Ï Döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy işiniň sekizinji jildi çapdan çykdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy işiniň sekizinji jildi çapdan çykdy

view-icon 2236
Ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” ylmy işiniň VIII jildiniň tanyşdyryş dabarasy boldy.

Dabara Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Sport we Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, paýtagtymyzyň iri lukmançylyk merkezleriniň hem-de edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň we beýleki ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyplary gatnaşdylar.

Täze neşir milli Liderimiz tarapyndan 2009-njy ýylda başlanylan düýpli ylmy işiň dowamy bolup durýar, onuň öňki jiltleri häzirki döwürde dünýäniň köp dillerine terjime edildi. Dabarada çykyş edenler Türkmenistanyň çäklerinde ösýän ösümlikleriň dermanlyk häsiýetlerine bagyşlanan köp jiltli düýpli ylmy işiň diňe bir milli dermançylyk ulgamynyň däl, eýsem, dünýä fitoterapiýasynyň ösüşinde möhüm ädimdigini nygtadylar.


Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, täze neşir ýurdumyzyň lukmançylyk ulgamynyň işgärleri, saglygy goraýyş ugry boýunça ýokary okuw mekdepleriniň we ugurdaş okuw mekdepleriniň talyplary üçin gymmatly gollanmadyr. Şol bir wagtyň özünde “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy iş daşary ýurtly hünärmenlerde uly gyzyklanma döredýär. Çünki onuň sahypalarynda dermanlyk ösümlikleriň bejeriş aýratynlygy, olary ylmy we halk lukmançylygynda peýdalanmagyň usullary barada giňişleýin gürrüň berilýär.

Bu kitabyň dünýäniň dürli dillerine terjime edilmegi neşiriň örän gymmatlydygynyň we meşhurlyga eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Millionlarça okyjylara niýetlenen dermanlyk ösümlikleriň we halk lukmançylygynyň özboluşly ensiklopediýasy bolan bu neşir adamzat medeniýetiniň hazynasyna, şol sanda lukmançylyk ulgamyna ägirt uly goşant goşan türkmen halkynyň köpasyrlyk tejribesi we ýörelgeleri bilen tanyşmaga ýardam edýär.

Ylmy lukmançylyk ýüzlerçe dermanlyk ösümlikleriň bejeriş ähmiýetini subut etdi, ýöne olaryň köpüsi häzire çenli doly öwrenilmedi. Awtor neşiriň girişinde fitoterapiýa ulgamynyň ylmy esasyny berkitmegiň, oňa netijeli häsiýet bermegiň öňümizde durýan möhüm wezipelerdigini belleýär.

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” kitabynyň nobatdaky jildi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň üstünlikleri we ýeten derejesi barada gürrüň berýän makala bilen açylýar. Onda pudagy ösdürmek boýunça yzygiderli we maksatnamalaýyn esasda durmuşa geçirilýän çäreler beýan edilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, munuň özi ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm ugry hasaplanylýar.


Kitapdaky suratlar “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň barşyna göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. Suratlarda diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem, welaýatlarda gurlan täze hassahanalar, ylmyň öňdebaryjy gazananlary, täze tehnologiýalar bilen üpjün edilen lukmançylyk merkezleri, şypahana-dynç alyş ulgamyna degişli desgalar, sagaldyş we syýahatçylyk ulgamynyň binalary, ýurdumyzda öndürilýän dermanlyk serişdeleriň köp görnüşi, şeýle hem ajaýyp tebigy aýratynlyklar aýdyň görünýär.

Türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikleriň ylmy taýdan beýan edilmeginiň dowamy bolan ylmy işiň sekizinji jildinde döwlet Baştutanymyz dermanlyk ösümlikleriň 108-siniň elipbiý tertibinde ýerleşişini, olaryň biologik we himiki aýratynlyklarynyň beýanyny, olary ylmy we halk lukmançylygy esasynda peýdalanmagyň aýratynlyklary baradaky maglumatlary ýerleşdirilipdir.

Ösümlikleriň her görnüşi daşky alamatlary boýunça yzygiderlilikde häsiýetlendirilýär. Olaryň biologik aýratynlyklary, ýaýran ýerleri, ösüş şertleri, görnüşiň tebigy gorlary, onuň himiki düzümi, ulanylyşy, taýýarlamagyň we peýdalanmagyň usullary beýan edilýär.


Her bir ösümligiň maglumatlary özboluşly suratlar bilen utgaşdyrylýar. Kitabyň sorag-jogap bölüminde olaryň dermanlyk aýratynlyklarynyň görkezijisi, dermanlyk ösümlikleriň atlarynyň rus-latyn-türkmen sözlügi, serişdeleri ýygnamagyň we saklamagyň möhletleriniň senesi ýerleşdirilipdir. Bu ugurda has köp maglumat almaga isleg bildirýänler bu bölümde giňişleýin bibliografiýany tapyp bilerler.

Hormatly Prezidentimiziň düýpli ylmy işiniň sekizinji jildi köpçülikleýin nusgada Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkezinde neşir edildi. Bu kitap diňe bir lukman hünärmenlere we farmakologlara däl, eýsem, giň okyjylar köpçüligine hem niýetlenendir. Bu kitabyň siziň ygtybarly we hoşniýetli maslahatçyňyz, türkmen tebigatynyň baý bejeriji güýjüni netijeli ulanmak babatda anyk ýörelge boljakdygyna we uzak ýyllaryň dowamynda sagdynlygy, ýaşlygy hem-de gözelligi saklamaga kömek etjekdigine ynanýaryn diýip, awtor okyjylara ýüzlenmesinde belleýär.

Dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň täze ylmy işiniň ähmiýeti barada aýdyp, kitabyň ylmy taýdan aýratyn wajypdygyny, onuň öň neşir edilen jiltler bilen bilelikde farmasewtika ylmynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, arassa çig mal esasynda ýokary netijeli derman serişdeleriniň döredilmegine, lukmançylyk tejribesinde gadymy ýörelgeleriň hem-de häzirki zaman innowasiýalarynyň utgaşdyrylmagy, hususan-da, fitoterapiýada we şypahana–dynç alyş bejergesinde oňyn täsir edýän derman serişdeleriniň döredilmegine ýardam etjekdigini bellediler.


Milli Liderimiziň Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda çapdan çykan hem-de Saglygy goraýyş we derman senagatynyň işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda halkymyza sowgat edilen bu neşiriniň özlerini mähriban halkymyzyň abadançylygynyň, milletimiziň sagdynlygynyň bähbidine täze üstünliklere ruhlandyrýandygyny nygtadylar.

Dabara gatnaşyjylar türkmen halkynyň bagtyýarlygy we abadançylygy, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmegi ugrunda ýadawsyz alada edýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar hem-de halkymyzyň saglygynyň berkidilmegi, jemgyýetimizde ýokary ruhy-ahlak ýörelgeleriniň ösdürilmegi, mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Tanyşdyryş dabarasynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň ylmy işleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy, bu ýerde şeýle hem dermanlyk çaýlaryň sergisi guraldy. Milli aýdym-sazlar dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy.