Ï «Aziada-2017» taslamasy sporta bagyşlanyp Aşgabatda geçen maslahatyň esasy meselesi boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Aziada-2017» taslamasy sporta bagyşlanyp Aşgabatda geçen maslahatyň esasy meselesi boldy

view-icon 703
Şu gün Milli sport we syýahatçylyk institutynda geçen iş maslahatynda türkmen türgenleriniň hem-de meýletinçileriň taýýarlyk derejesine, “Aziada-2017” taslamasynyň daşary ýurtlarda maglumat taýdan öňe ilerledilişiniň meselelerine garaldy.

Oňa dürli ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary, talyplary, belli türgenler we tälimçiler, V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitetiň wekilleri, žurnalistler gatnaşdylar. Olar halkara jemgyýetçiliginde Aşgabat Oýunlaryny wagyz etmegiň aragatnaşyk we mahabat strategiýalaryna garadylar.

Maslahatyň barşynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýeri bolan Aşgabadyň Olimpiýa şäherjigi barada wideofilm, ýaryşlaryň nyşanlary hem-de Russiýanyň, Türkiýäniň, Nepalyň, Singapuryň we beýleki ýurtlaryň teleýaýlymlarynyň Aziada-2017-ä bagyşlap taýýarlan rolikleri görkezildi.

Bölümiň soňky habarlary