Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Arkadagyň ajap eýýamy” atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Ol türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 60 ýaşyna bagyşlanan neşir ýurdumyzyň durmuşyndaky iň möhüm wakalar hem-de ähmiýetli seneler, milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda döwletimiziň geçen 10 ýyllyk ýoly barada publisistik gürrüňler görnüşindedir. Kitapda Watanymyzyň ykbalyna täsir eden iň wajyp döwlet çözgütleriniň sebäpleri we netijeleri seljerilýär, türkmen jemgyýetiniň ähli ugurlarynda ägirt uly özgertmeleriň amala aşyrylmagynda ählihalk tarapyndan saýlanan döwlet Baştutanymyzyň tutýan uly orny açylyp görkezilýär.
Bu kitap täze pikir-garaýyşly syýasatçy, parasatly strateg we başarjaň ýol görkeziji, gujurly özgerdiji hem-de ajaýyp guramaçy, halky ruhlandyryjy bolan Türkmenistanyň Prezidenti barada pikir-mazmuna hem-de häzirki döwrüň ruhuna baý dokumental gürrüňleri özünde jemleýär. Kitapda ählumumy syýasatdan we diplomatiýadan başlap, ýurdumyzdaky düýpli demokratik işlere çenli örän köpdürli meseleler öz beýanyny tapýar. Döwlet Baştutanymyzy işjeň, eýerýän ýoluny yzygiderli alyp barýan, aýgytly we öňdengörüji adam hökmünde beýan edýän häsiýetler gahrymanyň — türkmen halkymyzyň milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň keşbine uly mazmun berýär.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň öňüsyrasynda uniwersitetiň eýwanynda sergi ýaýbaňlandyryldy. Sergide çeper işler, amaly-haşam sungatynyň eserleri hem-de neşirýat önümleri görkezildi.
Soňra maslahatlar zalynda geçirilen duşuşykda hökümet agzalary, milli parlamentiň başlygy we deputatlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we professor-mugallymlary, syýasaty öwrenijiler, hormatly ýaşulular hem-de köp sanly ýaşlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Meşhur türkmen alymlarynyň hem-de mugallymlaryň, ýazyjylaryň we jemgyýetçilik işgärleriniň, syýasaty öwrenijileriň hem-de žurnalistleriň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň esasy häsiýetli aýratynlygy onuň egsilmez agzybirliginden, halkyň Garaşsyzlygyň we Bitaraplygyň many-mazmunyna doly akyl ýetirmeginden ugur alyp, ruhy däplere, medeni mirasa daýanýan milli Lideriniň töweregine jebisleşmeginden ybaratdyr.
Şunuň bilen baglylykda, täze kitabyň diňe bir uly jemgyýetçilik-syýasy ähmiýeti däl, eýsem, terbiýeçilik-watançylyk maksady nygtaldy. Çykyş edenler esasy pudaklary hem-de döwletiň işleriniň düzümlerini depginli ösdürmek we düýpli döwrebaplaşdyrmak, türkmen topragynyň tutuş keşbini özgertmek bilen bir hatarda, bu döwrüň iň möhüm üstünliklerini durmuş meseleleri bilen baglanyşyklydygyny aýtdylar. Şol üstünlikler halkymyzyň durmuş derejesiniň hil taýdan ösdürilmeginde, hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagynda, hukuk kepillikleriniň pugtalandyrylmagynda, adamlaryň ruhy we döredijilik işjeňliginde, döredijilik güýjüniň beýik maksatlary amala aşyrmaga gönükdirilmeginde jemlenýär.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň mazmuny hem-de gerimi boýunça batyrgaý, şol bir wagtda-da anyk ugurly maksada gönükdirilen oýlanyşykly we öňdengörüjilikli başlangyçlary iň öňdebaryjy halkara tejribelerden hem-de Türkmenistanyň ählumumy geosyýasy ýagdaýlara täsir edip bilýän mynasyp we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde dünýäniň syýasy hem-de ykdysady giňişligine goşulyşmagyndan ugur alýan ýurdumyzy ösdürmegiň maksatlaýyn täze taslamalaryň we ugurlaryň başyny başlady.
Ençeme ýurtlara birnäçe onýyllyklar, hatda ýüzlerçe ýyl zerur bolan ýoly çalt geçmek wezipesini Türkmenistan eýýäm çözüp, ýokary derejede çylşyrymly meseläniň hötdesinden gelmegi başardy. Milli Liderimiz haçan-da, ugurlar anyk beýan edilip, pikirler örän takyk kesgitlenende, maksatlar we meýilnamalar aýdyň hem-de düşnükli, hemmä ýakyn hem-de döwletiň we her bir şahsyýetiň bähbitlerine laýyk gelende, olary amala aşyrmak ugrundaky işleriň hem ählihalk häsiýetine eýe bolýandygyna ynanýar.
