Ï Medeniýet hepdeligi — 2016: ikinji gün
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Medeniýet hepdeligi — 2016: ikinji gün

view-icon 925
Mary şäherinde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän Medeniýet hepdeligi dowam edýär. Giň möçberli döredijilik çäresiniň maksatnamasy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen medeniýetimiziň köp öwüşginliligini açyp görkezýän dürli çärelerden ybaratdyr.

Dürli ugurlara degişlidigine garamazdan, şu günki wakalar milli medeniýetimiziň dowamatlylyk taglymaty esasynda bir bitewülige birleşýär.

Günüň birinji ýarymynda “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghanasyna guralan gezelenjiň barşynda Medeniýet hepdeligine gatnaşýanlar täsin ýadygärlikler — Soltan Sanjaryň aramgähi, Uly we Kiçi Gyzgala gadymy galalary, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä sanawyna girizilen beýleki binagärlik ýadygärlikleri bilen tanyşdylar.


Türkmen topragynyň her daban ýeriniň taryhy geçmişe ýugrulandygy, gadymy siwilizasiýalaryň hem-de umumadamzat ähmiýetli beýik medeniýetiň subutnamalaryny özünde saklaýandygy hemmelere mälimdir. Biziň günlerimize çenli saklanyp galan binagärlik ýadygärlikleri bu ýerde dürli döwürlerde kuwwatly döwletleriň hem-de iri şäherleriň bolandygyna şaýatlyk edýär, olar ýurdumyzyň çäginden geçen Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda jemlenipdir, bu binalar gurluşygyň ýokary derejesiniň bolandygyny, senetçiligiň ösendigini, şonuň binýadynda bolsa halk amaly-haşam sungatynyň kemala gelendigini görkezýär.

“Gadymy Merwiň” ýadygärlikleri Türkmenistanda bahasyna ýetip bolmajak taryhy tapyndylary gorap saklamak we öwrenmek boýunça alnyp barylýan giň möçberli işleriň aýdyň mysalydyr. Bu ýerde geçirilýän rejeleýiş çäreleri binalaryň gadymy keşbini aňrybaş derejede saklap galmaga gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow örän baý mirasymyzyň ýaşlar bilen ruhy-terbiýeçilik, watançylyk çärelerini geçirmekde peýdalanylmagynyň zerurdygyny nygtaýar.


Taryhy ýadygärlikleriň golaýynda halkymyzyň däp-dessurlaryna sarpa goýýandygyny alamatlandyrýan ak öýler dikildi. Bu ýerde, asylly däbe görä, myhmanlara çörek, pişme, gök çaý hödür edildi. Ýaşajyk çapyksuwarlar ahalteke bedewleriniň ýyndamlygyny görkezdiler. Haýal ädimläp gelýän düýelere dakylan jaňjagazlaryň owazy eşidilýär, olar toý kejebesini bezeýär. Mälim bolşy ýaly, gadymy döwürlerde düýe türkmenleriň gurpludygynyň nyşany bolupdyr.

Bu ajaýyp şekiller geçmişiň we şu günüň arabaglanyşygyny görkezýär, Türkmenistanda däp-dessurlara uly sarpa goýulýar. Munuň özi jemgyýetimiziň ähli derejesini öz içine alýan hakykat bolup, öňe tarap okgunly herekete tizlik berýän güýçdür. Onda parasatly tejribe täzeçillik bilenmiras ösüş bilen, taryh geljek bilen sazlaşýar, çünki her bir oňyn özgeriş täze däbe öwrülýär.

Medeni çäre gatnaşyjylara bu sahawatly ülkäniň täsin we gaýtalanmajak tebigy gözelligini synlamaga mümkinçilik döredildi, bu künjek diňe bir ildeşlerimizi däl-de, dünýäniň dürli döwletlerinden jahankeşdeleri hem özüne çekýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň halkara syýahatçylyk ugurlarynyň täze, geljegi uly mümkinçiliklerini açyp görkezmekde medeniýetiň orny äşgärdir. Mary welaýatyndaky taryhy-medeni ýadygärlikler, sebitiň tebigy aýratynlyklary, bu ýerde şypahanalaryň hem-de sagaldyş merkezleriniň gurulmagy syýahatçylygyň ähli görnüşlerini giňden ösdürmäge ýardam edýär.

Döredijilik çäresi täze zehinleri ýüze çykarmakda, ýaşlary watançylyk ruhunda hem-de estetiki taýdan terbiýelemekde uly ähmiýete eýe bolup, sungatyň dürli görnüşleriniň ýaş wekilleriniň ünsüni özüne çekýär. Ýaş sazandalar, tansçylar, aýdymçylar, suratkeşler we çeper okyjylar hepdeligiň ähli çärelerine gatnaşýarlar. Şu gün ir bilen Marynyň welaýat kitaphanasynyň öňündäki baýramçylyk görnüşinde bezelen meýdançada welaýatyň ýaşajyk artistleriniň hem-de çagalar döredijilik toparlarynyň “Bagtyýar nesiller” atly konsert maksatnamasynda çykyşlary guraldy.

Konserte gatnaşyjylar aýdym-sazlary we tans çykyşlary bilen ýerine ýetirijilik zehinini görkezip, saz gurallaryny çalmagyň özboluşly usullary arkaly tomaşaçylarda uly täsir galdyrdylar.

