Ï Aziadada Okeaniýadaky ýygyndy toparlaryň iň güýçlileriniň biri furzal boýunça çykyş eder
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aziadada Okeaniýadaky ýygyndy toparlaryň iň güýçlileriniň biri furzal boýunça çykyş eder

view-icon 586
Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda çykyş etjek Solomon Adalarynyň futzal boýunça erkekler milli ýygyndysyna tälimçi Jeri Sem ýolbaşçylyk edýär.

Solomon Adalarynyň ýygyndysy Okeaniýada iň güýçli ýygyndylaryň biri hasaplanýar. Munuň şeýledigine 2008-2011-nji ýyllarda we geçen ýyl kiçi-futbol boýunça sebitleýin birinjilik ugrundaky ýaryşlarda gazanan ynamly ýeňişleriniň bäşisi şaýatlyk edýär.

Müňe golaý adalardan ybarat bolan bu ýurt awgustda geçirilen bije atyşmagyň jemleri boýunça “A” toparda Türkmenistan, Wýetnam, Hytaýyň Taýbeýi we Gonkong (Hytaý) bilen bir hatarda çykyş eder.

Adalylar ilkinji duşuşygyny 16-njy sentýabrda Gonkongyň topary bilen geçirer. 18-nji sentýabrda Taýbeý, 19-njy sentýabrda Türkmenistan we 20-nji sentýabrda Wýetnam bilen duşuşar.

Solomon adalary futzaldan başga-da, ýeňil we agyr atletikada çykyş eder. Şu görnüşlerde ýerli we Okeaniýa ýaryşlarynyň çempiony uzak aralyklara ylgaýjy Şarona Firisua hem-de Ýuwaş umman oýunlarynyň altyn medalynyň eýesi agyr atletikoçy Jenli Wini medallara dalaş edýär.

Bölümiň soňky habarlary