2007 — 2017-nji ýyllar aralygyndaky taryhy wakalary öz içine alýan täze kitapda bular barada gürrüň berilýär. Ol terjimehal böleginden başlanyp, onda döwlet Baştutanymyzyň çagalygy, ýaşlygy, zähmet ýoluna başlaýşy, hünär taýdan kämilleşişi, ylym ulgamyndaky alyp barýan işleri hem-de ýolbaşçy wezipelerdäki işleri barada beýan edilýär...
Indiki bölümler döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Prezident wezipesinde ýurdy dolandyrýan ýyllaryna bagyşlanypdyr. Olar parahatçylyk, durnuklylyk we ösüş ýaly milli Liderimiziň alyp barýan syýasatynyň baş ugurlaryny aýdyň ýüze çykarýar. Şol syýasatyň esasy ýörelgelerinde, şeýle hem ynsanperwerlik, durmuş adalatlylygy, ýokary ruhubelentlik, anyk netijelere tarap ugurlar jemlenendir. Bu gün Türkmenistanyň Baştutany “Biziň strategik wezipämiziň Garaşsyzlygyň gazananlarynyň diňe bir goralyp saklanmagyndan däl-de, eýsem, ýurduň we halkyň abadançylygynyň bähbitlerine alnyp barylýan döwlet syýasatynyň netijeliligini ep-esli artdyrmakdan ybarat bolup durýar” diýip belleýär.
Türkmen Lideriniň başlangyçlara beslenen, okgunly, ynsanperwer maksatlara beslenen syýasaty bütinleý döwlet Baştutanymyzyň belent arzuwlarynyň amala aşyrylmagyna hyzmat edýär. Şol arzuwlar bolsa halka täze, bagtyýar ykbaly bagyşlamakdan ybaratdyr. Gülläp ösýän ykdysadyýetiň, şahsyýetiň erkinliginiň, döredijilik ruhunyň, ylmy-tehniki ösüşiň durmuş we ekologiýa jogapkärçiligi, belent ahlaklylyk hem-de medeniýet bilen sazlaşykly utgaşýan kämilleşdirilen jemgyýet bu syýasatyň amala aşyrylýandygyny aýdyň alamatlandyrýar diýip, tanyşdyryş dabarasynda çykyş edenler nygtadylar.
Taryhy ölçegler boýunça gysga, ýöne, mazmuny boýunça örän depginli we özgertmelere beslenen on ýyllyk döwür mynasyp derejede Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri diýlip atlandyrylýar, gürrüňsiz suratda, ýurdumyzda, aýratyn-da, ýaşlaryň arasynda jemgyýetçilik-syýasy bilimleri wagyz etmek üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Şu günki çärä gatnaşan ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary bular barada aýtdylar.
Türkmenistanyň örän gysga döwürde gazanan üstünlikleri köp ýurtlarda örän uly gyzyklanma döredýär. Şunda ähli syýasatçylar, jemgyýetçilik işgärleri, abraýly halkara guramalaryň bilermenleri III müňýyllygyň başynda Türkmenistanyň örän uly aýdyň gazananlaryny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy taýdan esaslandyrylan, çuňňur oýlanyşykly hem-de döwrüň ýagdaýlaryna kybap gelýän syýasaty bilen baglanyşdyrýarlar. Ýurdumyzyň toplan tejribesi milli hem-de dünýä derejesinde örän uly gymmatlyga eýedir.
Okyja hödürlenen “Arkadagyň ajap eýýamy” atly kitapda ylmy-populýar görnüşde döwletiň we jemgyýetiň hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrylyş işleri görkezilýär. Ykdysadyýetiň depginli diwersifikasiýalaşdyrylmagy, durnukly ykdysady ösüşiň hem-de ähli derejelerde ýokary ýaşaýyş-durmuş ölçegleriniň üpjün edilmegi milli Liderimiz tarapyndan işlenip taýýarlanan täze durmuş-ykdysady strategiýasy bilen baglylykda açylyp görkezilýär. “Döwlet adam üçindir!” diýen anyk kesgitlenen şygar arkaly hakyky demokratik jemgyýete hem-de hukuk döwletine, iň ýokary gymmatlyklar hökmünde adamyň we raýatyň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmäge tarap öňe ilerlemekdäki üstünlikler beýan edilýär.