Ýaşajyk türkmenistanlylaryň sazlaşykly ösüşi durmuş ugurly döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu wezipe ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynda beýanyny tapýar. Ýaş zehinler nirede ýaşaýandygyna, şäherde ýa-da obada bilim-terbiýe alýandygyna garamazdan, döredijilik başarnyklaryny ösdürmek üçin ähli mümkinçiliklerden peýdalanyp bilýärler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýaşajyk raýatlarynyň bahasyna ýetip bolmajak baýlygymyzdygyny hem-de jemgyýetimiziň okgunly ösüşini dowam etdirijilerdigini belleýär.


Şu maksatdan ugur alyp, Türkmenistanda bilim ulgamyny, saglygy goraýyşy, bedenterbiýäni hem-de sporty ösdürmek boýunça maksatnamalar durmuşa geçirilýär, çagalar we ýetginjekler üçin çeperçilik merkezleri işleýär, şäherlerde we obalarda ýörite döredijilik mekdepleri açylýar, medeniýet öýleriniň döwrebap binalary, dynç alyş seýilgähleri gurulýar. Olarda çagalar hem-de ýaşlar sungat dünýäsine aralaşýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň howandarlygynda indi ençeme ýylyň dowamynda döwlet derejesinde umumymilli hem-de halkara möçberde çagalar döredijilik bäsleşikleri we festiwallary yzygiderli geçirilýär. “Awaza”milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän zehinli çagalaryň “Awaza — dostluk mekany” halkara festiwalynyň ajaýyp baýramçylyga öwrülendigini ýatlamak ýeterlikdir. “Garaşsyzlygyň merjen däneleri”, “Gorkut owazlary”, “Iň eýjejik gyzjagaz”, “Merdana nesil” atly däbe öwrülen döredijilik bäsleşiklerine hem-de “Berkarar döwletiň çeper keşbi”, “Kämillige tarap ýol” ýaly bäsleşiklere welaýatlardan hem-de Aşgabat şäherinden ýaş çeper okyjylaryň, tansçylaryň müňlerçesi, çagalar aýdym-saz, tans we folklor toparlary gatnaşýar. Türkmenistanda Gulbaba adyndaky ýörite çagalar baýragy döredildi. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinden has zehinli çagalar, dürli derejedäki aň-paýhas we döredijilik hem-de ders bäsleşikleriniň we sport ýaryşlarynyň ýeňijileri bu bäsleşikleriň ýeňijileri bolarlar.


Şeýlelik bilen, ýaş türkmenistanlylar köptaraply zehinini görkezmäge mümkinçilik alýarlar, ýurdumyzyň we dünýä medeniýetiniň gymmatly genji-hazynasyna ýakynlaşýarlar. Hut olar eýýäm ýakyn geljekde ýurdumyzyň medeni durmuşyna mynasyp goşantlaryny goşarlar.

Şu gün Maryda geçirilen uly konsertiň maksatnamasyna milli we dünýäniň nusgawy sazlarynyň eserleri, mähriban Watanymyzy wasp edýän joşgunly tanslar we aýdymlar girizildi. Mary welaýatynyň şäherlerinden we obalaryndan ýaş zehinler dürli saz gurallaryna erk etmegiň ussatlygyny görkezdiler. Dürli saz gurallarynda çykyş eden ýaş bagşylara, tüýdükçilere we deprekçilere hem-de skripkaçylara, fleýtaçylara, klarnetçilere, akkordeonçylara tomaşaçylar joşgunly el çarpdylar.

Çagalar döredijilik toparlary tarapyndan ussatlyk bilen ýerine ýetirilen, gadymy küştdepdi tansy däpleriň dowam etdirilýändiginiň alamatyna öwrüldi.


Konsert Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, Watanymyzy, ýurdumyzy döredijiligiň we ösüşiň täze belentliklerine ynamly öňe alyp barýan halkymyzyň Arkadagyny wasp edýän watançylyk aýdymy bilen tamamlandy.

Sungatda öz ýoluna gadam basýan artistleriň çykyşlary bu ýere her dürli şarlar hem-de ajaýyp güller bilen gelen çagalarda egsilmejek joşgun döretdi.

Çagalaryň döredijilik baýramçylygy halypa-şägirt mekdebiniň ähmiýetini ýüze çykardy. Şonuň netijesinde milli medeniýetimiz baý köpdürlüliginde özboluşlylygyny saklaýar.

Bagtyýar çagalaryň gülküler hem-de belent ýaňlanýan sesleri ýurdumyzyň abadançylygynyň, ata Watanymyzyň şu günki we ertirki gününe bolan ynamymyzyň subutnamasydyr. Bu “çagalyk sazynyň” Medeniýet hepdeligi ýaly şeýle iri möçberli çärede ýaňlanmagy bolsa juda ýakymlydyr.


Agşamara welaýat kitaphanasynyň öňündäki meýdançada Maryda geçirilýän çärä gatnaşyjylar ýene-de bir konsert çykyşlaryna tomaşa etdiler. Bu ýerde Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň sungat ussatlary öz zehinlerini görkezdiler. Tomaşaçylar sazandalaryň, meşhur aýdymçylaryň, görnükli tans we folklor toparlarynyň, halk saz gurallary toparlarynyň çykyşlaryna şowhunly el çarpdylar.