Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly adamlar!
Biz şu gün ykdysadyýetimiziň pudaklarynda geçen 9 aýda alnyp barlan işleriň jemlerini jemleýäris.
Biziň daşary syýasatymyz, ozalkysy ýaly, bitaraplyk, parahatçylygy söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine berk eýermek esasynda amala aşyryldy. Daşary syýasat işimize, türkmen bitaraplygyna häzirki döwürde sebit hem-de halkara durnuklylygynyň möhüm we aýrylmaz bölegi hökmünde garalýar. Merkezi Aziýada we onuň çäklerinden daşarda netijeli döwletara gatnaşyklary ýola goýmagyň, bu ýerde ynanyşmak we hoşniýetli goňşuçylyk ýagdaýyny döretmegiň netijeli usuly hökmünde seredilýär.
Biziň içeri syýasatymyz ýurdumyzy ösdürmegiň tassyklanan maksatnamalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Bu maksatnamalar häzirki zaman senagat üpjünçilik ulgamlaryny emele getirmegi, gaýtadan işleýän iri kärhanalary döretmegi göz öňünde tutýar. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmek, daşary ýurtlara iberilýän harytlarymyzyň möçberlerini artdyrmak, elektron senagatyny döretmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmegi belleýär.
Prezident maksatnamasyna laýyklykda, ozalkysy ýaly, häzirki döwürde durmuş meselelerini çözmäge uly möçberde maýa goýumlary goýulýar. Şeýle hem bu serişdeler täze kärhanalaryň gurluşygyna we häzir hereket edýän kärhanalaryň durkuny täzelemäge gönükdirilýär. Tutuş ýurdumyz boýunça şol serişdeleriň möçberi 40 milliard manada golaýlaýar.
Ýurdumyzda tebigy gazy ulanmak bilen, işledilýän energiýa serişdelerini öndüriji kuwwatlyklary artdyrmak hem işjeň alnyp barylýar. Biz iri halkara hem-de içerki taslamalary üstünlikli amala aşyrmagy dowam edýäris. Nebitgaz känlerini özleşdirmek we abadanlaşdyrmak, täze gaz geçirijileri, sport desgalaryny, howa menzillerini, ýollary we köprüleri gurmak işlerini giň gerim bilen alyp barýarys. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini, şeýle hem beýleki gaz geçirijileri gurmak boýunça işler güýçli depginde dowam edýär. Şeýlelikde, biz kuwwatly senagat we ulag üpjünçilik ulgamlaryny döretmek arkaly ýurdumyzyň uzak möhletlere niýetlenen syýasy we ykdysady bähbitlerini hem üpjün edýäris.
Şu döwrüň dowamynda biz umumy bahasy 4 milliard amerikan dollaryna golaý bolan jemi 216 sany iri desgany işe girizdik. Şeýle hem 1,5 million inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlaryny, şol sanda ýokary amatlyklary bolan öýleri, myhmanhanalary we dynç alyş toplumlaryny ulanmaga berdik. Aşgabatda uniwersitetleriň binalar toplumlaryny, ençeme lukmançylyk merkezlerini, umumybilim berýän mekdepleri, çagalar baglaryny we beýleki köp sanly desgalary gurduk.
Oba hojalygynda geçirilýän özgertmeler hem indi öz netijesini berip başlaýar. Şu ýyl ýurdumyzda gallanyň gowy hasyly ýygnalyp alyndy. Oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň şu günki hasabatyndan görnüşi ýaly, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramyna çenli pagta taýýarlamak boýunça tabşyryk hem ýerine ýetiriler.
Ykdysadyýetimizi ösdürmäge telekeçilerimiz saldamly goşant goşýarlar. Olar dürli pudaklarda yhlas bilen işläp, ussatlykda daşary ýurt kompaniýalaryndan birjik-de pes bolman, has çylşyrymly hem-de iri taslamalary amala aşyrýarlar. Ýurdumyzyň bilim, saglygy goraýyş we ylym ulgamlarynda hem özgertmeler dowam edýär.
Amala aşyrylýan şu tutanýerli işleriň netijesinde, ykdysadyýetimizi dürli görnüşli daşarky töwekgelçiliklere has durnukly edýän düýpli üýtgetmeler bolup geçdi. Bu işler dünýä ykdysadyýetindäki ýaramaz ýagdaýlaryň milli ykdysadyýete edýän täsirini azaldýar.
