Ï Ýurduň günbatarynda nebit meýdanlarynyň ekologiýa abadançylygyny gowulandyrmak boýunça taslama işlenip taýýarlanylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurduň günbatarynda nebit meýdanlarynyň ekologiýa abadançylygyny gowulandyrmak boýunça taslama işlenip taýýarlanylýar

view-icon 903
Türkmenistanyň Hökümetiniň 22-nji sentýabrda geçirilen mejlisinde Balkan welaýatynyň çäklerinde nebit meýdanlarynyň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen taslamany işläp taýýarlamak boýunça habar berildi.

Bellenilişi ýaly, hereket edýän milli kanunçylyga laýyklykda bu taslamanyň amala aşyrylmagy birnäçe ugurlar boýunça bähbitlidir. Hususan-da, gazanylan girdejiden salgytlaryň tölenilmegi, täze iş orunlarynyň döredilmegi, döwrebap tehnologiýalaryň ulanylmagy göz öňünde tutulýar, bu bolsa daşky gurşawy goramak işine oňyn täsir eder. Şonuň bilen birlikde, geljekde milli hünärmenleriň taýýarlanylmagy hem-de toplanan tejribe şeýle işleri ýerli kärhanalaryň güýçleri bilen amala aşyrmaga mümkinçilik berer.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan häzirki zamanyň ekologiýa taýdan arassa hem-de serişde tygşytlaýjy tehnologiýalaryny peýdalanmaga yzygiderli geçýär diýip, belledi. Ykdysady we durmuş ulgamlarynda amala aşyrylýan uly möçberli özgertmeler maksatnamalary ekologiýa düzüm bölegi bilen örän baglanşykly bolmalydyr diýlip hygtaldy.