Ï Ýurdumyzda öndürilýän LED-lampalar biržada satuwa çykaryldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzda öndürilýän LED-lampalar biržada satuwa çykaryldy

view-icon 1143
Ýurdumyzyň elektron senagatynyň önümi ilkinji gezek birža satuwyna goýuldy. Durmuş we senagat jaýlary üçin LED- çyralaryň 1,35 milliony Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň tabşyrygy bilen daşary ýurtlara satylar.

Pudaklaýyn edaranyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýardam bermeginde döredilen „Aýdyň gijeler“ hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri elektron ýagtylyk enjamlarynyň öndürlrişini özleşdirdiler. Bu ýerde 3 wattdan 24 watta çenli, ýagny öňki lampalaryň 40-dan 240 wattyna deň gelýän çyralar öndürilýär.

Kärhanada öndürilýän Led-lampalar Hytaýdan getirilýän diodly lampalara görä taýýarlanylýar. Bu çyralaryň platasyndan beýleki bölekleri Türkmenbaşynyň nebti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän polipropilenden taýýarlanýar.

Kärhananyň sehinde ýagtylykdiod lampalaryny öndürmek üçin termoplastawtomatlaryň altysy oturdylyp, olaryň kömegi bilen çyralaryň gabarasy we kolbasy taýýarlanylýar, olar bu ýerde ýygnalyp, synagdan geçirilýär we gaplanylýar.

Aşgabatdaky kärhanynyň önümleri ozal ulanylyp gelinýän çyralaryň ornuny çalýar, çünki ýokary netjeli we ekologiýa taýdan arassa ýagtylyk çeşmeleriniň biridir. Ýerli çig mal ulanylp çykarylýan LED-lampalaryň özüne düşýän bahasy daşary ýurtlaryň önümlerinden has arzandyr.

Elektron senagaty kemala getirmek – Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyn döwre milli ykdysady toplumyň öňünde goýan esasy wezipeleriniň biridir.