Bu bolsa bize jemi içerki önümiň ösüşini ýokary depginde, ýagny 6,4 göterim möçberde saklamaga mümkinçilik berdi. Senagat önümlerini öndürmegiň möçberlerini artdyrmaga, manadyň durnukly bolmagyny saklamaga ýardam etdi. Içerki bazarda harytlar we hyzmatlar üçin nyrhlary pes derejede saklamaga, şeýle hem durmuş ulgamyna gönükdirilýän düýpli maýa goýumlarynyň möçberlerini köpeltmäge şert döretdi.
Elbetde, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aşgabat şäherinde ýokary derejede geçirilen V Aziýa oýunlary şu ýylyň halkara we sport ähmiýetli örän möhüm wakasy boldy. Umuman, siziň bilşiňiz ýaly, sportuň 21 görnüşi boýunça geçirilen bu ýaryşlara dünýäniň 65 sport wekiliýeti gatnaşdy.
V Aziýa oýunlarynda biziň türgenlerimiz Garaşsyz ýurdumyza mynasyp wekilçilik etdiler. Olar umumytopar hasabynda ýeňiş gazanyp, has köp altyn we kümüş medallaryna eýe boldular. Bu bolsa biziň durmuş meselelerini hemmetaraplaýyn ösdürmekde we çözmekde uly üstünlikleri gazanýandygymyza aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýle giň gerimli halkara çäreleri geçirmegi başarýandygymyzy görkezýär. V Aziýa oýunlarynda gazanan ýeňişlerimiziň mähriban halkymyzyň watançylyk duýgusyny has-da artdyrmaga, eziz Diýarymyza bolan buýsanjyny ýokarlandyrmaga ýardam berendigini aýtmaga biziň doly hukugymyz bardyr. Dünýä derejesinde geçirilen bu oýunlar Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Ýer ýüzündäki we dünýä Olimpiýa hereketindäki at-abraýyny has-da pugtalandyrdy.

Ertir biz Hatyra gününi belläp geçeris. Halkymyzyň Garaşsyzlygy, azatlygy we bagtyýar durmuşy üçin öz janlaryny beren ata-babalarymyzy hatyralarys. Şenbe güni bolsa Änewde ýowar geçirip, bag nahallaryny oturdalyň. Bu ýerde geçiriljek Ýaşulularyň maslahatyna arkaýyn taýýarlyk işlerini geçirer ýaly, «Türkmeniň ak öýi» binasyny hem dabaraly ýagdaýda açalyň.
Nesip bolsa, 9-njy oktýabrda biz Ýaşulularyň nobatdaky maslahatyny geçireris. Maslahatda ýakyn geljek döwürde berkarar döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmegiň örän möhüm meselelerine serederis. Şeýle hem içeri we daşary syýasatymyza degişli ençeme meseleleri ara alyp maslahatlaşarys. Şoňa görä-de, ähli ýolbaşçylar bu maslahata gowy taýýarlyk görmeli.
Häzir men ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny berkitmäge, jemgyýetimiziň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini, bitewüligini we ahlak sütünlerini pugtalandyrmaga goşan uly şahsy goşantlary, şeýle hem milli däp-dessurlarymyzy ösdürmekde, ýaş nesillerimize edep-terbiýe bermekde uly işleri bitirendikleri üçin, ýurdumyzyň raýatlaryny «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglamak hem-de olara «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakyndaky Permanlara gol çekjek. Biz watandaşlarymyza mynasyp bolan bu sylaglaryny Ýaşulularyň maslahatynda dabaraly ýagdaýda gowşurarys.
Şeýle hem men häzir «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak hakyndaky Karara gol çekjek. Biz «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijilerine mynasyp bolan baýraklaryny 7-nji oktýabrda, şenbe güni günüň ikinji ýarymynda dabaraly ýagdaýda gowşurarys.

Biz şu günki mejlisimizde siziň ähliňiziň hasabatlaryňyza seretdik, täze ýyla çenli galan döwür üçin öňde duran wezipeleri kesgitledik.
Onda şunuň bilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirip gutarýarys. Men size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we uly üstünlikleri, Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda berkarar Watanymyzyň ähli halkyna gülläp ösüş arzuw edýärin.