4-nji awgustda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde 8-9-njy awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna resmi saparyna taýýarlyk görülýändigi barada habar berildi.
Ýokary derejeli gepleşikleriň netijesinde ileri tutulýan ugurlarda özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýlägem işjeňleşirmäge we giňeltmäge gönükdirilen ikitraplaýyn resminamalaryň giň toplumyna gol çekmek göz öňünde tutulýar.
Şunuň bilen baglylykda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Azerbaýjany iki halkyň taryhy-medeni umumylygyna daýanýan dostlukly hoşmeýilli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň birleşdirýänligini belledi. Häzirki wagtda döwletara hyzmatdaşlygy täze many-mazmuna eýe boýar, onuň mümkinçilikleri we geljegi ulydyr. Ýurtlar abraýly sebit we halkara guramalarynyň çäklerinde oňyn gatnaşyklary ösdürip, häzirki döwrüň wajyp meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakynlygyny görkezýärler.