Daşary işler ministrliginde TDH-a habar bermeklerine görä, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýanyndaky saýlaw uçastoklarynyň 39-synda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary saýlawçylaryň ýokary işjeňlik bilen gatnaşmagynda guramaçylykly ýagdaýda geçdi.
Saýlaw uçastoklary dünýäniň her sebitindäki ýerli wagta laýyklykda ir säher bilen açyldy. Jemgyýetçilik-syýasy çäräniň guramaçylary tarapyndan saýlawlaryň geçýän döwri daşary ýurtlarda bolan ýurdumyzyň raýatlarynyň konstitusion hukuklaryny peýdalanmagy üçin ähli zerur şertler döredildi.
Synçylaryň baha bermegine görä, ses bermek çäresi ähli saýlaw uçastoklarynda açylan ilkinji minutlaryndan dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan, işleýän we okaýan ildeşlerimiziň ýokary raýat kämilligini, jogapkärligini we düşünjeliligini görkezdi.