Ï “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” - Türkmenistanda sport biraýlygynyň şygary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Sagdynlyk we bagtyýarlyk” - Türkmenistanda sport biraýlygynyň şygary

view-icon 4373
Şu gün, 5-nji aprelde Türkmenistanda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly şygar astynda köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we medeni-sagaldyş çärelerine badalga berilýär. Bu çäreler ýurdumyzyň ähli künjeginde 2016-nji ýylyň 5-nji maýyna çenli geçiriler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen her ýyl geçirilýän, döwletimiziň baş gymmatlygy adam baş baýlygy bolsa halkymyzyň saglygy diýlip ykrar edilen ýurdumyzda durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugruny şöhlelendirýär. Bu diňe bir şygar bolman, jemgyýetimiziň ösüşini, geljegini, döredijilikli durmuşy gurmagyň esasyny düzýän ýörelge bolup durýar.

Ilatyň saglygy döwletimiziň möhüm baýlygydyr, ýokary zähmet mümkinçilikleriniň zerur şertidir, medeni derejesiniň hem-de milli Liderimiziň öňde goýan ruhy-ahlak başlangyçlarynyň durmuş-ykdysady strategiýasynyň netijeliliginiň aýdyň görkezijisidir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň saglygyny, ilkinji nobatda bolsa, ösüp gelýän ýaş nesliň saglygyny goramagy döwlet üçin iň möhüm wezipe hökmünde kesgitlän hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary derejeli sporty ösdürmek üçin uzakmöhletleýin umumymilli maksatnama guramaçylykly we maksada okgunly häsiýet berdi. Eýýäm bu ugurda birnäçe anyk ädimler ädildi. Muňa mysal hökmünde ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri boýunça umumymilli oýunlaryň we halkara ýaryşlaryň guralmagyny, sportuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyny we giňeldilmegini görkezmek bolar.

Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan ýaş nesliň ahlak terbiýesiniň we dünýägaraýşynyň möhüm bölegi bolan bedenterbiýe-sport hereketi saglygy goramagyň iň bir täsirli guraly bolup hyzmat edýär.

Sagdyn durmuş ýöreleglerini kemala getirmegiň esasynda şu biraýlyk ýaly giň göwrümli çäreler bar. Ol ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işgärleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda şu gün ähli welaýatlarda we Aşgabatda uzak aralyga ylgaw bilen açylar.

Ylgawyň saglyk üçin peýdalydygy hakyndaky jedelsiz hakykaty hemmeler bilýär. Gadymy Gresiýada aýdylan “Güýçli boljak bolsaň- ylga, owadan boljak bolsaň-ylga, paýhasly boljak bolsaň-ylga” diýen sözler biziň günlerimize gelip ýetipdir hem-de häzirki wagtda hem öz ähmiýetini ýitirmeýär. Ýöne köp adamlar gündelik durmuşynda bu hakykata eýermeýär. Ine-de, “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly ajaýyp şygar sport biraýlygynyň ilkinji gününde—5-nji aprelde baharyň ir säherinde hereketiň şatlygyny, ruhubelentligi we şähdaçyklygy, ajaýyp we peýdaly endigi özümizde terbiýelemäge bolan meýillerimiziň umumylygyny duýmagymyz üçin, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bizi muňa çagyryşy ýaly, hemmämizi ylgaw ýodasyna çagyrýar. Paýtagtymyzda uzak aralyga köpçülikleýin ylgaw ýodasy hökmünde Köpetdag şaýoly saýlanyp alyndy. Şeýle ylgaw ýaşlary we zähmetkeşleri ähli welaýat merkezleriniň şaýollarynda hem özünde jemlär.

Sagaldyş ylgawy bedenterbiýe bilen meşgullanmagyň iň ýönekeý we elýeterli görnüşidir. Şonuň üçin hem ol köpçülikleýin häsiýete eýe bolmak bilen, ençeme keselleriň öňüni almagyň netijeli usulydyr. Ylgaw sportuň ähli görnüşlerinde diýen ýaly taýýarlygyň edil esasy serişdesi bolmasa-da, zerur serişdesi bolup durýar. Şu gün Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda geçiriljek “Bedenterbiýe we sportda—Arkadagyň ýoly bilen!” atly ylmy-amaly maslahat hem sporty giňden wagyz etmäge, bedenterbiýe bilen köp adamlary yzygiderli meşgullanmaga çekmäge bagyşlanýar.

“Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe - sport we medeni-sagaldyş çäreleri şu gün paýtagtymyzyň “Galkynyş” bedenterbiýe-sagaldyş toplumynda, welaýat merkezlerindäki sport toplumlarynda, şeýle hem etraplaryň sport mekdeplerinde we sport meýdançalarynda geçiriler.

Ýurdumyzda her ýyl edara-kärhanalaryň zähmetkeşlerini, talyp ýaşlary özünde jemleýän “Türkmenistan - ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly spartakiada hem ilatyň giň köpçüligini sagdyn durmuş ýörelgesine we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga çekmäge gönükdirilendir.

“Sagdynlyk we bagtyýarlyk” çäreleriniň geçýän günlerinde bu sport ýaryşlarynyň jemleýji bäsleşigi hem bolar. Welaýatlaryň we Aşgabadyň zähmetkeşleriniň ýygyndy toparlary paýtagtymyzyň hem-de Ahal welaýatynyň sport meýdançalarynda futbol, woleýbol, gandbol, tennis, dzýu-do, grek-rim we erkin göreş, basketbol, sambo, milli göreş, boks boýunça aýgytlaýjy duşuşyklary geçirer.

Ýokary okuw mekdepleriniň talyplar toparlary, başlangyç we orta hünär okuw mekdepleriniň okuwçylary basketbol, woleýbol, ýedi top oýny, küşt we şaşka, suwda ýüzmek, badminton boýunça ýaryşlarda ýeňijini kesgitlär.

6-njy aprelde Aşgabadyň ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna ýokary derejede taýýarlyk görmek bilen bagly türkmen sportunyň ösüşi baradaky meseleler boýunça amaly maslahat geçiriler.

Aziýa oýunlarynyň Aşgabatda geçirilmegini sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary we millionlarça türkmenistanlylary sport bilen meşgullanmaga ruhlandyrýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda halkymyzyň gazanan nobatdaky ýeňşi diýip ynamly aýtmak bolar. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlary netijesinde milli sport hereketi ýokary derejeli sporty täze güýçler we ýaş zehinler bilen üpjün edip, batly depginler bilen ösýär. Türgenlerimiz halkara ýaryşlarynda ajaýyp ýeňişleri gazanýar. Häzir bolsa olaryň öňünde ýurdumyzda geçirilýän Aziýa oýunlarynda mynasyp çykyş etmek wezipesi durýar. “Aşgabat-2017” taslamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek tutuş ýurdumyzyň abraýydyr.

Aziadanyň maksatnamasyna girýän sport görnüşleriniň biri hem taýboksdyr. Aprel aýynyň 6-syndan 8-ne çenli paýtagytymyzyň “Galkynyş” bedenterbiýe-sagaldyş toplumynda taýboks boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçiriler. Bu ýaryş diýseň gyzykly wakalary wada berýär.

Şol günler Türkmenabadyň 4-nji sport mekdebinde kuraş boýunça ýurdumyzyň çempionaty geçiriler. Aşgabat şäheriniň sport baradaky komitetiniň 4-nji toplumlaýyn sport mekdebinde kabbadi boýunça geçiriljek ýene bir çempionat 6-njy aprelde badalga alar. Bu ýaryş 9-njy aprele çenli dowam eder.

Paýtagtymyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleri aprel aýynyň ikinji hepdesinde öz aralarynda woleýbol, tennis, ýaglyga towusmak, milli göreş we tanap çekişmek boýunça bäsleşerler. Ýaryşlar Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň sport meýdançalarynda guralar.

Aprel aýynyň 6-syndan 10-na çenli aralykda “Olimp” sport mekdebinde 1998-nji ýylda doglan ýetginjekleriň arasynda woleýbol boýunça Türkmenistanyň birinjiligi ugrunda ýaryş geçiriler.

7-nji aprelde ýurdumyz halkara jemgyýetçiligi bilen bilelikde Bütindünýä saglyk gününi bellär. Bu gün bize ýene bir iri sport çäresi - köpçülikleýin welosipedli ýöriş garaşýar.

Paýtagtymyzyň Çandybil şaýolunda we welaýat merkezleriniň şaýollarynda geçiriljek uzak aralyga nobatdaky welosiped ýaryşy müňlerçe adamy özünde jemlär. Şanly sene mynasybetli hemme ýerde medeni, sport we wagyz çäreleri geçiriler. Günüň baý mazmunly maksatnamasynda sportuň suw görnüşleri we buzda figuralaýyn typmak boýunça görkezme çykyşlary bar. Bu çäreler paýtagtymyzyň “Olimpiýa” suw-sport toplumynda we Gyşky oýunlar sport toplumynda geçiriler.