Kitapda şeýle hem milli Liderimiziň ykdysady strategiýasynyň durmuşa geçirilmeginiň netijeleri, durmuş syýasatynyň üstünlikleri, jemgyýetiň ruhy-medeni durmuşyndaky özgertmeler dolulygyna görkezilýär. Türkmenistanyň daşary syýasatyna we halkara gatnaşyklaryna uly orun berilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň dünýä derejesinde yglan edýän maksatlarynyň hem-de alyp barýan anyk işleriniň many-mazmunyna düşünmegiň açarynyň döwletiň içeri syýasatynyň baş wezipeleriniň ulgamynda durandygyny hemişe aýdýar. Ol bolsa ykdysady abadançylygy hem-de durmuş taýdan gülläp ösmegi gazanmakdan ybaratdyr.
Häzirki zaman dünýäsiniň ýagdaýlaryna anyk baha bermegiň, uzak möhletli milli maksatlaryň hem-de bähbitleriň esasynda kitapda Türkmenistanyň daşary syýasat ýörelgesiniň strategik wezipeleri, ileri tutulýan baş ugurlar hem-de milli Liderimiziň möhüm halkara başlangyçlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça çäreler beýan edilendir.
Şu günki tanyşdyryş dabarasyna gatnaşyjylar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň amala aşyrylýan daşary syýasatynyň täzeçillik, döwrüň wajyp wezipelerini çözmäge ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeler, depginlilik we jogapkärçilik bilen tapawutlanýandygyny bellediler.
Bu syýasat meşhur bolup, dünýä jemgyýetçiliginde giň ykrarnama eýe boldy, milli Liderimiziň netijeli başlangyçlary babatda bolsa Garaşsyz, Bitarap we parahatçylyk söýüji döwlet hökmünde ýurdumyzyň abraýy has-da belende göterildi.
“Arkadagyň ajap eýýamy” atly kitap fotosuratlar, şol sanda resmi habarlaryň şekilleri bilen giňden bezelipdir. Täze neşir giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir, ol syýasatçylar, ykdysadyýeti seljerijiler, jemgyýetçilik ylymlarynyň mugallymlary, talyplar üçin hem ygtybarly gollanma bolup biler.
Dabara gatnaşyjylar mähriban halkymyzyň hem-de Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan ýadawsyz işleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.
***
“Irfan kaýnagy” — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen neşir edilen “Paýhas çeşmesi” atly kitabyň türk diline terjime edilen görnüşi şeýle at bilen çapdan çykdy. Milli Liderimiziň türkmen halkynyň baý medeni mirasyna bagyşlanan düýpli işiniň täze neşiri Türkiýe Respublikasynyň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Stambul uniwersiteti tarapyndan taýýarlanylyp, çap edildi hem-de şanly senä — türkmen döwletiniň Baştutanynyň 60 ýaş doglan gününe bagyşlanyldy.
Mälim bolşy ýaly, “Paýhas çeşmesi” hormatly Prezidentimiziň toplan hem-de ulgamlara salan halk nakyllarynyň atalar sözleriniň ajaýyp ýygyndysydyr. Bu ensiklopedik işde türkmenleriň täsin ruhy dünýäsi, olaryň dünýägaraýşy, ahlak däpleri we ynançlary açylyp görkezilýär.
Kitap “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýen nyşan astynda geçen 2016-njy ýylda watandaşlarymyza ajaýyp sowgat bolup, okyjylarda uly gyzyklanma döretdi.
Halk döredijiligini, asyrlaryň çuňluklaryndan biziň günlerimize gelip ýeten milli gymmatlyklary hem-de ata-babalarymyzyň däp-dessurlaryny giňden wagyz etmek we ylmy taýdan öwrenmek işinde onuň uly ähmiýeti bardyr.
Mundan beýläk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ajaýyp edebi işi bilen türk okyjylary hem tanşyp biler. Kitap uly terbiýeçilik we akyl ýetiriş ähmiýetine eýe bolup, ýaşlar üçin aýratyn gymmatlydyr. Ol biziň umumy geljegimiz degişli bolan ynsanlaryň ünsüni çeker, päk niýetli gözbaşlarymyza, bahasyz mirasymyzyň goralyp saklanmagyna we artdyrylmagyna ýardam berer, çünki şu maksatlar umumadamzat ösüşiniň genji-hazynasyna örän uly goşant goşan halklarymyzy ýakynlaşdyrýar.
Ajaýyp bezelen täze neşiriň doganlyk türk halkynyň dilinde çapdan çykmagy dostlugyň we özara düşünişmegiň, asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän ruhy-medeni aragatnaşyklarymyzy berkitmäge hem-de ösdürmäge özara ymtylmanyň oňat nyşanydyr.