Ï Aşgabadyň iň bir owadan we ýaş naturalistleriň ünsüni özüne çekýän ýerleriniň biri – Janly tebigatyň milli muzeýi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabadyň iň bir owadan we ýaş naturalistleriň ünsüni özüne çekýän ýerleriniň biri – Janly tebigatyň milli muzeýi

view-icon 951
Onda ýabany ýyrtyjylaryň, guşlaryň we süýrenijileriň 250-den gowrak görnüşi ýaşaýar, olaryň köpüsi Gyzyl kitaba girizilendir, şeýle hem Türkmenistanyň haýwanat dünýäsiniň ähli görnüşi ýaşaýar.

Şu ýyl bu ýerde ýaşaýan maşgalalaryň birnde köpeliş bolup geçdi: Em diýlip atlandyrylýan awstriýa düýeguşunyň 7 sany çagasy boldy. Bu günki gün jüýjleriň boýy 70 santimetre ýetdi, olary daşyndan synlanyňda uly ýaly görünýär. Ýöne sadalyk we bilesigelijilik olary uly görkezýär. Aladaçyl kaka olary goraýar, eneleri bolsa ösüňi alyp barmagyň düzgünlerini öwredýär. Olaryň parahat durmuşy şondan ybarat.


Düýeguşlar häzirki bar bolan guşlaryň iň ulusydyr. Afrika düýeguşlarynyň boýy 2,44 metre, agramy – 136 kilograma çenli ýetýär. Ýöne awstraliýa düýeguşlary Emadan has az gabaradadyr. Örän uly agramlary bolandygy sebäpli olar birwagt uçmakdan galdylar, ýöne sagatda 70 kilometr tizlik bilen ylgap bilýärler. Bu bolsa şäher ýollaryndaky ýöreýän awtoulaglardan çaltdyr.

Bu jübütleriň romantiki gatnaşyklary güýzde başlandy. Geljekki kaka we eje ýumurtgalaryny gezekleşip basdylar. 45 günden soňra ýanwaryň ahyrynda bu ýumurtgalardan jüýjejikler peýda boldy.

Bu şeýle göreniňde düýeguşlar hasaplaryny ýitirene meňzeýär. Haçan-da Awstraliýada tomus bolanda, bizde – gyş we onuň tersine. Şonuň üçin hem awstriýa düýeguşlarynyň maşgalasynda köpelme öz wagtynda bolup geçdi.


Nesilleriniň köpelmegi bilen ene-ata duýgusy kalarynyň özüni alyp barşyna täsirini ýetirdi: ol öz jüýjelerini beýlekilerden gabanyp başlady. Şonda olary başga özbaşdak jaýa göçürmeli boldy. Şonda hem, ösüp gelýän jüýjejiklere goňşularynyň ünsli garaýyşlaryny duýup, düýeguşy öz çagalaryny gapdalynda saklaýar, ýa-da olary öz ýanyna ýygnaýar. Gözegçiler goňşy jübütleriň biriniň bujagaz jüýjelere has içgin seredýändigini bildiler. Megerem, giçki güýzde olarda hem romantiki gatnaşyklar başlansa gerek.


Tebigy gelip çykyşy boýunça Ema awstraliýa düýeguşlary kenguru bilen oňşukly ýaşaýar. Şeýle goňşuçylykda ýaşaşmak hem kekguru hem düýeguşuna amatly bolýar, olar ýiti nazarlary bilen abanýan howpy duýýarlar we goranyşa geçýärler. Düýeguşlarynyň gorkakdygy baradaky bar bolan pikirler aşa ulaldylypdyr. Olar barada howp abananda düýeguşlar kellelerini çägelige sokýar diýen ýaýran ynam ýalan. Düýeguşlarynyň örän güýçli aýaklary bar, ol gaçmak bilen özne salýan howpdan sypyp bilmese, onda ýere ýazylyp ýaňky güýçli aýaklary bilen goranýar. Özi hem aýaklary bilen hereketi gapdallaýyn, yzlyklaýyn amala aşyrman, diňe öň tarapa hereket edýär. Şeýlelik bilen, bu guşy özüni alyp barmakda standartlara laýyk däl diýip hasap etse bolar.

* * *


Janly tebigatyň milli muzeýiniň terrariumynda çal zemzenler, göklors, kepjebaş ýaly zäherli ýylanlar, gury ýerde ýaşaýan uly pyşbagalar, adaty pyşbagalar we beýleki süýrenijiler bilen goňşuçylykda saklanýar. Bu ýere gelýänler oňa girip, ýarym garaňkylyga düşýärler. Sebäbi bu süýrenijiler öz ömürleriniň köpüsini ukuda geçirýärler. Tebigatyň janly muzeýiniň bu künjegini “uky şalygy” diýip atlandyrsa bolar. Elbetde, ýyrtyjylara ýa-da maýmynlara gözegçi bolmak has gyzykly diýip, bu işlere näbeletler aýtsalar gerek. Gözegçi Mekan Gulnyýazow bolsa başgaça hasap edýär : iň gowulary – bu onuň gözegçilik edýän jandarlary!

