petronasyň” tehniki uniwersitetiniň binýadynda türkmen talyplarynyň onlarçasy okadylar we häzirki wagtda okaýarlar, bu kompaniýa Malaýziýada okamaga isleg bildirýänleriň sanyny geljekde hem artdyrmaga taýýardygyny birnäçe gezek beýan etdi.

Kompaniýa tarapyndan geçirilýän ähli işleriň umumy kabul edilen kadalara laýyklykda alnyp barylýandygyny belläp, myhman özlerine bildirilýän ýokary ynam üçin ýene bir gezek hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň geljekde hem öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmek bilen, türkmen tarapy bilen baglaşylan ylalaşygyň ähli şertlerine eýerjekdigine ynandyrdy.