Ï Dalaşgärler saýlawlara taýýarlyk görmek möwsüminiň çäklerinde ähli welaýatlaryň we paýtagtymyzyň saýlawçylary bilen duşuşyklary geçirdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Dalaşgärler saýlawlara taýýarlyk görmek möwsüminiň çäklerinde ähli welaýatlaryň we paýtagtymyzyň saýlawçylary bilen duşuşyklary geçirdiler

view-icon 1134
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärler saýlawçylar bilen geçiren duşuşyklarynyň çäklerinde ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyzda boldular, saýlawçylary saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamalary bilen tanyşdyrdylar, milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmek, ilatymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak hem-de dünýä bileleşiginde Türkmenistanyň ornuny pugtalandyrmak babatynda garaýyşlaryny beýan etdiler.

Ýekşenbe güni — 12-nji fewralda ýurdumyzyň saýlaw uçastoklary raýatlara gapylaryny giňden açarlar, saýlawçylaryň öňünde dalaşgärleriň arasyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine has mynasyp adamy saýlamak wezipesi durýar.

Bölümiň soňky habarlary