Ï Gyrgyzystandan kikboksing boýunça Ýewraziýa çempiony Aşgabat Aziadasynda çykyş eder
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gyrgyzystandan kikboksing boýunça Ýewraziýa çempiony Aşgabat Aziadasynda çykyş eder

view-icon 510
Gyrgyzystandan bolan 35 ýaşly meşhur kikboksçy Alen Ofoýo dört ýyl arakesmeden soň, “Aşgabat 2107” oýunlarynyň ýaryşlarynda çykyş eder.

2013-nji ýylda türkiýeli garşydaşy bilen tutluşygynda ýeňiş gazanyp, Ýewropanyň, Aziýanyň we Ýewraziýanyň kikboksing boýunça çempiony ýokary ussatlyk derejesindäki sporty goýmak hem-de tälimçilik bilen meşgullanmak kararyna gelipdi.

Şu geçen ýyllarda türgen öz sport durkuny ýitirmedi. Alen öz ildeşlerini halkara ýaryşlaryna tälimçi we sparring-ýoldaş hökmünde taýýarlady.

Aşgabatda görnükli kikboksçy (79 kilogram agram dereje) Söweş sungatlary toplumynyň meýdançasynda 24-nji sentýabrda solo kompozisiýasynda ýaryşar.

Gyrgyzystanyň milli ýygyndysynyň 153 türgeni sportuň 17 görnüşinde: milli türkmen göreşi, ýeňil atletika, suwda ýüzmek, sport göreşi, basketbol, guşakly göreş, bilýard, küşt, sport tansy, konkur, futzal, jiu-jitsu, kikboksing, kuraş, taý boksy, sambo, taekwondo görnüşlerinde güýçlerini görkezerler.

Bölümiň soňky habarlary