Ï Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň liderleri hyzmatdaşlyk strategiýasyny ara alyp maslahatlaşýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň liderleri hyzmatdaşlyk strategiýasyny ara alyp maslahatlaşýarlar

view-icon 531
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň “Zagulba” kabulhanasynda Prezident Ilham Aliýewiň hem-de iki günüň resmi sapar bilen Bakuda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gepleşikleri başlandy.

Ýokary derejeli türkmen-azerbaýjan gepleşikleri iki lideriň ikiçäk duşuşygy bilen başlandy. Gepleşikleriň gün tertibine halkara guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, ikitaraplaýyn söwdanyň meöberlerini artdyrmak, bilelikdäki energetika we ulag--üstaşyr taslamalaryny durmuşa geçirmek, şeýle hem Hazar deňziniň meseleleri boýunça pikir alyşmak we medeni-ynsanperwerlik ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri girizildi.

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň baştutanlary şeýle hem özara gyzyklanma bildirýän sebit hem-de halkara meselelerine aýratyn üns bererler.

Gepleşikleriň jemleri boýunça türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeltmäge ýardam berýän ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekmek göz öňünde tutulýar.