Ï Lebap welaýatynda täze suw arassalaýjy desgalar toplumy işe girizildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Lebap welaýatynda täze suw arassalaýjy desgalar toplumy işe girizildi

view-icon 1491
Serdarabat etrabynda suw arassalaýjy desgalaryň döwrebap toplumy işe girizildi. Ol ýerli ilaty ýokary hilli agyz suwy bilen üpjün eder.

Toplum hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmek baradaky baş maksatnamasyny” durmuşa geçirmek boýunça öňde goýan wezipelerine laýyklykda guruldy. Şol maksatnamanyň çäklerinde häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, şol sanda Lebap welaýatynda suw arassalaýan zawodlar, suw süýjediji desgalar gurulýar, öňden bar bolan suw arassalaýjy desgalaryň hem-de suw geçiriji ulgamlaryň durky täzelenilýär.


Täze desga gije-gündiziň dowamynda 30 müň kub metr agyz suwuny çykarmaga niýetlenendir. Tehnologiki görkezijilere laýyklykda, suwy birnäçe gezek arassalamak, durlamak, süzgüçden geçirmek hem-de zyýansyzlandyrmak göz öňünde tutulýar. Işleriň ählisi kompýuter ulgamy arkaly dolandyrylar. Toplum ABŞ-nyň we Germaniýanyň meşhur önüm öndürijileriniň döwrebap suw sorujy desgalary, süzgüçleriň onlarçasy, energetiki, barlaghana we beýleki enjamlar hem-de abzallar bilen üpjün edildi.

Suw sarp edijilere ýetirilmezden öňünçä, aralyk arassalaýyş we taýýarlaýyş nokatlarynda her sagatda zawodyň barlaghanasynda içgin barlagdan hem-de seljermeden geçer. Suw arassalaýjy desgalardan etrabyň hojalyklarynyň ilatly ýerlerine çenli suw geçiriji ulgamlar çekildi, bu işler häzirki wagtda hem dowam etdirilýär.


Mälim bolşy ýaly, 2015-nji ýylyň iýun aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň gündogar sebitine bolan iş saparynyň barşynda Köýtendag we Farap etraplarynda täze kuwwatly suw arassalaýjy desgalary dabaraly ýagdaýda işe girizdi. Ýakyn geljekde bolsa oba ilatyny ýokary hilli agyz suwy bilen üpjün etmek baradaky maksatnama Amyderýa jülgesiniň beýleki etraplarynda hem durmuşa geçiriler. Häzirki wagta çenli Sakar, Halaç, Galkynyş etraplarynda we welaýatyň beýleki käbir etraplarynda döwrebap agyz suw zawodlaryny gurmak boýunça gurluşyk işleriniň esasy bölegi ýerine ýetirildi.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, eziz Watanymyzyň ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülendigini, ýurdumyzyň okgunly ösmegine, türkmenistanlylaryň hal-ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyna gönükdirilen giň möçberli özgertmeler taslamalarynyň hem-de maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişiniň täze kuwwatly itergä eýe bolandygyny nygtadylar.