Ï Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Durdygylyç Orazow bilen saýlawçylaryň duşuşygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Durdygylyç Orazow bilen saýlawçylaryň duşuşygy

view-icon 1212
Ýokary döwlet wezipesine dalaşgär — Agrar partiýanyň Mary welaýat komitetiniň başlygy Durdygylyç Orazow bilen saýlawçylaryň duşuşygy boldy.

Kemine adyndaky döwlet drama teatryna sebitiň jemgyýetçiliginiň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar, dürli edaralaryň hem-de kärhanalaryň ýolbaşçylary we işgärleri ýygnandylar. Dalaşgäriň ynanylan wekili ýygnananlary ýokary döwlet wezipesine dalaşgäriň zähmet ýoly bilen tanyşdyrdy hem-de ony işbaşarjaň, pähimli ýolbaşçy, dogruçyl we ak ýürekli adam hökmünde häsiýetlendirdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgäriň özi ýygnananlaryň öňünde çykyş etdi. D.Orazow ýygnananlary saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamasynyň esasy bölümleri bilen tanyşdyrdy. Ol maksatnama laýyklykda, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, döwletiň ykdysady, syýasy we durmuş ulgamlaryny pugtalandyrmaga alnan ugry dowam etmegi göz öňünde tutýar.

Dalaşgär döwlet Baştutanlygyna saýlanan halatynda parahatçylyk dörediji we işjeň daşary syýasy strategiýany mundan beýläk hem amala aşyrmaga we ýurdumyzyň dünýä derejesinde abraýyny ýokarlandyrmaga aýratyn üns beriljekdigini aýtdy.

D.Orazow ýurdumyzyň obasenagat toplumyndaky meýilleri barada aýdyp, obany we oba hojalyk önümçiligini ösdürmegiň, azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň, oba hojalyk önümlerini senagat taýdan gaýtadan işlemegiň, hususy ulgamyň, şol sanda kiçi we orta kärhanalaryň ähmiýetini ýokarlandyrmagyň onuň maksatnamasynyň strategiki wezipeleriniň biri bolup durýandygyny belledi.

Dalaşgäriň pikirine görä, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegi öňdebaryjy dünýä tejribesine daýanmak bilen ylym, hususan-da, pagta we bugdaý hem-de beýleki oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygy bilen meşgullanýan ylmy-barlag institutlarynyň işi bilen gös-göni baglanyşyklydyr.

Dalaşgär esasy wezipeleriň hatarynda welaýatlaryň senagat taýdan ösüşini çaltlandyrmagy, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmagy, ýerlerdäki önümçilik güýçleriniň ýokary netijeli peýdalanylmagyny we senagatyň dürli pudaklaryny diwersifikasiýalaşdyrmagy görkezdi.

D.Orazow saýlawçylaryň ýerlerde ýöriteleşdirilen kärhanalaryň ulgamyny giňeltmegiň geljegi we täze iş orunlaryny döretmek baradaky sowallaryna jogap berip, maksatnamasynyň käbir ugurlary barada jikme-jik durup geçdi.

Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär ýygnananlara üns berip diňländikleri üçin hoşallyk bildirip, Garaşsyz döwletimiziň ösüş ýoly bilen ynamly gadam urýan, gülläp ösýän ýurt hökmünde abraýyny pugtalandyrmak üçin gujur-gaýratyny, bilimini we tejribesini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Bölümiň soňky habarlary