Saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär — “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Garabogazsulfat” önümçilik birleşiginiň baş direktory Süleýmannepes Nurnepesow bilen duşuşygy boldy. Paýtagtymyzyň “Mekan” köşgünde geçirilen duşuşyga ýerli häkimiýet edaralarynyň ýolbaşçylary, kärhanalaryň we guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar hem-de 12-nji fewralda boljak Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk görlüşiniň barşyna we saýlawlaryň geçişine baha bermek üçin ýurdumyza gelen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky edarasynyň toparynyň wekilleri gatnaşdylar.
Raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan hödürlenen dalaşgäriň ynanylan adamy S.Nurnepesowyň durmuş ýolunyň esasy pursatlary barada gürrüň berip, ony öňde goýlan wezipeleri çözmekde hünär ussatlygy hem-de başarnygy bilen işgärleriň arasynda abraýa we hormata mynasyp bolan tejribeli hem-de guramaçy ýolbaşçy hökmünde häsiýetlendirdi.
Soňra ýokary döwlet wezipesine dalaşgär bu ýere ýygnananlaryň öňünde saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamasy bilen çykyş etdi. Onuň nygtaýşy ýaly, ykdysadyýetiň her bir pudagynyň mümkinçiliginiň netijeli peýdalanylmagy, maglumat tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, maliýe-bank işiniň kämilleşdirilmegi maksatnamanyň möhüm ugry bolup durýar. Energiýa serişdeleriniň daşary ýurtlara köpugurly iberilmegi ileri tutulýan meseleleriň biri bolar. Ilatyň durmuş taýdan goraglylygyna, saglygy goraýyş, bilim, medeniýet, sport ulgamlary üçin döwrebap desgalaryň gurulmagyna, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna, ulag-aragatnaşyk düzümleriniň has-da döwrebaplaşdyrylmagyna aýratyn üns berler.
Geljege niýetlenen özgertmeleriň hatarynda himiýa senagatynyň ösdürilmegi bar. Hususan-da, ýurdumyzda tebigy gazyň hem-de gazylyp alynýan beýleki peýdaly baýlyklaryň uly gorlarynyň bolmagynyň azot we kaliý dökünlerini, dürli himiýa önümlerini öndürmek üçin kuwwatlyklary artdyrmaga giň mümkinçilikleri açýandygy bellenildi. Gün tertibinde Garabogazköl aýlagynyň suw-mineral baýlyklaryny, Balkanyň ýodly-bromly känlerini, Garlygyň, Garabiliň we türkmen topragynyň beýleki künjekleriniň tebigy baýlyklaryny toplumlaýyn özleşdirmek baradaky meseleler hem boldy.
S.Nurnepesow duşuşyga gatnaşyjylaryň sowallaryna jogap berip, saglygy goraýyş we bilim ulgamlaryny, ulag pudagyny hem-de durmuş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça, ýaşlaryň işe ýerleşmegine, şäherlerde we obalarda ýaşaýyş jaý gurluşygyna degişli meýilnamalaryny giňişleýin düşündirdi.
Dalaşgäriň nygtaýşy ýaly, mikro hem-de makroykdysady işleriň ylmy esasda dolandyrylyşyny guramak arkaly strategik meýilnamalaşdyrmagyň bitewi we çeýe ulgamyny döretmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugry bolar.