Bütindünýä saglyk güni giň köpçülige saglygyň näderejede zerurdygy we gymmatlydygy, ony gorap saklamak üçin näme etmelidigi barada düşündirmek maksady bilen geçirilýär. 7-nji aprelde paýtagtymyzyň lukmanlary «Süýjili diabet» keseliniň meselelerine ilatyň ünsüni çekmäge, şeýle hem sagdyn iýmitlenmek we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge gönükdirilen birnäçe wagyz-nesihat we öňüni alyş çärelerini geçirerler. Halkara okuw ylmy merkezinde geçiriljek ylmy-amaly maslahat hem bu meselä bagyşlanar.

8-10-njy aprelde D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň sport meýdançasynda basketbol boýunça Türkmenistanyň çempionaty bolar.

Türkmen sporty öz gözbaşyny durmuşa giňden ornaşan sport we hereketli oýunlardan alyp gaýdýar. Sportuň göreş, at çapyşygy, ýaglyga towusmak, ýedi top ýaly köp görnüşleri bedenterbiýäniň milli ýörelgelerinden gözbaş alýar.

“Sagdynlyk we bagtyýarlyk” çärelerine türkmen milli oýunlary boýunça ýaryşlar ajaýyp hem-de özboluşly öwüşgin berer. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça yglan edilen Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň hormatyna bagyşlanyp guralýan bu ýaryşlar “Aşgabat” köpugurly stadionynda aprel aýynyň 9-na geçiriler.

Bu ýaryşlar bilen bilelikde, bu ýerde ýetginjekleriň arasynda agyr atletika boýunça paýtagtymyzyň açyk birinjiligi bolar. Ýaryşyň ýeňijileri 10-njy aprelde kesgitleniler.

10-njy aprelde -- ýekşenbe güni Aşgabadyň eteklerinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň we gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň gatnaşmagynda Saglyk ýoluna köpçülikleýin çykmak hem-de sport çäreleri geçiriler.

Soňra “Aşgabat” sport-sagaldyş toplumynda sport tanslary boýunça Türkmenistanyň birinjiligi ugrunda bäsleşiler. Sportuň bu görnüşi hem Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýär. Sport tanslary boýunça Ýewropa we Latyn Amerikasy usullarynda (haýal hem-de wena walsçlary, tango, çalt we haýal fokstrot, samba, rumba, ça-ça-ça, jaýw hem-de pasodobl) medallaryň 10 toplumy ugrunda ýaryşlar geçiriler.

Şu ýylyň mart aýynda Aşgabatda sport tanslary boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçdi. Birinjilik ugrunda geçirilmeli bu ýaryş hem Aziada taýýarlygyň nobatdaky tapgyrydyr. Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde güýzde geçirilmegi göz öňünde tutulýan halkara synag ýaryşlary oýunlaryň öňüsyrasynda tansçylarymyz üçin nobatdaky möhüm synag bolar.

Aýyň köpsanly sport wakalarynyň arasynda halkara derejeli duşuşyklar hem bar. Olaryň biri hem Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň kubogy ugrunda topardaky saýlama ýaryşyň duşuşygydyr. Türkmenistanyň “Altyn asyr” topary Iordaniýa Patyşalygynyň iň güýçli futbol toparlarynyň biri “Al-Wihdat” bilen duşuşar. Olaryň arasyndaky Ammanda geçen duşuşyk deňlikde tamamlandy. Şonuň üçin hem 12-nji aprelde Aşgabatda geçiriljek duşuşyk toparlaryň ikisi üçin hem uly ähmiýete eýedir.

10-17-nji aprelde Balkanabatda 1999-njy ýylda doglan ýetginjekleriň arasynda futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiligi, 12-nji aprelden 15-nji aprele çenli bolsa “Olimpiýa” suw-sport toplumynda suwda ýüzmek boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçiriler.

12-17-nji aprelde woleýbol boýunça ýokary liganyň toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň çempionatynyň üçünji tapgyrynyň duşuşyklary Türkmenbaşy şäheriniň Kenar şäherçesiniň sport mekdebinde geçiriler. Sportuň dürli görnüşleri boýunça iň ussat türgenleri hem-de sport muşdaklaryny Türkmenabatda geçiriljek stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça (13-17-nji aprel), Daşoguzda geçiriljek uşu boýunça (14-17-nji aprel), Aşgabatda geçiriljek peýkamdan atmak boýunça we Maryda geçiriljek adaty karate boýunça (15-17-nji aprel) ýurdumyzyň birinjilikleri we çempionatlary özünde jemlär.

