Ï Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasynyň sebitdäki daýanç nokady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasynyň sebitdäki daýanç nokady

view-icon 1005
13-nji iýunda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we iş sapary bilen paýtagtymyza gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antonio Guterreşiň arasynda gepleşikler geçiriler.

BMG bilen netijeli hyzmatdaşlyk hem-de häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde dünýä bileleşiginiň köp ugurly tagallalaryna goşant goşmak Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Parahatçylygy hem-de ählumumy howpsuzlygy pugtalandyrmak ähli ýurtlaryň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini we rowaçlygyny hem-de dünýä halklarynyň abadançylygyny üpjün etmegiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlyk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Açyk gapylar” syýasatynyň esasy ugurlary bolup durýar.

1992-nji ýylda BMG-niň agzasy bolan Türkmenistan bu iri düzümiň abraýyny berkitmek ugrunda çykyş edýär. Bu gurama deňlik we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerinde milletleriň tagallalaryny birleşdirmegiň bütindünýä işine ýolbaşçylyk edýär. Hut ýurdumyzyň açyklygy hem-de Milletler Bileleşigi bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň esasynda durýan belent ýörelgelere ygrarlylygy köp babatda Türkmenistana 1995-nji ýylda dünýä döwletleriniň 185-siniň goldamagy bilen Bitaraplyk derejesiniň berilmegini şertlendirdi.

Türkmenistanyň we BMG-niň özara gatnaşyklarynyň, hyzmatdaşlygynyň netijeli tejribesi barha täze mazmuna eýe bolýar. Biziň ýurdumyzyň bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde uzak möhletleýin strategik hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly binýada öwrülen esasy halkara konwensiýalaryna goşulmagy munuň aýdyň mysalydyr. Geçen ýyllaryň içinde biziň döwletimiz iş ýüzünde öz üstüne alan borçnamalaryna yzygiderli eýerýändigini, gyzyklanma bildirýän ähli taraplar bilen ynamly gatnaşyklary ýola goýmak babatda çykyş edýändigini görkezdi.

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Türkmenistanyň BMG-niň Bas Assambleýasynyň başlygynyň orunbasarlygyna saýlanylmagy, bu abraýly guramanyň möhüm düzümlerine girmegi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Aşgabatda Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy — bularyň hemmesi halkara giňişliginde ýurdumyzyň abraýynyň artýandygyna şaýatlyk edýär. Bitarap Türkmen döwletiniň hukuk derejesi köp babatda häzirki döwrüň çylşyrymly meselelerini parahatçylykly ýollar hem-de syýasy-diplomatik serişdeler bilen çözmäge ýardam edýär.

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bas Assambleýasynyň maslahatlarynda öňe sürýän döredijilikli başlangyçlary BMG-niň yglan eden 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş babatda Gün tertibiniň çäklerinde hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Milli Liderimiziň energiýa howpsuzlygyny we turbageçiriji düzümiň ygtybarlylygyny üpjün etmek, ulag-üstaşyr geçelgeleriniň halkara ulgamyny döretmek boýunça ählumumy hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky möhüm teklipleri munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu başlangyçlar BMG-ä agza döwletleriň gyzgyn goldawyna we makullamagyna eýe bolmak bilen çäklenmän, eýsem, BMG-niň Bas Assambleýasynyň ýörite Kararnamalary bilen berkidildi. Bu bolsa Milletler Bileleşiginiň derejesinde hemmetaraplaýyn gatnaşyklara möhüm itergi berdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antonio Guterreşiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygy şu saparyň maksatnamasynyň esasy bölegi bolup durýar. Ol Türkmenistanyň we BMG-niň çäklerinde strategik hyzmatdaşlygyň ýolunda nobatdaky ähmiýetli ädim bolar. Gepleşikleriň jemleri boýunça gazanyljak ylalaşyklar 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş babatda Gün tertibiniň maksatlaryny hem-de wezipelerini çözmekde bilelikdäki täze taslamalary we maksatnamalary amala aşyrmaga kuwwatly itergi berer.