Ï 11-nji fewral Turkmenistanda döwlet baştutanynyň saýlawlaryndan öň wagyz işleriniň bes edilýän güni
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

11-nji fewral Turkmenistanda döwlet baştutanynyň saýlawlaryndan öň wagyz işleriniň bes edilýän güni

view-icon 1599
12-nji fewralda Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň jemgyýetçilik –syýasy durmuşynda möhüm waka – Prezident saýlawlary geçiriler, ol ýurduň mundan beýläkki ösüşiniň strategiýasyny kesgitleýän hem-de ýurdumyzyň demokratik gymmatlyklara we durnukly ösüş ýoluna ygrarlydygyna şaýatlyk edýän wakadyr. Häzirki saýlawlar 2007 we 2012-nji ýyllaryň saýlawlaryndan düýpli tapawutlanýar. Ol täze syýasy şertlerde we kämilleşen hukuk ölçeglerinde geçirilýär. Mysal üçin, ilkinji gezek Prezident saýlawlaryna syýasy partiýalaryň üçüsi: Demokratik, Senagatçylar we telekiçiler hem-de Agrar partiýalary gatnaşýarlar. Saýlaw kampaniýasynyň barşynda raýatlaryň teklipçiler toparlarynyň altysy döredilip, olar Prezidentlige öz dalaşgärlerini hödürlediler.


Biz surat habarçymyz bilen Aşgabat şäherindäki 44-nji saýlaw uçastogyna baranymyzda onuň saýlawa taýýardygyna göz ýetirdik.

Uçastok hünärment mekdebiň jaýynda ýerleşýär, bu barada onuň girelgesindäki atly ýazgy görkezýär. Bu ýerde bizi uçastok saýlaw iş toparynyň başlygy Aýbölek Hydyrgulyýewa bilen iş toparynyň sekretary Aýgözel Çaryýewa mähirli garşyladylar. Şol wagt golaýdaky jaýlarda ýaşaýan saýlawçylar bu ýere özleriniň saýlawçylaryň sanawyna girizilendigini anyklamak we döwlet baştutanynyň wezipesine dalaşgärleriň maksatnamasy bilen tanyşmak üçin geldiler. 12-nji fewralda olar ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň dokuzysyndan mynasybyny saýlarlar.


-Biziň saýlaw uçastogymyzda paýtagtymyzyň 9-njy etrapçasyndan 1256 adam ses bermäge gatnaşar. Biz ýaşaýjylaryň hiç biri ýatdan çykmaz ýaly olaryň sanawyny takyk düzdük. Şunda bize ýerli ýerine ýetiriji häkimlik edarasy we meýletin kömekçiler ýakyndan kömek etdiler. Saýlawlara 15 gün galanda saýlawçylaryň her biri uçastogymyza gelip, maglumatlaryň dogrulygyny barlamaga mümkinçilik aldy.


Saýlaw kampaniýasynyň barşynda biz oňa ilkinji gezek gatnaşjak oglan-gyzlaryň 14-sine aýratyn üns berdik. Saýlaw güni ýurduň Prezidentiniň saýlawlary olaryň hakydasynda şanly sene bolup galar ýaly biz olara dabaraly ýagdaýda sowgatlary gowşyrarys. Garrylar hem ünsden düşürilmez.

Ertir, 11-nji fewralda döwlet baştutanynyň saýlawlaryndan öň wagyz işleriniň bes edilýän güni. Uçastok iş toparlarynyň agzalary üçin ol jogapkärçilikli gündir. 12-nji fewralda saýlaw uçastoklary ses bermek üçin açylar, ol ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriler. Biz ýurdumyzyň raýatlarynyň ählisini özümiziň we çagalarymyzyň mynasyp geljegini saýlaýandygymyz üçin saýlawlara işjeň gatnaşmaga çagyrýarys.

Bölümiň soňky habarlary