Mundan başga-da, Türkmenabatda ýeňil atletika boýunça ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiligi (15-18-nji aprel) we sport gimnastikasy boýunça Lebap welaýatynyň açyk birinjiligi (16-17-nji aprel) geçiriler.

Kardiologiýa ylmy-klinika merkezinde geçiriljek amaly maslahat (14-nji aprel) ilatyň saglyk, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, zyýanly endiklerden ýüz döndermek, ýokanç däl keselleriň öňüni almakda raýatlaryň sowatlylygyny ýokarlandyrmak meselelerine bagyşlanýar.

“Milli miras--nesilleriň ruhy hem-de beden saglygynyň egsilmez çeşmesi” atly ýene bir ylmy–amaly maslahat 2016-njy ýylyň Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly diýlip yglan edilmegi, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli geçirilýär. Ylmy-amaly maslahat Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda aprel aýynyň 16-syna geçiriler.

17-nji aprelde Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Aşgabadyň maliýe-ykdysadyýet orta hünär okuw mekdebiniň, ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň talyplarynyň gatnaşmagynda Saglyk ýoluna köpçülikleýin çykmak hem-de sport çäreleri guralar.

19-20-nji aprelde Aşgabadyň atçylyk sport toplumynda atçylyk sporty (päsgelçilikden bökmek) boýunça Türkmenistanyň açyk çempionaty geçiriler. Mälim bolşy ýaly, sportuň bu görnüşi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi boýunça milli göreş bilen bir hatarda, Aziada-2017-niň maksatnamasyna girizildi. Şonuň üçin hem çapyksuwarlarymyza oýunlara çenli galan döwürde öz ussatlyklaryny birkemsiz kämilleşdirmek zerur bolup durýar. At çapyşyklary türkmen halkynda asyrlaryň dowamynda uly meşhurlyga eýe bolupdyr. Päsgelçilikden bökmek bolsa atçylyk sportunyň ildeşlerimiz üçin täze görnüşidir. Ýöne türkmen çapyksuwarlary doga deňsiz-taýsyz jigit bolandygy sebäpli, bu görnüş boýunça hem oňat netijeleri görkezýärler.

Türkmenistan üçin sportuň täze bolmasa-da, ýaş görnüşi bolan hokkeý gysga möhletde ýurdumyzda uly meşhurlyk gazandy. 19-20-nji aprelde Gyşky oýunlar sport toplumynda hokkeý boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň jemleýji duşuşyklary geçiriler. Bu oýnuň iň ökde ussatlary ýurdumyzyň milli ýygyndysyna kabul ediler hem-de olar eýýäm geljek ýylda Ýaponiýanyň Sapporo şäherinde geçiriljek gyşky Aziýa oýunlarynda ilkinji gezek medallar ugrunda göreşerler.

Apreliň beýleki sport wakalarynyň arasynda sport muşdaklarynda uly gyzylanma döretjek Türkmenistanyň kýokuşinkaý karate boýunça çempionaty (22-24-nji aprel, Daşoguz) we taekwondo (WTF) boýunça Türkmenistanyň kubogy (23-24-nji aprel, Aşgabat) ugrundaky ýaryşlar bar.

Bouling sport görnüşi hökmünde ýurdumyzda täzeden bäri ösdürilip başlandy. 22-24-nji aprelde “Aşgabat” köpugurly sport toplumynda bouling boýunça Türkmenistanyň ilkinji çempionaty geçiriler.

23-nji aprelde Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda meýletinçileriň iş maslahatyny geçirmek meýilleşdirildi. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna hyzmat etjek türkmen meýletinçileri degişli okuwlary geçdiler, tejribe okuwlarynyň barşynda möhüm bilimleri we başarnyklary ele aldylar, şol sanda daşary ýurtlarda gymmatly tejribe topladylar. Meýletinçileriň “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” çärelerine gatnaşmagy hem olara şol başarnyklaryny artdyrmaga hem-de berkitmäge mümkinçilik berer.

24-nji aprelde, Türkmenistanda Türkmen bedewiniň baýramynyň giň gerim bilen bellenilýän güni ýurdumyzyň ähli atçylyk sport toplumlarynda milli oýunlar hem-de sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlary we ýaryşlary geçiriler.

