Ï Daşoguz welaýatynyň energetikleri tabşyryklary artygy bilen ýerine ýetirýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguz welaýatynyň energetikleri tabşyryklary artygy bilen ýerine ýetirýärler

view-icon 895
Daşoguzyň döwlet elektrik bekedi ýylyň başyndan bäri bir milliard iki ýüz on bir million kilowatt sagatdan gowrak elektrik energiýasyny öndürdi. Sebitiň energetikleri bellenilen görkezijilerden has öňde barýarlar, bu bolsa ýyllyk tabşyrygyň artygy bilen ýerine ýetiriljekdigini çaklamaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda bekediň öndürýän elektrik energiýasy Daşoguz welaýatynyň talabyny doly kanagatlandyrýar, ondan artany ýurduň energiýa ulgamyna berilýär.

Şu ýylyň gyşynda döredileniniň on ýyllgyny belleýän Daşoguzyň döwlet elektrik bekedi tebigy gazda işleýän täze görnüşli beketdir. Ol ýylda 1,5 milliard kilowatt sagatdan gowrak elektrik energiýasyny öndürýär we hersiniň kuwwatlylygy sagatda 127,1 megawat energiýa öndürýän „Jeneral Elektrik“ amerikan kompaniýasynyň gazturbinaly enjamlarynyň ikisi bilen enjamlaşdyrylandyr. Ýangyjyň iň netijeli we ekologiýa taýdan howpsuz görnüşleriniň biriniň ulanylmagyna esaslanýan elektrik energiýasyny öndürmegiň şeýle tehnologiýasy tygşytlylygy we daşky gurşawa az täsir ýetirýänligi bilen häsiýetlendirilýär. Geljekde garyşyk tehnologik düzgüne geçmegiň hasabyna önümçilik kuwwatyklaryny artdyrmak göz öňünde tutulýar.

Bekediň gurulmagy Daşoguz welaýatynyň energiýa ulgamynyň düzümlerini mundan beýläk-de ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça dürli döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişini has-da çaltlandyrmaga mümkinçilik berdi. Diňe bir oba maksatnamasynyň çäklerinde 2015-nji ýyldan 2020-nji ýyla çenli döwürde bu ýerde 2166,3 kilometr elektrik liniýalary gurular. Bar bolan EGL-laryň durkunyň täzelenmegi, şäherlerde we obalarda täze kiçi transformator beketleriniň we bölüji ulgamlaryň, ýagtylyk ulgamlarynyň gurulmagy sebitiň energiýa ulgamyny hil taýdan täze derejä çykarmaga mümkinçilik berer.