Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýa oýunlaryna 50 günüň galmagy mynasybetli guralan köpçülikleýin çärelere gatnaşdy. Bu taryhy senäniň şanyna geçirilen köpçülikleýin welosiped ýörişi bilen başlandy.
Şu gün ir säher bilen hormatly Prezidentimiz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça şu ýylyň sentýabrynda paýtagtymyzda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 50 günüň galmagy mynasybetli guralýan köpçülikleýin çäreleriň başlanýan ýeri bolan Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birine geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň. pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de köpsanly dabara gatnaşyjylar garşyladylar.
Milli Lideimiz daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen gürrüňdeş bolup, olara ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan taryhy wakalara, şanly senelere, hususan-da, Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 50 günüň galmagy mynasybetli guralýan dabaralara işjeň gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.
Daşary ýurtly diplomatlar we halkara guramalarynyň wekilleri öz gezeginde halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi, ýurduň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan taryhy wakalara, guralýan dabaralara gatnaşmak ugrunda döredilýän şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar. Şeýle hem olar ygtybarly hyzmatdaş hem-de öz borjuny birkemsiz ýerine ýetirýän ýurt hökmünde halkara derejesine ykrar edilen Türkmenistan bilen işjeň gatnaşyklary ýola goýmaga dünýä ýurtlarynyň işewür toparlarynyň uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar.
Bu ýerde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryp, dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýýar. Hormatly Prezidentimiz aýdym-sazly çykyşlara tomaşa edip, türkmen sportuny wasp edýän aýdymy ýerine ýetiren aýdymçylar bilen gürrüňdeşligini dowam etdi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzda halkymyzyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagynda möhüm orun eýeleýän sungat işgärleriniň döredijilikli işi üçin ähli zerur şertler üpjün edilýär. Hususan-da, täze aýdym, saz eserlerini döretmek üçin bagşylara zerur bolan hyzmatlar hödürlenýär.
Döwlet Baştutanymyz aýdymyň manysyna görä onuň sazynyň we aýdymçynyň hereketiniň utgaşdyrylmagynyň sungat eseriniň ähmiýetini artdyrýandygyny belledi. Aýratyn-da, sport bilen baglanyşykly döredijilikde joşgun, özboluşly hereket öz beýanyny tapmalydyr.
Ýaş aýdymçylar ýurdumyzda döredijilik dünýäsiniň ösdürilmegi, bu ugurda alnyp barylýan işleriň kämilleşdirilmegi babatda döwlet derejesinde alada edilýändigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz öňlerinde durýan wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmek ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Aýdym-sazly dabaralar özboluşly joşgun, milli baýramçylyga mahsus şatlyk bilen utgaşdy. Döwlet Baştutanymyz Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 50 günüň galmagy mynasybetli guralýan köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berilýän ýerine geldi. Häzirki döwürde paýtagtymyzyň sazlaşykly ösýän künjegine öwrülen Çandybil şaýolunyň ugry baýramçylyk lybasynda bezelipdir.
Arkadag Prezidentimiz şanly waka mynasybetli guralýan köpçülikleýin welosipedli ýörişiň başyny çekdi. Paýtagtymyzyň gözel künjeklerinde giň möçberli çärä badalga berilmegi guralýan baýramçylyklaryň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň asylly ýörelgeleri bilen utgaşýandygyny äşgär etdi. Dag etekleriniň tämiz howasy, säheriň mylaýym şemaly dabara gatnaşyjylaryň ruhuny göterip, olarda özboluşly joşgun, mähriban Watanymyza we hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylýan beýik işlere söýgi döretdi.
Dabaraly welosipedli ýörişiň geçirilýän ýolunyň ugrunda aýdym-sazly çykyşlara giň orun berildi. Olaryň arasynda “Miras”, “Näzli”, “Laçyn”, “Meňli”, “Aşgabat”, “Galkynyş”, “Serpaý” toparlary we talyplar orun aldylar. Ussat ýerine ýetirijiler, estrada aýdymçylary, folklor we tans toparlary belent ruha beslenen dabaralar bilen häzirki döwürde milli halkymyzyň bagtyýarlygyny, ýurdumyzyň abadançylygyny we ýeten derejesini wasp etdiler.
Welosipedli ýörişiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Aziýa oýunlary we oňa taýýarlyk mynasybetli guralýan köpçülikleýin çäreleriň ýokary derejede geçirilmegi, oňa ilat köpçüliginiň, aýratyn-da, ýaşlaryň işjeň çekilmegi ugrunda yzygiderli tagalla etmek babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi. Aşgabat-2017-niň ýaryşlaryna taýýarlygyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreleriň döwrüň talabyna laýyk derejede geçirilmegi, onuň ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi ugrunda alnyp barylýan işler bilen utgaşmagy esasy şert bolup durýar.
Türkmenistana gelýän ähli myhmanlaryň degişli derejede garşylanmagy, olaryň milli myhmansöýerlik däpleri esasynda gurşalmagynyň döwrüň möhüm talabydygyny belläp, milli Liderimiz bu ugurda alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, sportuň ekologiýa taýdan arassa görnüş hasaplanylýan welosiped sporty soňky ýyllarda sazlaşykly ösüşi ýoluna düşdi. Soňky ýyllarda bu görnüş bilen meşgullanýan ýaşlaryň sany yzygiderli artýar. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda sportuň, aýratyn-da, welosiped sportunyň ösdürilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.
Köpçülikleýin welosiped ýörişine gatnaşyjylar paýtagtymyzyň günorta künjeginde ýerleşýän Bitaraplyk binasynyň golaýyndaky halkalaýyn ýol bilen Bitarap Türkmenistan şaýoluna düşdüler. Ýoluň ugrunda ýaýbaňlandyrylýan aýdym-sazly çykyşlar guralýan çäräniň şowhunyny artdyryp, ony has-da dabaralandyrdy.
Arkadag Prezidentimiz köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, ýokary netijeleri höweslendirmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilmelidigini belläp, ähli pudaklarda bedenterbiýe hereketiniň ösdürilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Ýaşlaryň bedenterbiýe-sport hereketi bilen işjeň meşgullanmagy ugrunda döredilýän şertler özüniň oňyn netijesini bermelidir.
Döwlet Baştutanymyz ýolugra Türkmenistanyň dünýäniň ähli ýurtlary bilen birek-birege ynanyşmak we hormat goýmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklar üçin açykdygyny b