Ï 7-nji sentýabrda „Aşgabat 2017“ Oýunlarynyň alawy ýakylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

7-nji sentýabrda „Aşgabat 2017“ Oýunlarynyň alawy ýakylar

view-icon 879
Türkmenistanyň Hökümetiniň 25-nji awgustda geçirilen mejlisinde V Aziadanyň başlanmagyna 10 gün galanda - 7-nji sentýabrda dabaraly çärelriň birnäçesiniň geçiriljekdigi habar berildi.

Şol gün „Galkynyş“ käninde Oýunlaryň alawy ýakylar, ol Aziadanyň açylyş dabarasyna, Aşgabada getiriler.

7-nji sentýabrda V Aziýa oýunlaryna gatnaşjak türgenler bilen duşuşyk geçiriler, onda olara geljekki jogapkärli ýaryşlarda ýagşy dilegler we üstünlikler arzuw ediler.

Şol günüň özünde Ginnesiň Rekordlar kitabynyň wekilleri paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň Olimpiýa stadionyndaky we Sportuň suwda ýüzülýän görnüşleri merkezindäki ahal-teke bedewiniň çeper keşbiniň şu Kitaba girizilendigi barada sertifikatlary gowşurarlar.

Şeýle hem mejlisde „Aşgabat 2017“ Oýunlarynyň açylyşnyň esasy taýýarlyk çäresini 15-nji sentýabrda geçirmek bellenilendigi habar berildi.

Bölümiň soňky habarlary