25-27-nji aprelde baýdarkada küreklemek we kanoe boýunça Balkan welaýatynyň birinjiligi ugrunda ýaryşyň açylyşy bolar. Ol “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky emeli derýada guralar.

Aprel aýynyň soňky ongünlüginde Türkmenabatda 1999-njy ýylda doglan gyzlaryň arasynda basketbol boýunça Türkmenistanyň birinjiligi ugrundaky ýaryşlar, Aşgabatda bolsa gandbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň birinji tapgyry, tennis boýunça Türkmenistanyň çempionaty hem-de ýetginjekleriň arasynda ýeňil atletika boýunça ýurdumyzyň birinjiligi ugrunda ýaryşlar bolar.

29-njy aprelde Derweze-Gökdepe ugry boýunça awtoulagly ýöriş meýilleşdirildi. Şol gün Daşoguzda ýetginjekleriň arasynda pauerlifting boýunça Türmkenistanyň milli birinjiligi hem-de küşt boýunça Türkmenistanyň ýokary liga çempionaty badalga alýar. Bu ýaryşlar Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylyna bagyşlanýar.

1-nji maý Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Aşgabadyň obasenagat orta hünär okuw mekdebiniň, Olimpiýaçylary taýýarlaýan mekdebiň talyplarynyň hem-de “Olimp” orta sport mekdebiniň türgenleriniň gatnaşmagynda Saglyk ýoluna çykylmagy hem-de sport çäreleri bilen açylar.

2-4-nji maýda bilýard boýunça Mary welaýatynyň açyk birinjiligi geçiriler. Şu ýyl Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginiň binýadynda sportuň bu görnüşi boýunça ilkinji halkara synag ýaryşlary guralar. Olar bilýardçylarymyz üçin paýtagtymyzda geçiriljek Aziýa oýunlaryndan öň tejribe toplamaga ýardam eder.

5-nji maýda, “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly iri uly möçberli çäreleriň jemleýji gününde dabaralar ir bilen köpçülikleýin Saglyk ýoluna çykylmagyndan hem-de “Türkmenistan- sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy” atly VII sport ýaryşlarynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyndan başlanar.

Şol gün ýatda galyjy aýratyn waka bolar—Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylmagyna çenli galan 500 günüň sanalyp başlanmagy mynasybetli deňsiz-taýsyz atly ýörişe badalga berler. Badalga berliş pursadynda ýörite sagatlar herekete girizilip, olar Aziada – 2017-ä çenli galan günleriň hasabyny ýöreder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tutuş ýurdumyz boýunça atly ýörişi geçirmek baradaky öňe sürlen başlangyç ähli halkyň gyzgyn goldawyna mynasyp boldy. Şol atly ýöriş taryhy-medeni ýadygärliklere hem-de her welaýatyň ajaýyp gözelliklerine barlyp görülmegi bilen alnyp barlar. Bu ajaýyp waka gatnaşyjylara hemme ýerlerde sabyrsyzlyk bilen garaşarlar, olary telereportažlarda synlap bolar.

Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan 2017-nji ýylyň Aziadasyna taýýarlyk görlüşi ýurdumyzyň sport binýadyny ösdürmek hem-de sport işgärlerini taýýarlamak üçin aýratyn ähmiýete eýedir. “Sagdyklyk we bagtyýarlyk” atly çäre hem bu işe kuwwatly itergi bermäge gönükdirilendir.

Umuman, milletiň saglygyna degişli meselelere bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şol çäreleriň geçirilmegine berýän uly ünsi adamyň beden, ruhy we ahlak taýdan ösüşiniň toplumlaýyn milli ulgamynyň döredilmeginiň syýasy ugrukdyryjy, döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda ägirt uly özgertmeleriň ählisiniň hereketlendiriji güýji bolup durýandygynyň ajaýyp subutnamasy bolup hyzmat edýär. Şol özgertmeler zähmet we baýramçylyk günlerimize işjeň döredijilik hyjuwyny alyp geldi.

Ýurdumyzda diňe bir bedenterbiýe-sagaldyş hereketi däl, eýsem, maksady türkmen halkynyň, her bir raýatyň abadan we bagtyýar durmuşyny gazanmak bolan iri jemgyýetçilik işi hem şunuň ýaly giň gerimli çäreleriň hil taýdan täze derejä çykmagy bilen alamatlanandyr. Munuň özi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş strategiýasynyň düýpli ugrudyr.