Awstraliýadan 18 türgen “Aşgabat 2017” oýunlarynyň ýokary orunlaryna dalaş etmek we has köp tejribe toplamak maksady bilen agyr atletika, göreş hem-de thekwondo boýunça ýaryşlara gatnaşar.
Okeaniýa ýurtlarynyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmagy baradaky çözgüt dünýäniň uly sport döwletleriniň biri bolan Awstraliýa üçin ýaryşyň gapylaryny açdy.
Awstraliýanyň thekwondo federasiýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Joli Çişolmyň belleýşi ýaly, Aşgabatda toparyň esasy maksady köp dürli sport oýunlaryna gatnaşyp, tejribe toplamakdan, geljekki ýaryşlar üçin gerek bolan häsiýetlere eýe bolmakdan, bilimlerini we başarnyklaryny üstünlikli peýdalanmakdan ybaratdyr.
Agyr atletikoçy Rij Barredo 21 ýaşynda bolup, ýaşdygyna garamazdan, ýygyndynyň iň tejribeli agzalarynyň biridir. Onuň gazanan üstünlikleriniň hatarynda 2015-nji ýylda Hindistanyň Puna şäherindäki Arkalaşygyň Kybogy ugrundaky ýaryşda bürünç medal bar, 2016-njy ýylda bolsa ol Olimpiýa oýunlarynyň saýlama ýaryşlaryna hem-de Okeaniýanyň çempionatyna gatnaşdy. Barredonyň belleýşi ýaly, ol oýunlara gatnaşmak mümkinçiligine örän şatdyr hem-de munuň örän ähmiýetli tejribe boljakdygyna ynam bildirýär.
Awstraliýanyň sport göreşi federasiýasynyň prezidenti Jon Sol “Aşgabat 2017” oýunlarynda milli toparyň göreşleriniň dartgynly boljakdygyna, göreşiň sportuň meşhur görnüşleriniň biri bolup durýandygyny nazara alyp, tomaşaçylar üçin şowhunly boljakdygyna ynam bildirdi.
Awstraliýanyň topary Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşjak Okeaniýa ýurtlarynyň 19 wekiliýetiniň hataryna girer.