Mysal üçin, urkaçy ýa-da erkek torly pitony alyp görsek, bu örän uly ýylanlar göwresi we agramy boýunça biri-birinden düýpli tapawutlanýar. Olaryň ýaşytdaşdygyna garamazdan, ene ýylanyň agramy 23 kilogram, erkek ýylanyňky bolsa – 10, ýagny 2,5 essä golaý az. Bular diňe aralyk görkezijilerdir. Sebäbi ene ýylanlar 70 kilogram agrama baryp bilýärler. Olaryň örän owadan gowy bar, ony edil ussat zergär döreden ýaly! Erkek we ene göklorslaryň arasyndaky tapawut – erkek ene göklorsa garanyňda ulurak bolýar. Özüniň ýogyn we tagaşyksyz göwresine garamazdan, göklors öz awyny çalasynlyk bilen awlamagy başarýar.


Näme-de bolsa zemzenler Mekan üçin has owadan. Olaryň Malaýziýanyň adalarynda ýaşaýan iri kowum-garyndaşlarynyň boýy 4 metre ýetýär. Şeýle ölçeglerdäki hyýaly göz öňüne getirmeler hakyky elhenç haýwanlary suratlandyrýar. Olar bilen deňeşdirilende biziň zemzenlerimiz guýrugy bilen ölçenende 60-70 santimetr, biziň zemzenlerimiz gorkunç däl, gaýtam tersine – örän owadan. Ýöne bu häzirlikçe şeýle. Orta Aziýanyň çal zemzenleriniň boýy 1,5 – 1,6 metrdir.


Mekan her gün irden ilki bilen wolýerlerdäki elektrik çyralaryny ýakýar, yşyk örän pes, şeýle-de bolsa ýagty gündizligi döredýär. Bu bolsa bu jandarlaryň psihologiki taýdan deň agramly bolmagy üçin örän möhümdir. Mekan işden soňra öýlerine gaýtmazdan öň yşygy öçürýär, onuň idedýän jandarlary üçin gijelik düşýär. Gözegçiniň borçlaryna wolýerleri her gün arassalamak, suwlaryny täzelemek, haýwanlary iýmlendirmek, olaryň saglygyna gözegçilik etmek, gerek bolan halatynda weterinar lukmany çagyrmak girýär.


Bir sapar wolýere zemzenleriň ýanyna kebelek giripdir, aklyňa sygmajak waka bolup geçdi. Äwmezek we tagaşyksyz zemzende birden awçynyň duýgusy döredi – ol çalasynlyk bilen kebelegi tutdy we göz açasy salymda ony iýdi. Bu waka gözegçide örän uly täsir galdyrdy. Mekan özünde olara bolan söýgüsini gazanmaga mümkinçilik dörändigine düşündi.

Gözegçiler üçin iş wagty sagat 18-de tamamlanýar. Ýöne, dostlaryň ýürek söýgüsini gazanmak üçin nämeler edilmeýär: Mekan muzeýiň çäklerini syryp-süpürýänler we beýleki hojalyk işleri bilen meşgullanýanlar bilen sagat 21-de oýe gaýtmak kararyna geldi.


Gün garaňkyrap başlanda Muzeýiň ähli çäklerinde yşyklar ýakyldy. Mekan eline tory alyp, merdiwan bilen ýokaryk galdy. Elleriniň ýeňil hereketi bilen zemzenler üçin süýjülik tutuldy.

Mekan tory wolýeriň gatnaşyk saklanýan penjiresine uzatdy. Mör-möjekler çar tarapa uçup gitdiler. Bu ýerde näme başlady! Olary awlamak üçin dört sany zemzen gatnaşdy. Olar tozan galdyryp, ýokary bökýärdiler. Sanlyja sekundyň içinde mör-möjekleriň ählisi tutuldy. Olary iýenlerinden soňra zemzenler özleriniň öňki ýarym uky ýagdaýyna gelmek üçin ýerlerine girdiler...

- Biz özümizde saklanýan haýwanlary idedýän işgärlerimiziň ünsliligine ýokary baha berýäris, - diýip, ylym we seçgi bölüminiň müdiri Durdymyrat Gödekow gürrüň berýär. – Biziň düzgünlerimize laýyklykda,täze işgär gözegçi bolmazdan ozal çäkleri arassalaýan bölümde işe başlaýar. Eger-de ol işläp, özüni görkezip bilse, gözegçiniň kömekçisi wezipesine işe geçirilýär. Mekan Gulnyýazow üýtgeşik ukyplylyk döretmek bilen, öz idedýän haýwanlaryna gözegçilik etmek boýunça gündelik ýöredýär. Mekanyň edýän yhlaslary Muzeýiň ýolbaşçylary tarapyndan ünsden düşmedi, ýakynda ol instruktor wezipesine geçirildi.